Edirne prokuraturasy deportasiýa merkezinden türkmen aktiwistlerine degişli wideoýazgylary soraýar

Alişer Sahatow (çepde) we Abdylla Orusow

Edirne şäher prokuraturasynyň wezipeli şahslaryň jenaýatlaryny derňeýän bölümi Edirne sebitiniň Migrasiýa müdirligine hat ýollap, deportasiýa merkezinden ýitirim bolan türkmen aktiwistleriniň işine degişli wideoýazgylary bermegini talap etdi.

Sosial ulgamlarda türkmen häkimiýetlerini tankytlaýan çykyşlary arkaly tanalan iki akwistiň, Alişer Sahatow bilen Abdylla Orusowyň Edirne şäherinde, deportasiýa merkezinden boşadylanyndan soň ýitirim bolandygy aýdylýar

“Bu işiň derňew boýunça subutnama esaslaryny üpjün etmek maksady bilen, Edirne şäheriniň wagtlaýyn saklaýyş merkeziniň (deportasiýa merkezi) gözegçilik kameralarynyň görkezilen senedäki ýazgylary bilen üpjün etmegiňizi, şeýle hem degişli materiallary taýýarlap, gysga möhletde prokuratura ibermegiňizi haýyş edýäris” diýip, prokuraturanyň hatynda aýdylýar.

Türkmen migrantlarynyň 2025-nji ýylyň 27-nji iýulynda boşadylandygyny aýdan işgärler olaryň anyk haýsy wagtda goýberilendigi, soň haýsy tarapa gidendigi baradaky wideoýazgylaryň görkezilmegini soran aklawçylara ilki ýolbaşçynyň ýokdugyny aýdan bolsalar, soň bu barada maglumat bermekden üzül-kesil boýun gaçyrdylar.

Bu iş bilen bagly maglumatlary ýakyndan yzarlaýan Türkmen Helsinki gaznasynyň ýazmagyna görä, degişli işgärler şondan bäri bu maglumatlary bermezlik üçin dürli usullara ýüz urýarlar.

Şeýle-de, deportasiýa merkeziniň işgärleriniň jogapkärçiligi Sinop şäheriniň prokuraturasyna geçirmäge synanyşandygy, migrantlaryň ýaşaýan ýeri hökmünde görkezilen şäheriň degişli edaralarynyň olaryň yzyna gaýdyp gelmändigini aýdandygy habar berilýär.

Degişli maglumat

HRW: Türkmen aktiwistleriniň adalatsyz tussaglykda galmagy dowam edýär

Türk parlamentiniň agzasy Ömer Faruk Gergerlioglu 11-nji martda özüniň X sosial ulgam sahypasynda çap eden wideo ýazgysynda türk häkimiýetlerinden "Alişer Sahatow we Abdylla Orusow alnyp gaçyldymy?" diýip sorady.

Şeýle-de, ol Azatlyk Radiosyna beren ýazmaça interwýusynda türk häkimiýetlerini aýdyň we kanagatlanarly düşündiriş bermäge çagyrdy.

Gergerlioglu öz çykyşynda Konstitusion suduň türkmen aktiwistleriniň boşadylmalydygy barada çykaran kararyna garamazdan, olaryň Edirnedäki döwlet edarasyndan boşadylandygy aýdylýan günde ýitirim bolandygyny aýtdy.

Türkiýäniň Samsun şäher sudy iýun aýynda olary Türkmenistana deportasiýa etmek hakynda karar çykardy, emma 13-nji iýunda çykarylan karar barada olaryň aklawçysyna 27-nji iýunda habar berildi. Türkiýäniň Konstitusion sudy 2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda bu iki adamyň deportasiýasyny ýatyrmak barada karar çykardy.

Alişer Sahatowyň aýaly Gullala aklawçylaryň, parlament deputatynyň we adam hukuklaryny goraýjylaryň tutanýerli we professional hereketleri netijesinde, olara şol gije näme bolandygyny anyklamak mümkin boljakdygyna umyt baglaýandygyny aýtdy diýip, Türkmen Helsinki gaznasy habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.