Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçy gyzlaryna prezidentiň adyndan berlen 8-nji mart pul sowgadyny sowmak gadagan edildi. Üstesine, halkara aýallar güni sebäpli berlen ujypsyz pul sowgadynyň üstüne pul goşup, mekdebe tabşyrmak talap edildi.
Paýtagtyň orta mekdeplerinde okuwçy gyzlara prezidentiň adyndan berlen pul sowgady paýlandy, emma bu puly sowmazlyk tabşyryldy diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 4-nji martda habar berdi.
Türkmen prezidentiniň aýal-gyzlara 8-nji mart sowgadynyň 60 manat ýagny gara bazaryň nyrhy bilen 3 amerikan dollaryna deň boljagy we onuň 2-6-njy mart aralygynda paýlanjakdygy 20-nji fewralda döwlet mediasynda habar berildi.
Indi bu puly sowmazlygy talap eden mekdep ýolbaşçylary okuwçy gyzlaryň üstesine ýene pul goşmaly boljakdygyny duýdurdylar.
Degişli maglumat Türkmen prezidentiniň aýal-gyzlara 8-nji mart sowgady tapgyr sekizinji ýyl 60 manat bolar"Mekdebiň synp ýolbaşçylary berlen altmyş manady sowman, üstesine ýene-de 10 manat goşup, 70 manat jemläp tabşyrmagy talap etdiler. Puluň gyzlar üçin taze ýaşyl köýnek tikdirmek üçin, ýaşyl reňkde mata satyn almak üçin ulanyljagy aýdyldy" diýip, aşgabatly çeşme gürrüň berdi.
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okaýan gyzlaryň okuwçy geýimi ýaşyl köýnek bolup, munuň üçin her ýyl okuwçylardan reňki we hili birmeňzeş matany satyn almak üçin pul ýygnalýar.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan paýtagtly mekdep işgärleri sowgat diýlip, berlen puluň gyzlaryň okuw geýimi üçin ulanylmagynyň guramaçylykly geçirilýändigini we ony döwletiň okuwçylar barada edýän aladasy hökmünde görkezmegiň planlaşdyrylýandygyny gürrüň berdiler.
"Synp ýolbaşçylary [okuwçy gyzlar üçin niýetlenen] pula satyn alnan matany birmeňzeş biçip, tikdirip, hamala prezidentiň sowgat beren puluna okuwçy gyzlaryň köýnek alandyklary barada gepleşik taýýarlamak we teleýaýlym kanallarynda görkezmek isleýärler. Mahabat gepleşiklerinde muny prezidentiň atalyk aladalaryndan biri hökmünde görkezmek meýilleşdirilýär" diýip, aşgabatly çeşme aýtdy.
Emma çeşmeler 60 manadyň bir köýneklik mata ýetmeýändigini aýdyp, ene atalaryň häzir bu puluň üstüne 10 manat goşup, tabşyrmaly edilen 70 manat bilen çäklenilmejeginden, soňra mekdebiň ýene-de goşmaça puly talap edip bilejginden howatyrlanýarlar.
Türkmenistanda prezidentiň Halkara aýallar güni sebäpli aýal-gyzlara niýetlän sowgadynyň okuwçy gyzlaryň eline düşmezligi bilen bagly tejribe geçen ýyl hem bolupdy. 2025-nji ýylda hem mekdepler prezidentiň pul sowgadyny köýneklik mata üçin saklap galdylar.
Okuwçylara pul sowgadynyň berilmezligi, çagalardan dürli maksatlar üçin yzygiderli pul toplanmagynyň arasynda bolup geçýär. Ýylyň başyndan bäri döwlet ýolbaşçylarynyň portretlerini täzelemek üçin, şeýle-de bag ekişlik üçin pul toplandy.
Türkmenistanda ilatdan, şol sanda mekdep okuwçylaryndan dürli maksatlar üçin yzygiderli pul ýygnamak däbi ençeme ýyl bäri dowam edýär. Azatlygyň habarçylarynyň ýurtdan berýän maglumatlaryna görä, hususan-da, býujet işgärlerinden her aýda milli metbugat, prezidentiň suratlary, döwlet şygarlary we baýdaklary, bag, arassaçylyk, medeni we sport çäreleri, şeýle-de oba hojalygy üçin tutumlar aýlygyň 10%-ne barabar bolýar.
Degişli maglumat Mekdepler gyz okuwçylaryň 'prezident sowgadyny' ýaşyl mata üçin saklap galýarResmi habara görä, halkara aýallar güni sebäpli 60 manat möçberinde pul sowgatlary ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa, döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada, kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji zenan-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara niýetlenýär.
Ilatyň durmuş derejesiniň yzygiderli pese gaçmagynyň arasynda 60 manat, ýagny resmi kurs boýunça $17 we gara bazar nyrhy bilen 3 amerikan dollaryna deň bu ujypsyz pula esasan maddy taýdan agyr ýagdaýdaky maşgalalar garaşýar.
Türkmen häkimiýetleri ilatyň durmuş derejesiniň peselmegi we işleýän raýatlardan we okuw jaýlarynda bilim alýan okuwçylardan dürli maksatlar üçin yzygiderli görnüşde puluň tutulmagyny agzamaýarlar, bu döwlet mediasynda hem gozgalmaýar.
Degişli maglumat Salam, Dogan!: Prezidentiň aýallara pul sowgady däbiniň manysy we täsiriGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.