Dynç alyş zolagynda zäherli ýylan 'köpelýär', "Awaza" gelenler 'aladaly'

Hazaryň kenaryndaky ýylan

Tomsuň jöwzaly yssysynda Hazar deňziniň kenarlarynda dynç almaga gelýän türkmenistanlylar ýene bir gezek ‘ýylan howpy’ bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, ‘zäherli ýylanlar gaty köpeldi’ diýip, Azatlygyň habarçysy öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Ýöne, ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, köpelendigi aýdylýan ýylanlar we bu ýagdaýyň mümkin bolan netijeleri barada resmi düşündiriş almak mümkinçiligi ýok.

Azatlyk geçen ýylyň iýulynda hem deňiz kenarlarynda dörän ‘ýylan howpy’ barada habar beripdi. Resmi taýdan tassyklanmadyk we inkär edilmedik maglumata görä, geçen dynç alyş möwsüminde, 2025-nji 8-nji iýulyna çenli ‘20-den gowrak adamy ýylan çakdy’.

Ýylan aladasy 'gitmedi' we 'güýçlenýär'

Habarçymyz bilen gürleşen hünärmen geçen ýyl ýylan çakan adamlaryň derrew hassahana ýerleşdirilendigini we ilkinji zerur kömekleri alandyklaryny, ölüm hadysasynyň hasaba alynmandygyny aýdypdy. Emma bu ýyl ýylan çakan adamlar barada maglumat ýok, ýöne ýylan aladasynyň saklanyp galýandygy, belki-de, güýçlenýändigi öňe sürülýär.

Degişli maglumat

Deňiz suwy sowuk, kenarda howply ýylanlar köpelýär - çeşmeler


Azatlygyň habarçysy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy, Çeleken şäherlerine dynç almaga gelen adamlaryň ençemesi bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş bolup, ‘ýylan’ ýagdaýyny öwrendi.

Deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy, Çeleken şäherleri şu günler köp myhmanly bolýar, ýurduň gür ilatly ýerlerinden, hususan-da iri şäherlerdäki köp gatly jaýlarda ýaşaýan adamlar bu ýerde suwa düşüp, biraz salkynlap bilseler, janlary hezil edýär diýip, bir çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, “Awaza” dynç alyş zolagynda ýerleşýän myhmanhana toplumynda dynç almak üçin Türkmenistanyň ähli künjünden myhman geldi. Elýeterli statistika maglumatlary bolmansoň, myhmanlaryň anyk sany, olaryň dynç alyş döwründe harçlaýan serişdeleri barada anyk maglumat berip bolmaýar.

“Hazar deňziniň kenarynda köp sanly, iňňän zäherli ýylanlary görmek bolýar. Ýylanlar ýa suwdan ýüzüp, gury ýere çykýarlar, ýa-da gury ýerden süýrenip, suwa barýarlar we ýüzüp, suw tolkunyna garylyp, ýüzüp gidýärler” diýip, ýerli hünärmen Azatlygyň habarçysyna aýtdy we bu ýagdaýy ‘adaty bolmadyk hadysa’ diýip atlandyrdy.

Onuň tassyklamagyna görä, ýerli ýaşaýjylar, ýaşuly adamlar ‘şu ýaşlaryna çenli ýylanlaryň bu derejede köp bolanyny’ görmändiklerini aýdýarlar.

Hünärmen ýylanlaryň köpelmegini ekologiýa bilen baglaýar

Azatlygyň habarçysy deňiz haýwanlaryny öwrenýän hünärmen bilen hem söhbetdeş boldy.

Anonimlik şertinde gürleşen hünärmeniň aýtmagyna görä, haýwanlaryň ol ýa-da beýleki görnüşiniň sanynyň azalmagy beýleki görnüşdäki haýwanlaryň sanynyň artmagyna getirýär.

“Deňizde ýylanlaryň köpelmeginiň öňüni alýan haýwanlaryň azalmagy, ýagny olaryň adamyň tebigata ýetirýän täsirleriniň artmagy, deňziň ekologiýa taýdan hapalanmagy sebäpli köpçülikleýin gyrylmagy ýylanlaryň sanynyň öňkülerinden has köpelmegine getirýär” diýip, hünärmen anyklaşdyrman aýtdy we bu ýagdaýyň töwerekleýin öwrenilmelidigini, edil häzir anyk netije çykarmakdan irdigini belledi.

Degişli maglumat

Hazaryň türkmen kenarynda düwlenleriň ýüzlerçe maslygy tapylýar


Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty, şol sanda milli syýahatçylyk zolagynyň ýolbaşçylary deňiz ýakasyna dynç almaga gelýän adamlar üçin zerur howpsuzlyk maglumatlaryny çap edip, emele gelen ýagdaý barada ilata açyk, jikme-jik düşündiriş bermeýär.

Şol bir wagtda, habarçymyzyň geçen ýyl beren habaryna görä, häkimiýetler myhmanlary ýylanlardan goramak üçin käbir çäreleri görüp, 5 sany “Tiz kömek” ulagyny, lukmanlary bilen, “Awazanyň” içindäki uly köçäniň ugrunda nobatçylyk çekmäge goýupdyrlar. Ýöne bu ýyl bu ýyl myhmanlary goramak üçin anyk nähili çäreleriň görlendigi belli däl.

Azatlygyň habarçysy ‘ýylan’ hadysasyny we onuň deňiz ýakasynda dynç almaga gelýänlere ýetirýän täsirlerini öwrenmegi dowam etdirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.