Ilkibada, göräýmäge, Tähranyň medeni we söwda merkezi bolan Waliasr köçesiniň iki tarapy agaçly pyýada ýollary adaty ýaly görünýär. Emma hakykatda bu ýerde radikal bolan zat, görmeýän zatlaryňyzdyr.
Aýallar şäherde ýeňsiz köýneklerde we gysga ýeňli köýneklerde, giň we dar jinsi balaklarda hereket edýärler. Käbirleri baş ýaglyklaryny öz islegleri bilen dakynýarlar. Köpleri dakynmaýar. Kafeler köp adamly, köçelerde ulaglar bolsa haýal hereket edýär.
Hiç kim bolup geçýän wakalara seredýän ýa-da hakykatdanam üns berýän ýaly bolup görünmeýär, we iň köp ünsi çekýän zat hem şu bolup durýar.
Bir wagtlar aýallaryň egin-eşiklerine, kellesinden başlap aýagyna çenli, berk gözegçilik edýän polisiýa patrullary köçelerden ep-esli derejede ýitirim boldy.
Hökmany hijap dakynmak düzgünleri heniz hem bar, ýöne onuň ýerine ýetirilişi Eýranyň iri şäherlerinde ep-esli gowşady, sebäbi bu şäherler ozal ahlak polisiýasy diýlip atlandyrylýanlara garşy azatlyk ugrunda göreşýän aýallaryň söweş meýdanydy.
Degişli maglumat
Eýranlylar urşuň ykdysady zyýany artýan mahaly gündelik çörekleri üçin göreşýärler“Men uzak wagt bäri hijap patrullaryny görmedim” diýip, 30 ýaşlarynyň ahyryndaky tähranly ýaşaýjy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy Radio Farda beren maglumatynda aýtdy. Ol howpsuzlyk aladalary sebäpli adyny aýtmazlyk şerti bilen şeýle diýdi: “Zenanlar isleýşi ýaly geýinýärler”.
Hijaba garşy protestler
Bu üýtgeşmeler zenanlaryň köp ýyllaryň ýyllaryň dowamynda garşylyk görkezmeginiň yz ýanynda ýüze çykdy, bu garşylyklar 2022-nji ýylda "Aýal, durmuş, azatlyk" protestlerinde iň ýokary derejä ýetdi we soňky aýlarda Eýranyň Birleşen Ştatlar bilen urşunyň we giň syýasy dartgynlylygyň fonunda has-da güýçlendi.
“Bary-ýogy birnäçe ýyl mundan ozal bu pikir edip bolmajak zatdy” diýip, 40 ýaşlaryndaky iki çagany ejesi aýtdy we ol häzir köçede başyny örtmän, gysga ýeňli eşik geýip, hiç hili bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolmazdan öz işlerini edip bilýändigini belledi.
Ol ýakynda saçyny örtmezden hökümetiň maliýe edarasyna baryp gaýdandygyny hem aýdyp, gapydaky işgäriň ondan diňe gapydan geçýänçä baş örtügini dakynmagy sorandygyny belledi.
“Işgär maňa "gideniňizden soň ony aýryp bilersiňiz" diýdi. Bu meni güldürdi. Olar aýallaryň hijap barada nähili pikirdedigini gowy bilýärler” diýip, zenan aýtdy.
Bu üýtgeşmeleriň arkasynda nämeleriň bardygyny anyk aýtmak kyn - hökümet resmileri bu mesele barada henizem düşündiriş bermediler - ýöne analitikler munuň reformalardan, özgertmelerden has köp syýasy hasaplamalary görkezýäne meňzeýändigini aýdýarlar.
28-nji fewralda uruş başlamazdan birnäçe hepde öň, Yslam Respublikasynda bahalaryň ýokarlanmagyna garşy demonstrasiýalar bilen başlanan we hökümete garşy giň gerimli bidüzgünçilige öwrülen protestler boldy.
Howpsuzlyk güýçleri gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin ýurduň köçelerinde müňlerçe, käbirler habarlara görä, on müňlerçe adamy öldürdiler we analitikleriň aýtmagyna görä, hökümetiň eýranlylar urşuň täsirleri bilen göreşmäge synanyşýan wagtynda dartgynlylygy güýçlendirmekden gaça durmak isleýän bolmagy mümkin.
