Gurban baýramynyň öňüsyrasynda iri we ownuk şahly mallar, et gymmatlady

Türkmenistanda Gurban baýramy mynasybetli satuwa çykarylan mallar (Arhiw suraty)

Türkmenistanda Gurban baýramyna sanlyja gün galanda, Aşgabadyň we Balkan welaýatynyň bazarlarynda azyk önümleriniň, iri we ownuk şahly mallaryň, şol sanda etiň bahasynyň gymmatlamagy günsaýyn diýen ýaly dowam edýär.

Gymmatlama, türkmen prezidentiniň bazarlarda azyk önümleriniň, beýleki harytlaryň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini bellemeginiň yz ýanyna gabat geldi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 18-nji maýda Aşgabatdan we Balkandan maglumat berdiler.

“Balkanabadyň mal bazarynda gurbanlyk kadasyna gabat geläýjek 18-20 kilogram agramyndaky goýunlaryň her kilogramynyň bahasy 180-200 manada gymmatlady. Bu görkeziji mundan ozal 135-150 manat aralygyndady. Şol sebäpli goýun-geçileriň gurbanlyk bolmaga ýarar diýleni 4000 manatdan başlap 7 müň manada çenli bahalanýar” diýip, balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat

Mal keselçiliginiň köpelmeginiň arasynda, et bahalarynyň has ýokarlanmak ähtimallygy duýdurylýar

Türkmenistanda şu ýyl Gurban baýramy 27-28-29-njy maýda belleniler. Bu barada ýurduň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan tassyklanan 2026-njy ýylyň önümçilik senenamasynda aýdylýar.

Balkanabadyň bazarlarynda iri şahly mallaryň ortaça agramdakysynyň bahasy bolsa, 30 müň manatdan başlanýar we agramyna görä, 60-80 müň manada çenli ýetýär.

“Ýedi hojalyk bilelikde üýşüp, bir iri şahly mal almak üçin her maşgala azyndan 4500 manat çykdajy etmeli bolýar” diýip, balkanabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Polisiýanyň talaby we et gytçylygy

Diri mallaryň bahasynyň ýokarlanmagy bilen, welaýatyň bazarlarynda etiň bahasy hem gymmatlady. Şu aýyň başynda bir kilogramy 135 manat bahalanan süňkli etiň bahasy 17-nji maýda 150 manada we 150-160 manat bahalanan çylka etiň bahasy 185-190 manada gymmatlady.

Munuň bilen bir wagtda, bazarlarda et gytçylygy hem emele geldi. Muňa häkimiýetleriň, şol sanda polisiýanyň et bahalaryny döwletiň kesgitlän nyrhynda saklamak tagallalary sebäp boldy.

“Polisiýa işgärleri süňkli eti 130 manatdan, çylka eti 170 manatdan gymmada satmaga rugsat bermeýär. Şol sebäpli et söwdasyny edýän gassaplaryň onlarçasy öz işlerini wagtlaýyn togtatdylar. Ýöne käbir arkasy bar ýa-da para berip, rugsat alan gassaplar süňkli etiň bir kilogramyny 150 manatdan we çylka eti 185-190 manatdan açyk aýdyp, satmagyny dowam etdirýärler” diýip, balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçymyz Balkanabadyň bazarlaryndaky beýleki azyk önümleriniň käbir görnüşleriniň 17-nji maýdaky bahalary barada hem maglumat berdi:

  • 1 kg erik 100 manat,
  • 1 kg garpyz 25 manat,
  • 1 kg ýaşyl alma 50-60 manat,
  • 1 kg ýerli ülje 150 manat.

Mallar azyndan 50% gymmatlady

Şuňa meňzeş ýagdaýlary paýtagtyň bazarlarynda hem synlasa bolýar. Aşgabatdaky habarçymyz paýtagtyň bazarlarynda hem iri we ownuk şahly mallaryň, şeýle-de etiň bahasynyň gymmatlandygyny aýdýar.

“Bir hepde ozal 3000-3700 manat bahalanan ownuk mallaryň bahasy häzir 4500-6000 manat aralygynda bahalanýar. Süňkli etiň bir kilogramy hem 150 manada ýetdi. Geçen hepde onuň bahasy 135 manat töweregindedi” diýip, paýtagtly alyjy anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat

Bazarlarda azyk önümleri gymmatlaýar, döwlet dükanlarynda 'gurçukly un' satylýar

Iri we ownuk şahly mallaryň, şol sanda etiň bahasynyň gymmatlamagy we onuň sebäpleri barada paýtagtyň we Balkanyň häkimiýetleri tarapyndan aç-açan maglumat berilmeýär.

Azatlygyň bu barada degişli häkimiýetlerden, şol sanda paýtagtyň we Balkanyň söwda resmilerinden resmi teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Ýöne gymmatlama, prezident Serdar Berdimuhamedowyň bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň, beýleki harytlaryň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini bellemeginiň yz ýanyna gabat geldi. Döwlet baştutany bu barada Ministrler Kabinetiniň 8-nji maýda geçirilen göçme mejlisinde belledi.

Türkmen prezidenti şeýle bellikleri ýurtdaky uly baýramçylyklaryň we şanly seneleriň öňüsyrasynda, ýylyň dowamynda birnäçe gezek edýär.

Muňa garamazdan, ýurtda uly baýramçylyklaryň öň ýanynda, azyk harytlarynyň, şol sanda etiň bahasy gymmatlaýar. Baýramçylyk günlerinden soň, käte bahalar öňki derejesine peselse, käte-de şol gymmatlan möçberinde saklanýar.

Galyberse-de, bu gezekki gymmatlama, ýurduň dürli sebitlerinde mal keselçiliginiň köpelen we maldarlaryň, et söwdasyny edýän telekeçileriň et bahalarynyň has ýokarlanmak ähtimallygy barada duýduran mahalyna gabat geldi.

Türkmen häkimiýetleri we resmi metbugat bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.