Bu Eýrany sarsdyran köpçülikleýin protestleriň başynda garşylygy görkezýän giňden ýaýbaňlanan suratdy.
Geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda gara geýimli bir adam Tähranyň esasy köçeleriniň biriniň ortasynda egilip oturdy we hatar bolup gelýän motosiklli howpsuzlyk güýçlerine garşy durupdy.
Bolan wakany görkezýän titräp duran wideo Pekiniň Tiananmen meýdançasynda meşhur protestçi - "tankly adamy" ýatlatdy, ol 1989-njy ýylda demokratiýany goldaýan protestlerde tanklara garşy ýeke garşy çykypdy. Protestler soň tanklar tarapyndan basylyp ýatyryldy.
Her bir ýagdaýda ýeke duran bu protestçä näme bolandygy belli däl.
Emma alty aý mundan ozal Tähranda wideony düşüren adam 1-nji iýunda täze wideony ýaýradyp, ertir türmä gidýändigini tassyklady.
"Men ertir türmä düşýärin, meniň 10 ýyllyk türme möhletim başlanmaly" diýip, Masud Piýahu wideosynda aýtdy.
“Aýtmak isleýän bir zadym, men şol gün Jomhuri (Respublika) köçesinde şol sahnany surata düşürendigimi hiç haçan inkär etmedim. Ýöne onuň ýaýramagyna hiç hili gatnaşygym ýokdy we men şol wideonyň paýlaşylmagyny hiç haçan maksat edinmedim. Has gowy günleriň bolmagyna umyt edýärin” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Iran Executes 2 More Over January Protests, Jails Man 10 Years For Filming
Piýahunyň aklawçylary onuň wideony hususy sosial media hasabynda ýerleşdirendigini we başga adamlaryň hem ony paýlaşandygyny aýtdylar.
Gysga wagtdan soň, ykdysady kynçylyklara garşy protest bildirýän eýranly dükançylaryň joşgunly protestleri ýurt boýunça ýaýrady we ýanwar aýynda howpsuzlyk güýçleriniň gandöküşikli basyşyna sebäp boldy. Adam hukuklary toparlarynyň maglumatlaryna görä, azyndan 7000 adam howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürildi.
Basyş güýçlenýär
Eýran ABŞ-nyň we Ysraýylyň 28-nji fewralda başlan howa hüjümlerinden bäri basyşlaryny güýçlendirdi.
1-nji iýunda ýanwardaky protestlere gatnaşandygy üçin ýene iki adam jezalandyryldy. Häkimiýetler iki adamyň, Mehrdad Mohammadinianyň we Aşkan Malekiniň metjidi otlap, köçeleri ýapandygyny aýdýarlar.
ABŞ-da ýaşaýan adam hukuklary boýunça eýranly aklawçy Moein Hazaeli Azatlyk Radiosynyň Farda radiosyna beren interwýusynda, olaryň geçen ýylyň oktýabr aýynda Ysraýyla garşy 12 günlük uruşdan soň güýje giren repressiw täze kanun boýunça jezalandyrylan bolmagyny çak edýär.
"Şol wagt biz muny berk tankytladyk... köp sanly hukuk alymlary we aklawçylar, hatda Eýranyň içinde hem boldy. Biz bu kanun kabul edilse, Yslam Respublikasynda öň görülmedik derejede jezalandyrma tolkunyna duçar boljakdygymyzy duýdurdyk. Gynansak-da, hut şeýle boldy" - diýip, Hazaeli aýtdy.
Degişli maglumat
Eýran ABŞ-Ysraýyl urşy başlanaly bäri 30-a golaý syýasy tussagy jezalandyrdy"Maksat, jemgyýeti gorkuda, gözegçilikde saklamak we Yslam Respublikasynyň özüne howp hasaplaýan döwründe mundan beýläk protestleriň öňüni almak" - diýip, ol sözüne goşdy.
Ysraýyl we Birleşen Ştatlar bilen çaknyşyk başlanaly bäri syýasy tussaglaryň 40-a golaýy jezalandyryldy.
Norwegiýada ýerleşýän "Iran Human Rights" topary 1-nji iýunda häzirki basyşy "öň görülmedik derejede" diýip, häsiýetlendirdi we mundan beýläk jezalandyrmalaryň öňüni almak üçin "berk we netijeli halkara çärelerini" talap etdi.
Norwegiýada ýerleşýän "Hengaw" guramasy 1-nji iýunda jezalandyrylan adamlaryň "iki kürt syýasy tussaglarydygyny" aýtdy.
"Hengaw" jezalandyrmalaryň gizlinlikde amala aşyrylandygyny we iki tussagyň ölümden öň maşgalalary bilen soňky duşuşygyndan mahrum edilendigini aýtdy.