Gurakçylykdan ejir çekýän Dunaý derýasynda nasist galyndylary tapyldy
Adamlar 13-nji awgustda Serbiýanyň Prahowo şäheriniň golaýynda batan nemes harby gämisiniň galyndylaryny barlaýarlar.
Dowam edýän gurakçylyk döwründe Dunaý derýasynda suwuň derejesi taryhdaky pes derejelerine ýeten mahaly tapylan bu gämi Ikinji Jahan urşundan galan birnäçe galyndynyň biridir.
13-nji awgustda Prahowo şäheriniň golaýynda bir aýal nemes harby gämisini barlaýar.
Suratçy Stefan Stoýanowiç Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Serbiýanyň gündogaryndaky Prahowo şäheriniň töwereginde häzirki wagtda Ikinji Jahan urşy döwrüne degişli birnäçe gämi galyndysynyň bardygyny aýtdy.
Ol bir gämini baryp görendigini we onuň üstünde ýörände özüni "biraz howply" duýandygyny aýtdy. "Aýaklaryňyzyň aşagyndaky materialyň egrilip barýandygyny duýup bolýar" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
13-nji awgustda Prahowonyň golaýynda düşürilen suratda Dunaý derýasynda başga bir nemes gämisiniň görünýändigini görse bolýar.
Prahowonyň töweregindäki derýa suwlaryndan çykýan gämiler Germaniýanyň Gara deňiz flotunyň 1944-nji ýylda suwa gark edilen 200 töweregi gämisiniň käbiridir.
Gämileriň köpçülikleýin gark edilmegi, flotuň öňe tarap ilerleýän Sowet goşunynyň eline geçmeginiň öňüni almak we olaryň derýadaky gämi gatnawyna päsgel bermek maksady bilen buýrulypdy.
Gurakçylykdan ejir çeken Dunaý derýasynyň beýleki ýerlerinde-de, başga uruş galyndylary hem tapylýar. Bu nasist motosikli awgust aýynyň başynda Budapeştiň parlament binasynyň golaýyndaky derýanyň kenarynda peýda bolmazdan öň, 80 ýyldan gowrak wagtlap derýanyň aşagynda ýatypdy.
Wengriýanyň milli suw dolandyryş edarasy Budapeştde Dunaý derýasynyň suwunyň derejesiniň hasaba alnan iň pes derejededigini habar berdi.
Motosikliň golaýyndan iki nasist esgeriň galyndylary tapyldy. Olaryň arasynda esgerleriň atlarynyň bellikleri hem bar, olarda "Waffen SS" sözleri ýazylypdyr. Şeýle-de, häzirki Russiýanyň Taman ýarymadasynda eden gulluk borjy üçin berlen medal (aşakda) hem bar.
Gaýykdaky ýerli balykçy 13-nji awgustda Prahowonyň golaýyndaky nemes gämisiniň galyndylaryndan daşlaşyp barýar.
Soňky ýyllarda deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek üçin sebitde gark edilen nemes gämileriniň birnäçesi ýygnalyp alyndy, ýöne käbir gämileriň galyndylarynyň içinde partlaýjy maddalaryň tapylmagy bu işi birneme çylşyrymlylaşdyrdy.
2024-nji ýylyň awgust aýynda Serbiýanyň Minalardan arassalaýyş merkeziniň topary Prahowo şäheriniň golaýyndaky Dunaý derýasyndan nemes gämisini daşaýarka, partlamadyk bu ok-därileri tapdy.
7-nji awgustda Serbiýanyň demirgazygyndaky Nowi Sad şäheriniň golaýynda Dunaý derýasynyň açyk gum kenary.
Dowam edýän gurakçylyk döwründe Nowi Sadyň golaýynda II Jahan urşy döwrüne degişli birnäçe partlaýjy madda, şol sanda minomýotlar we howa bombasy tapyldy.
29-njy iýulda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde Dunaý derýasynyň açyk bölegi, guran ýerleri surata düşürildi.
Soňky günlerde Budapeştde Dunaý derýasyndan dürli ok-däriler, şol sanda XIX asyra degişli top oklary tapyldy. Dunaý derýasynyň boýundaky birnäçe ýurduň häkimiýetleri adamlara adaty bolmadyk zatlara degmezlik we harby zatlar tapylan halatynda polisiýa bilen habarlaşmak barada duýduryş berdiler.