“Eýran hökümeti aýallaryň hijap baradaky talaplaryny kabul etmäge mejbur boldy” diýip, Ýewropada ýaşaýan aýallaryň hukuklary boýunça aktiwist, ýazyjy we ylmy işgär Mansureh Şojaýi aýtdy.
“Öň bar bolan zorluk we basyş indi bolmaýar. Emma bu kanunyň üýtgändigini aňlatmaýar” diýip, ol nygtady.
Ol soňky aýlarda döwlet telewideniýesinde başy açyk zenanlaryň peýda bolmagynyň hem aşakdan gelýän bir basyşy şöhlelendirýändigini, emma häkimiýetleriň bulary gözegçilikde saklamaga synanyşýandygyny hem belledi.
“Hökümet muny propaganda üçin ulanýar. Ol “eger olar meni we meniň syýasatymy kabul etseler, men hijapsyz aýallara garşy däl” diýjek bolýar" diýip, Şojaýi aýtdy.
Muňa garamazdan, töwekgelçilikler hakyky bolmagynda galýar. Şu ýylyň başynda eýranly aýdymçy Parastu Ahmadi hijapsyz aýdym ýerine ýetirendigi we ýazgy edendigi üçin 74 gezek gamçy urmak jezasyna höküm edildi.
Konserwatiw şäher
Paýtagtdan daşarda çäklendirmeleriň ýerine ýetirilişi has deň däl ýaly görünýär. Eýranyň iň konserwatiw şäherleriniň biri bolan Maşatda diňe adyny aýdan Mahnuş gündelik durmuşyň Tährandakydan has çäklendiriji bolmagynda galýandygyny, ýöne onuň geçmişdäki günlerden düýpli tapawutlanýandygyny aýtdy.
“Doly hijap geýýän konserwatiw aýallar hem bar, ýöne başyny asla örtmeýän aýallar hem köp” diýip, ol aýtdy.
Şeýle-de, ol yslam dininiň şaýy şahasynda möhüm döwür bolan we geçen hepde bellenen "Muharram" dini çärelerinde-de, köp ýaş zenanyň däp bolan gara geýimleriň ýerine reňkli geýimlerde peýda bolandygyny belledi.
Degişli maglumat
Eýranda uruş we ABŞ-nyň blokadasy ykdysadyýeti sarsdyrýan mahaly, walýuta rekord derejede pese gaçdyÇäklendirmeler belli bir ýerlerde saklanyp galýar. Şäheriň "Ymam Reza" ybadathanasynda we onuň töweregindäki myhmanhanalarda we bazarlarda ofiserler henizem zenan myhmanlara saçlaryny örtmegi tabşyrýarlar diýip, Mahnuş aýtdy.
“Emma kafelerde, köçelerde, jemgyýetçilik ulaglarynda hiç kim näme geýýändigiňe üns bermeýär” diýip, ol sözüne goşdy.
Eýranyň dürli künjeklerinde ýaşaýan aýallar Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatlarynda hukuk goraýjy edaralaryň kanunyň ýerine ýetirilişi gowşatmagynyň 2022-nji ýyldaky Mahsa Aminiň ölümi bilen baglanyşykly protestlerden soň başlandygyny aýtdylar. Mahsa Amini başyňy örtmek düzgünlerini bozandygy aýdylyp saklanandan soň, tussaglykda heläk bolupdy.
Uruş ABŞ bilen Eýranyň arasynda aprel aýynyň başynda gol çekilen we iýun aýynda täzelenen ok atyşygy bes etmek şertnamasy arkaly togtadylandan bäri bu kanunyň ýerine ýetirilişi has-da gowşady.
Eýranyň demirgazyk-merkezinde ýerleşýän Karaj şäherindäki uniwersitetiň talyby Sana üýtgeşmeleriň ugruny yzyna gaýtaryp bolmajakdygyna ynanýar.
“Doly azatlyga barýan ýol gysga bolup biler ýa-da köp ýyl gerek bolup biler” diýip, ol aýtdy.
“Emma jemgyýet üýtgemek kararyna gelensoň, üýtgeşme hökman bolýar” diýip, ol sözüne goşdy.
Makala Hannah Kawianiniň goşmaça maglumat bermegi bilen Farangis Najibullah tarapyndan ýazyldy. Azatlyk Radiosynyň Azadi radiosynyň habarçysy Firuza Azizi hem bu makala goşant goşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.