Eýranlylar urşuň ykdysady zyýany artýan mahaly gündelik çörekleri üçin göreşýärler

2022-nji ýylyň iýun aýynda Eýranyň paýtagty Tährandaky çörek bişirýän dükanda bir ýaş ýigit sangak çöregini taýýarlaýar.

Ençeme ýyl bäri dowam edýän agyr ykdysady sanksiýalara garamazdan, eýranlylar henizem stoluň üstünde çörek goýup, iýmitlenip bilýärdiler. Emma häzirki wagtda ýagdaý başgaça.

Birleşen Ştatlar we Ysraýyl bilen uruş sebäpli has-da ýokarlanýan çykdajylar we üpjünçilik ýetmezçiligi Eýranyň infrastrukturasynyň we senagat toplumynyň köp bölegini dargadyp, inflýasiýany we işsizligi güýçlendirdi.

Çörek, taryhy taýdan hökümetiň arzan un subsidiýalary arkaly elýeterli bahadan saklanýan az sanly esasy azyk önümleriniň biridi. Eýranda döwlet çörek dükanlaryny arzan bahadan un bilen üpjün edýär.

Emma Tähran ýaly ýerlerde çöregiň bahasy bir ýyl ozalkysyndan iki esse ýokarlandy, bu bolsa köp adamyň esasy önümi nahar stollaryna goýmakda kynçylyk çekmegine sebäp boldy.

“Ýagdaýlar örän erbet” diýip, tähranly bir aýal Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda “we biz hakykatda köp adamdan has gowy ýagdaýda ýaşaýarys” hem diýdi.

Hökümet tarapyndan jezalandyrylmakdan gorkup, adyny aýtmazlygy haýyş eden aýal Eýrandaky ýaşaýyş-durmuş çykdajylarynyň krizisini beýan edip, indi et satyn almaýandygyny, daşarda seýrek naharlanýandygyny we birnäçe aý bäri özi üçin hiç zat satyn almandygyny aýtdy.

Tähran bilen Waşington dört aýa golaý dowam eden urşy bes etmek maksady bilen wagtlaýyn ylalaşyga gol çekdiler we häzirki wagtda doly parahatçylyk ylalaşygyna ýetmek üçin 60 günlük gepleşik döwri dowam edýär.

Emma diplomatlar ylalaşygyň şertlerini seljerýän hem bolsa, millionlarça eýranly ykdysady netijeler bilen göreşýär, olaryň käbirleri bolsa öz çykdajylaryny günde diňe bir gezek nahar iýmäge çenli azaldýarlar.

Degişli maglumat

Eýranda uruş we ABŞ-nyň blokadasy ykdysadyýeti sarsdyrýan mahaly, walýuta rekord derejede pese gaçdy

Çöregiň bahalary häkimiýetler tarapyndan kesgitlenýär. 23-nji iýunda Tähranda resmiler çöregiň elýeterli bahalaryny saklamak üçin berlen subsidiýalary saklamak baradaky wadalaryndan dänip, bahalaryň uly möçberde ýokarlanmagyna rugsat berdiler.

Nyrhlaryň resmi däl ýokarlanmagy eýýäm ýurduň beýleki welaýatlaryna hem ýaýrady we ol ýerde bahalar mundan ozal hem iki esse ýokarlanypdy. Adatça dükanlarda we çörek dükanlarynda iň arzan çöregiň görnüşi bolan lawaşyň bahasy 14 müň rialdan (0,01 dollar) 27 müň riala (0,02 dollar) çenli ýokarlandy.

Azyk inflýasiýasynyň ýokarlanmagy

Azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy çöregiň bahasy bilen çäklenmeýär. Eýranyň Statistika merkeziniň maglumatlaryna görä, 90 million töweregi ilaty bolan ýurtda bahalar maý aýynda takmynan 130 göterim ýokarlandy. Bu umumy inflýasiýanyň yzly-yzyna üçünji aýlyk ýokarlanmagy bolup, häzirki wagtda ol 58 göterimden birneme aşak.

