Gürjüstanda Iň gowy mama-baba saýlandy
Bäsleşik 74 ýaşly gatnaşyjy Lira Arabuliniň çykyşy bilen başlady.
Ol şol çykyşdan ozal sahnanyň arkasynda seresaplylyk bilen taýýarlyk gördi.
Bäsleşige gatnaşyjylar sahnanyň bir çünkünden beýleki deň-duşlaryna tomaşa edýärler.
Bäsleşige gatnaşyjylar we sazandalar çykyş etmäge taýýarlyk görýärler.
Hat-da iň tejribeli sungat işgärleri hem sahna çykmazdan ozal käwagty tolgunýarlar.
Ýetmiş ýaşly Wladimir Zanguraşwili Gürjüstanyň milli tansyny ýerine ýetirýär.
Iň gowy baba ýetmiş ýaşly Wladimir Zanguraşwili we iň gowy mama Lira Arabuli bäsleşikde ilkinji oruny eýeländen soň, tomaşaçylara ellerini galgadýarlar.