Tbilisi: Halas ediş çäreleri dowam edýär

Haýwanat bagyndan gaçan begemot Tbilisiniň suw basan köçelerinde ýöreýär.

Adamlar begemoty sil gelen köçäniň ýokarysyna itmäge synanyşýarlar. Haýwanat bagynyň işgärleri begemoty ele salmak üçin ýörite dermanlanan ok bilen atdylar.

14-nji iýunda Tbilisiniň haýwanat bagynyň sil gelen territoriýasyndan gaçyp çykmaga synanyşýan aýy.

Haýwanat bagynyň töweregindäki palçyklaryň ýüzünde haýwanlaryň aýak yzlaryny görse bolýar.

Tbilisi haýwanat bagyndaky düňderilen ulagyň üstünde aýynyň jesedini görse bolýar.

Suw joşgunynda heläk bolan ýene bir haýwanyň jesedi.

Şäher häkimliginiň işgäri gaplaňyň jesediniň golaýynda otyr.