Dünýädäki musulmanlar Oraza baýramyny nähili belleýärler

1-nji maýda Indoneziýanyň Lhok Nga sebitinde ýurduň Din işler biýunça ministrliginiň işgäri täze Aýy görmek üçin teleskopdan seredýär. Yslamda aý kalendary (hijri) ulanylýar. Aýa seretmek bilen Remezanyň gutarandygyny we Oraza baýramynyň başlanmagyny kesgitleýärler.

Indoneziýalylar 1-nji maýda Jakartada, baýramyň başlanýandygyny dabaralandyryp, fakel ýakýarlar.

Nepalyň Katmandu şäherinde 1-nji maýda bolan «Aý gijesi» baýramçylygynda, aýal-gyzlar hyna basylan ellerini görkezýärler. Nepalda "Çand Raat" ady bilen tanalýan bu baýramda, dogan-garyndaşlar hem golaý gatnaşykdaky maşgalalar täze Aýy görmek üçin jemlenýärler.

Alban maşgalalary 2-nji maýda Tirana şäherinde, Eid al-Fitriň birinji güni baýram namazyna taýýarlanýar.

Albaniýada dine ynanýanlar 2-nji maýda, Tirananyň Skanderbeg meýdanynda, ir ertir baýram namazyny okaýarlar.

Zenan we gyzjagaz 2-nji maýda, Buharestdäki “Dinamo” stadionynda baýram namazyny okaýar.

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow (sagdan üçünji) Bişkek şäheriniň merkezinde, ybadat edýänleriň arasynda oturyp doga-dileg edýär.

Palestinalylar 2-nji maýda Iýerusalimiň Köne şäherindäki "Razylyk mukaddesligi" diýilýän binanyň daşynda, Remezan aýynyň gutarmagyny bellemek üçin, ullakan baýdak gerýärler. Ol ýer ýewreýleriň arasynda "Ybadathana dagy" diýlip tanalýar.

 

Polisiýa işgärleri 2-nji maýda Moskwadaky Merkezi musulman metjidiniň alnynda, üç günlük baýramçylygyň birinji gününde, baýram namazyny okaýanlara gözegçilik edýärler.

2-nji maýda Peşawarda ulular namaz okaýarka, bir pakistanly oglan aýakgaplary oýnaýar.

Musulman gyzlar 2-nji maýda arap-ýewreýleriň garyşyk ýaşaýan Ýaffa şäherinde ýerleşýän seýilgähde namaz wagtynda

Bosniýaly musulmanlar 2-nji maýda Saraýewodaky 16-njy asyrda gurlan "Gazy Husrew beg" metjidiniň alnynda namaz okaýarlar.

Kosowaly ýaş musulman 2-nji maýda Priştinadaky Uly metjitde doga edýär.

Müsürli musulman aýallar 2-nji maýda Kaýirde Eid al-Fitriň birinji gününde, namaz okalandan soň, birek-birege süýjülik sepýär.

2-nji maýda Buharestde namaz okalandan soň, ýaşaýjylar surata düşýärler.

2-nji maýda Eid al-Fitriň birinji gününde Peşawardaky çagalar oýnawaç ýaraglar bilen oýnaýarlar.

Iýerusalimdäki "Damask" derwezesiniň öňünde şar satýanlar, 2-nji maý.