Türkmen DIM-i 4-nji martda goňşy Eýrandan Türkmenistana 200-den gowrak adamyň girendigini, olaryň 16 ýurda degişligidini habar berdi.
Eýrandan Türkmenistana geçen adamlaryň arasynda türkmen raýatlarynyň bolup-bolmandygy anyklaşdyrylmady.
4-nji marta çenli ýagdaýa görä, Merkezi Aziýa döwletleri, Hytaý, Russiýa, ABŞ, Finlandiýa, Şwesiýa, Niderlandlar, Germaniýa, Türkiýe, Saud Arabystan ýaly, 16 ýurtdan bolan 200-den gowrak adam goňşy Eýrandan Türkmenistana girdi diýip, habarda aýdylýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda nygtalmagyna görä, Ýakyn Gündogar sebitindäki häzirki ýagdaý bilen baglylykda, ynsanperwerlik we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, şeýle-de, halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarly bolup, Türkmenistan daşary ýurt raýatlarynyň, awtoulaglaryň we demirýol ulaglarynyň hereket edýän düzüminiň türkmen-eýran serhedinden geçmegi üçin zerur şertleriň ählisini doly üpjün edýär.
Şol bir wagtyň özünde, döwlet serhedindäki halkara gözegçilik nokatlarynyň ählisiniň adaty tertipde işleýändigi bellenýär.
"Biznes Türkmenistan" neşiriniň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň hökümetiniň utgaşdyrmagy esasynda, mundan öň Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Hytaý we Günorta Koreýa öz raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyny gurnady.
Türkmenistanyň metbugaty Eýranda we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda dörän soňky ýagdaýlar, uçar gatnawlarynyň çäkländirilmeginiň sebäpleri barada maglumat bermeýär.
Türkmenistan halkara hukuk toparlary tarapyndan adam hukuklaryny bozmakda, bu ugurda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny doly ýerine ýetirmezlikde uzak ýyllar bäri tankyt edilýär.
Degişli maglumat Türkmen DIM-i Ýakyn Gündogardaky wakalardan alada bildirdi, Eýrany agzamady