A.Merkel 60 ýaşady

Angela Merkel-Kasneriň (birinji hatardaky tegelek çyzyk bilen bellik edilen) 1971-nji ýylda geçirilen Matematika olimpiýadasyndan soň düşürilen toparlaýyn suratdaky pursady. Bu olimpiýada Germaniýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Teterow şäherçesiniň Noýbrandenburg etrabynda geçirilipdi.

1989-njy ýylda Polşanyň Baçotek şäherinde Angela Merkel (sagda) adamysy Joachim Sauer we jorasy Malgorzata Jeziorska bilen tomusky okuwlara gatnaşýar.

1992-nji ýylyň awgust aýynda Germaniýanyň maşgala we ýaşlar ministri wezipesinde işleýän döwri Angela Merkel (çepde) Baýroýt şäherindäki halkara ýaşlar maslahatynda studentler bilen gürrüňdeş bolýar.

2000-nji ýylyň aprel aýynda Angela Merkeliň Germaniýanyň "Hristian demokratik bileleşiginiň" partiýa başlyklygyna saýlanan pursady.

2005-nji ýylyň 22-nji noýabrda Berlinde "Hristian demokratik bileleşiginiň" lideri Angela Merkel parlamentiň kansleri wezipesine kasam edýär. 51 ýaşyndaky Merkel ýurduň öňki komunist gündogarynda önüp-ösen Germaniýanyň ilkinji kansleri boldy.

2009-njy ýylda Berlinde Germaniýanyň kansleri we konserwatiw "Hristian demokratik bileleşigi" partiýasynyň lideri Angela Merkeliň metbugat konferensiýasynda žurnalistlere ýylgyran pursady.

Kansler Angela Merkel nemes esgerleri bilen duşuşmak üçin 2013-nji ýylyň maý aýynda Owganystanyň Mazar-y Şerif şäherine barypdy.

2013-nji ýylyň maý aýynda Münihde piwo çadyrynda eden çykyşyndan soň, Angela Merkeliň piwo içip duran pursady. 

2013-nji ýylyň iýun aýynda Berlinde geçirilen metbugat ýygnagy döwründe Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel çykyş edýär.

2013-nji ýylyň awgust aýynda Merkel Berliniň "Heinrich Schliemann Gymnasium" adyndaky orta mekdebinde Berlin Diwary barada leksiýa berýär.

2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Berlinde "Hristian demokratik bileleşigi" partiýasynyň ýygnagyndan öň, Merkel özüniň saýlaw kampaniýasy üçin niýetlenen awtobusynyň öňünde çykyş edýär.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin FIFA-nyň, ýagny Futbol assosiasiýasynyň halkara federasiýasynyň prezidenti Sepp Blatter we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen söhbetdeş bolýar. Bu waka 2014-nji ýylyň 13-nji iýulynda Rio de Janeýro şäherindäki Marakana stadionynda Germaniýa bilen Argentinanyň komandalary futbol boýunça Dünýä çempionatynyň final oýnuny oýnaýan pursady bolup geçdi.  

60 ýaş doglan güni mynasybetli Merkel Berlindäki Brandenburg derwezesiniň öňünde surata düşdi.