Iki aý bäri dowam edýän konflikt eýýäm sanksiýalardan ejir çeken Eýranyň ykdysadyýetini sarsdyrýan mahaly, ýurduň walýutasynyň hümmeti ABŞ dollaryna garşy rekord derejede pese gaçdy.
ABŞ we Ysraýyl tarapyndan Eýrana garşy 28-nji fewralda başlanan howa hüjümleri, şeýle-de amerikan deňiz güýçleriniň Eýranyň portlaryna we gämilerine goýan blokadasy Tähranyň möhüm nebit eksportyny bökdedi, içerki önümçiligiň öňüni aldy we inflýasiýany güýçlendirdi.
Eýranyň milli walýutasy rial 29-njy aprelde ABŞ dollaryna garşy täze pes derejesine ýetip, 1 dollar 1,81 million riala deň boldy, ertesi gün bolsa gaýtadan birneme ýokarlandy. Eýran metbugatynyň habaryna görä, rialyň hümmeti soňky günlerde 15 göterime golaý pese gaçdy.
Eýran we Birleşen Ştatlar 8-nji aprelde ok atyşygy bes etmek barada ylalaşdylar, emma Waşington 13-nji aprelde blokada girizmek arkaly ykdysady basyşy güýçlendirdi we bu bolsa Tähranyň eksport arkaly berk walýuta almak mümkinçiligini kynlaşdyrdy.
Eýranyň Merkezi bankynyň maglumatlaryna görä, uruşdan öň 40 göterimden ýokary bolan ýyllyk inflýasiýa 4-nji aprelde 50 göterime çenli ýokarlandy.
Eýranlylar çaknyşyk başlandan bäri tüwi, ýumurtga we towuk ýaly esasy azyk harytlarynyň bahalarynyň ep-esli ýokarlanandygyny aýdýarlar.
Inflýasiýanyň ýokarlanmagy ýanwar aýynda başlanan tutuş ýurt boýunça protestleriň esasy sebäpleriniň biri boldy we bu, 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasyndan bäri Eýranyň ruhany režimine iň uly howplaryň birini döretdi.
Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlaryň maglumatlaryna görä, häkimiýetler demonstrasiýalara garşy görlüp-eşidilmedik güýç bilen jogap berdiler we müňlerçe adamy öldürdiler.
Eýran hem, Birleşen Ştatlara we onuň ýaranlaryna uly ykdysady zyýan ýetirmäge synanyşdy. Tähran ABŞ-Ysraýyl howa hüjümlerine jogap hökmünde, global nebit we gaz üpjünçiligi üçin esasy transport ýoly bolan Hormuz bogazyny halkara gämi gatnawlary üçin ýapdy.
Bu hereket halkara energiýa bazarlaryny sarsdy we global ykdysadyýetiň ýagdaýynyň üýtgemegine sebäp boldy.
29-njy aprelde Brent çig nebitiniň bahasy tas 7 göterim ýokarlanyp, bir barrel bahasy 126 dollardan geçdi. Bu bolsa Russiýanyň 2022-nji ýylda Ukraina doly göwrümli çozuşyndan bäri iň ýokary görkezijidir.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum