ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy urşy başlany bäri yslam respublikasynda jezalandyryş çäresiniň haýallaýandygyny görkezýän alamatlar ýok mahaly, Tähran Ysraýylyň peýdasyna içalyçylyk etmekde aýyplanýan iki adamy asyp jezalandyrdy. Eýranda bu jeza çäreleri köplenç milli howpsuzlyga howp salýandygy baradaky düşnüksiz aýyplamalara esaslanýar.
Eýranyň kazyýet ulgamy tarapyndan dolandyrylýan “Mizan” habar agentligi Omid Behzad bilen Puria Safwatyň 3-nji awgustda irden asylyp jezalandyrylandygyny habar berdi.
Habar agentligi iki adamyň Eýranyň "12 günlük uruş" diýip atlandyrýan 2025-nji ýylyň iýun aýyndaky çaknyşygynda, şeýle-de 28-nji fewralda başlan we häzir hem dowam edýän uruşda "Mossad ofiserlerine we aňtaw gullugy bilen baglanyşykly aragatnaşyk kanallaryna harby we howpsuzlyk desgalary baradaky koordinatalary, suratlary we maglumatlary ibermek arkaly" Ysraýylyň Mossad aňtaw gullugynyň maksatlaryna ýetmekde "uly kömek berendigini" öňe sürdi.
Eýranyň kazyýet ulgamy Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň (YRGK) aňtaw guramasynyň daşary ýurtlarda ýerleşýän habar beriş serişdeleriniň, käbir habar kanallarynyň "özüni alyp barşyna we olaryň iberen wideolarynyň görnüşine gözegçilik etmek" arkaly iki adamyň kimdigini anyklandygyny öňe sürýär.
Yslam respublikasynyň kazyýet ulgamy Behzadyň mobil telefonynda geçirilen "tehniki barlaglaryň" netijesinde bu hereketleriň anyklanandygyny we onuň "derňewiň dowamynda" muny boýun alandygyny öňe sürýär.
Degişli maglumat
Tramp Eýranyň ylalaşyk gazanmak üçin "soňky mümkinçiliginiň" bardygyny aýtdyŞol bir wagtda, tussagyň nähili şertlerde günäni boýun almaga mejbur edilendigi belli däl. Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar Eýranyň häkimiýetlerini adamlary mejbury ýagdaýda boýun almaga zorlamakda köpden bäri aýyplap gelýärler.
"Mizan" habar agentligi Behzadyň dürli ýerleriň koordinatlaryny tapmak we bellemek üçin "Google Maps ýaly ýerleşýän ýeri anyklaýjy programmalary" ulanandygyny "açyk boýun alandygyny" hem öňe sürdi.
Şeýle-de, agentligiň maglumatynda Safwat hem, hiç hili subutnama getirilmezden, "Mossad bilen gönüden-göni hyzmatdaşlykda" aýyplanýar.
28-nji fewralda Birleşen Ştatlar we Ysraýyl bilen uruş başlany bäri Eýranda adam hukuklary toparlary tarapyndan syýasy tussag hasaplanýan adamlaryň - demonstrasiýaçylardan başlap, gadagan edilen toparlaryň agzalary diýilýänlere we içalyçylykda günäli tapylanlara çenli - jezalandyrylmagynyň köpelendigine syn edilýär.
Käbir adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar urşuň başyndan bäri howpsuzlyk we syýasy aýyplamalar bilen 50-den gowrak adamyň asylyp jezalandyrylandygyny aýdýarlar, beýlekileri bolsa bu sanyň has ýokarydygyny belleýärler.
Umuman aýdylanda, Eýranyň uruş başlandan bäri jezalandyrmak üçin ulanan aýyplamalaryna duşman döwletleriň bähbidine içalyçylyk etmek, Ysraýyl we Birleşen Ştatlar bilen hyzmatdaşlyk etmek, "Moharebeh" (Hudaýa garşy duşmançylyk) we sürgündäki "Mojahedin-e Halk" oppozisiýa guramasyna agza bolmak arkaly ýaragly gozgalaň etmek ýaly öňe sürmeler girýär.
BMG-niň bilermenleri 27-nji iýulda ýaýradan beýanatynda Yslam respublikasyny adamlary asyp jezalandyrmak arkaly "jemgyýetde gorky döretmekde, geljekki demonstrasiýalaryň öňüni almakda we närazylyklary dymdyrmakda" aýypladylar. "Emma repressiýalar diňe närazylygy has-da artdyrýar" diýlip, beýanatda bellenildi.
Soňky tassyklanan maglumatlara görä, şu ýyl Eýranda 448 adam jezalandyrylyp öldürildi, olaryň köpüsi ýanwar aýyndaky protestler bilen baglanyşykly ölüm jezasyna höküm edilipdi. Şol protestlerde howpsuzlyk güýçleri tarapyndan müňlerçe adam öldürilip, on müňlerçe adam tussag edildi.
Adam hukuklaryny goraýjy toparlar we halkara synçylar sud prosesiniň adalatlylygy, şol sanda mejbury boýun almalar we adalatly sud prosesine elýeterliligiň çäklendirilmegi baradaky öňe sürmeler barada alada bildirdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.