Ilat sanynyň dowamly artmagy, infrastruktura meseleleriniň töwerekleýin we düýpli çözülmezligi netijesinde, türkmen paýtagtynda we onuň töwereginde agyz suwunyň ýetmezçiligi gitdigiçe ýitileşýär hem-de köp alada döredýär diýip, Aşgabatdaky çeşme habar berýär.
Azatlygyň habarçylary paýtagtda we ýurduň sebitlerinde saklanyp galýan suw ýetmezçiligi barada yzygiderli habar berýärler, emma türkmen resmileri hünärmenleriň we ýaşaýjylaryň garaşsyz neşir arkaly bildirýän aladalaryna, şol sanda Aşgabady megapolise öwürmezlik baradaky pikirlerine açyk reaksiýa bildirmän gelýärler.
Şol bir wagtda, häkimiýetler Aşgabatda soňky onýyllyklarda gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynyň, ministrlikleriň, edara binalarynyň suw meselesini köplenç ýerasty suwlary gazyp almagyň hasabyna çözdüler.
Çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Aşgabatda gurlan dokuz gatly jaýlarda suw meselesi hemmä belli bolansoň, soň gurlan jaýlaryň ýanynda ýüz metrden hem çuňa gidýän ‘burawlar arkaly, suw sorujy nasoslar ulanylyp başlandy’.
Gurakçylyk ýerasty suwlaryň aşak çekilmegine getirýär
Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ýaşaýjylaryň käbiri agyz suwy ýetmezçiliginiň ýitileşmegini soňky on ýyllyklardaky gurakçylyk, ygalyň az düşmegi bilen baglanyşdyrsa, beýlekileri hökümetiň oýlanyşyksyz ýa-da nädogry çözgütleri bilen baglanyşdyrýar.
Degişli maglumat Häkimiýetler suw üpjünçiligindäki bökdençlige nägilelik bildirýän raýatlaryň sanawyny polisiýa tabşyrýar“Hökümet diňe welaýat merkezlerine we paýtagt ýaşaýjylarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga üns berýär, oba ýerleriniň sosial durmuş ýagdaýlaryny gowulandyrmak, iş orunlaryny döretmek, ýol we beýleki durmuş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak barada diňe gürrüň edilýär, iş edilmeýär” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý, şeýle-de paýtagtda gurulýan täze jaýlaryň öňki ýyllardaka garanda görülmedik derejede köpelmegi oba ýerlerinde ýaşaýan ilatyň paýtagta we onuň töweregine köpçülikleýin göçmegine alyp geldi.
Ýerli synçy häkimiýetleriň sebitlerden Aşgabada we onuň töweregine göçüp gelýän adamlaryň köpelmezligi üçin ilki prezident Nyýazow döwründe, soň uly Berdimuhamedow döwründe köp çäklendirme we gadagançylyk girizendigini belledi. Emma muňa garamazdan, giň ýaýran korrupsiýa göz ýumulmagy, kanunlaryň işlemezligi paýtagta sowa, öwrümli ýollar bilen göçüp gelýän adamlary saklap bilmeýär diýip, söhbetdeşimiz hiç bir anyk san getirmezden aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylar Aşgabatda we onuň töwereginde gurlan jaýlaryň köpüsiniň, etraplardan göçüp gepleýänler bolmasa, boş durjakdygyny, hökümetiň olary kime-de bolsa birlerine satmak, ýerlemek zerurlygynyň hem keserip durandygyny aýtdylar.
Gadagançylygyň 'işlelemýän taraplary' tapylýar
“Welaýat ýaşaýjylary çagalaryny şertnama esasynda harby ugurda işe ýerleşdirmek, paýtagtyň çäginde ýerleşýän harby bölümlere para berip, şol ýere işe salmak, ýa-da welaýatlarda ýerleşýän harby bölümlerden paýtagta geçirdip, şol harby bölümleriň harby şäherçesinden öý alyp, ýazga durmak, maşgala agzalaryny ýazgy etdirmek, paýtagtdaky ikinji el jaýlardan öý satyn alyp, paýtagt ýazgysyna geçmek we soň işden çykmak ýaly usullary ulanýarlar” diýip, bu ýagdaýy öwrenen hünärmen aýtdy
Onuň tassyklamagyna görä, bu usulyň giňden ulanylmagy diňe Türkmenistanyň ýaragly güýçlerine mahsus däl, güýç gurluşlarynyň ählisinde şol bir ýagdaýy görmek bolýar.
Türkmen paýtagtynda bolan daşary ýurtly syýahatçylaryň sosial ulgamlarda paýlaşýan wideolarynda Aşgabat köplenç ‘adamsyz şäher’ hökmünde häsiýetlendirilýär. Emma paýtagtdaky suw ýetmezçiligini esasan ilat sanynyň köplemegi bilen baglanyşdyrýan ýaşaýjylar hem öz pikirlerinde berk durýarlar we ýagdaýyň gurakçylyk, ýerasty suwlaryň has aşak çekilmegi netijesinde hem çylşyrymlaşýandygyny öňe sürýärler.
Degişli maglumat Aşgabadyň birnäçe etrapçasynda suw üpjünçiligi kesildi“Öň 160, 180 metr çuňlukdan suw çykýan bolsa, her ýyl ýer asty suwlaryň çekilmegi sebäpli, 200 iki ýüzden hem çuňlukdan suw çykyp, öňki çuňlugy çuňlaşdyrmaly bolýar. Emma aşa çuňlukdan suw çykarýan nasoslaryň bahasy örän gymmat, olar uzak işlemän köýýär we her ýyl täzeläp durmaly bolýar” diýip, çeşme oba hojalygyndaky nasos meselesiniň paýtagtda hem ‘ýakasyny tanadandygyny’ öňe sürdi.
Aýdylmagyna görä, iki ýüz metr çuňlukdan suw çykarýan nasoslaryň Hytaýda öndürilenleriň bahasy 5, 6 müň dollar bahalanýar.
Bu nasoslary dollaryň bazar bahasy bilen satyn almaly bolýar we paýtagtda ýerleşýän ministrlikleriň, edaralaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töwereginde ekilen otlary suwarmak gymmat düşensoň, hökümet diňe öň tarapdaky gök otlary suwarmaga rugsat berýär, jaýlaryň beýleki taraplarynda ekilen otlary aýyrmak tabşyryldy diýip, çeşme aýtdy.
Şeýlelikde, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, häkimiýetler suw tygşytlamagyň dürli ýollaryny gözleýärler we, öňki ekilen otlaryň 3/1 böleginiň goýlup, galanynyň aýrylmaly edilmegine garaşylýar.
Türkmenistan maglumat üçin ýapyk bolansoň, paýtagtda ýitileşýän agyz suwy meselesi barada resmi düşündiriş alyp bolmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.