Halkara Pul Gaznasy (HPG) Eýranyň umumy inflýasiýasynyň 2026-njy ýylda tas 69 göterime ýetjekdigini çaklaýar. Bu 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasyndan bäri iň ýokary görkeziji bolar.

Eýranyň ykdysadyýeti ýyllaryň dowamynda ABŞ-nyň sanksiýalaryndan we hökümetiň nädogry dolandyrmagyndan ejir çekdi. Ýanwar aýynda milli walýutanyň hümmetiniň pese gaçmagy hökümete garşy köpçülikleýin protestlere sebäp boldy.

Protestlerden ençeme hepde soň, ABŞ-nyň we Ysraýylyň howa hüjümleri ýurduň esasy energiýa we ulag infrastrukturasyny ýok etdi ýa-da zeper ýetirdi. Hüjümlerde esasy senagat pudaklary hem nyşana alyndy, bu bolsa içerki önümçiligiň bökdençligine we esasy azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy.

ABŞ-nyň Eýranyň portlaryna we gämilerine goýan deňiz blokadasy Eýranyň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolan nebit eksportyna päsgel berdi. Şol bir wagtyň özünde, Eýranyň Internet üpjünçiligini birnäçe aýlap kesmek karary köp işewürlere we hünärmenlere zyýan ýetirdi.

Bu dartgynlyk köp eýran maşgalalarynda duýulýar. Eýranda iň pes aýlyk 100 dollara golaýdyr.

“Donya-e Eqtesad” gazetinde çap edilen hasabata görä, ortaça dört adamdan ybarat maşgala girdejisiniň takmynan 70 göterimini esasy azyk önümlerine sarp edýär.

“Hemme zat gymmatlady”

Tähranda ýaşaýan başga bir aýal, çagasyny ýeke özi ekleýän ejäniň jaý kireýini töläp bilmänsoň, ene-atasynyň ýanyna gaýtadan göçüp barmaga mejbur bolandygyny aýtdy.

“Onuň gazanan ähli zady iýmite gidýär, diňe zerur zatlara” diýip, ol AÝ/AR-nyň Eýran gullugy bolan Radio Farda beren maglumatynda aýtdy. “Onuň hatda çagasyna oýunjak satyn almaga-da mümkinçiligi ýok” diýip, ol sözüne goşdy.

Çörekçi Hossein çöregiň bahalarynyň ýokarlanmagynyň kärende tölegleriniň we kommunal tölegleriň ýokarlanmagynyň netijesidigini öňe sürdi.

“Siz wakanyň diňe bir tarapyny görýärsiňiz” diýip, ol Instagramda Radio Fardanyň sahypasyna ýazan teswirinde aýtdy. “Hemme zat ýüz esse gymmatlady” diýip, ol sözüne goşdy.

Tähranda ýaşaýan ykdysatçy Jawad Rahimpur Radio Farda beren maglumatynda Eýranyň ykdysadyýetiniň gurluş taýdan şowsuzlygyny görkezýändigini aýtdy.

“Hiç bir pudakda hiç kimi öz çykdajylaryny dolandyrmaga ýa-da gözegçilik etmäge mejbur edýän mehanizm ýok” diýip, ol aýtdy. Ol ähli derejedäki kärhanalaryň diňe ýokarlanýan çykdajylary kabul edip, olary sarp edijilere geçirýändigini öňe sürdi we muny “geçirilip bilinýän nädogry dolandyryş” diýip atlandyrdy.

Rahimpur Birleşen Ştatlar bilen giňişleýin parahatçylyk ylalaşygynyň wagtlaýyn ýeňillik döredip biljekdigini aýtdy, ýöne Eýranyň söwda we ykdysady ulgamynyň islendik ylalaşyga garamazdan “giň gerimli täzeden gurluşa mätäçdigini” duýdurdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.