Häkimiýetler Orsýetdäki migrantlaryň maglumatyny toplaýar, indi gitjeklere 'gitmäň' diýýär

Moskwa. Deslapky tussaghanadaky türkmen migrantlary. Arhiw suraty

Türkmen häkimiýetleri golaýda Tatarystanda köp sanly adam pidasyna getiren pajygaly waka, Orsýetdäki beýleki harby çaknyşyklar bilen baglylykda, bu ýurda zähmet migrasiýasyna giden türkmenistanlylar hakynda mümkin boldugyça köp, jikme-jik maglumat toplamaga çalyşýarlar diýip, Azatlygyň Balkandaky habarçysy habar berýär.

Azatlyk Orsýetde kyn ýagdaýa düşýän türkmen migrantlary hakynda yzygiderli maglumat berýär, emma Türkmenistan bu habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Balkan welaýat häkimliginiň işgärleri, sebitdäki migrasýa, polisýa wekilleri Orsýetde, hususan-da Tatarystanda zähmet çekýän balkanlylaryň ýakynlary bilen gürleşip, olaryň Orsýetdäki garyndaşlarynyň ýaşaýan, işleýän ýerlerini anyklaýarlar, daşary ýurtdaky raýatlaryň telefon belgileri, imo adresleri, internet ulanyşy baradaky magluamtlar hem ýygnalyp alynýar.

Bu maglumat sosial ulgamlarda türkmenistanly migrantlaryň her hili basyşlar esasynda, güýç gurluşlarynyň mejbur etmegi bilen, Russiýa tarapynda Ukrainada barýan urşa iberilmek ähtimallygynyň has güýçlenýändigi barada bildirilýän aladalaryň yz ýanyna gabat geldi.

''Orsýete giden doganym iki ýyl bäri tapylmaýar''

Dogany Orsýete işlemäge giden we iki ýyl bäri tapylmaýan balkanly ony sorap gelen häkimiýet wekillerine ''mende hiç hili maglumat ýok, ol nirede, dirimi ýa ölendigi hakynda maglumatym ýok'' diýip jogap berendigini gürrüň berdi.

Degişli maglumat

'Pul üçin söweşýär'. Ukrainadaky urşa gatnaşýan türkmenler barada maglumat köpelýär

Ady redaksiýada saklanýan raýat doganynyň ykbaly bilen gyzyklanyp, ýurduň migrasiýa gullugyna ençeme gezek ýüz tutandygyny, emma hiç bir netije bolmandygyny hem sözüne goşdy.

''Bellisi ýok, Putiniň omonlary Ukraina ugradyp, belki, ölüsinem alandyr, maňa garaňky, tapyp berseňiz, menem ynjalyp oturardym diýdim. Olar 'Agam, bize bu mesele boýunça 200 töweregi arza gelip gowuşdy. Näme, seniň agaňy biz Orsýete iberdikmi? Eliňizden gelse, Orsýete gitmäň, biz näme edeli' diýdi'' diýip, doganyny gözleýän raýat Azatlyga sebitiň migrasiýa edarasynda bolan duşuşyk hakynda gürrüň berdi.

Aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, Orsýetiň Ukraina garşy alyp barýan urşunda ýüzlerçe türkmenistanlynyň ölendigi ýa ýaralanyp, maýyp bolandygy çaklanýar.

''Tatarystan parahatdy, emma indi Orsýetiň hiç bir oblasty, regiony howpsuz däl. Biziň Orsýete işlemäge giden köp adamymyz Tatarystan, Wolgagrad, Astrahan ýaly sebitleri saýlap alýarlar. Sebäbi ol ýerlerde türki dilde gürleşýän adamlar ýaşaýar. Gynansak-da, biziňkiler indi Orsýetde diňe Kamçatka tarapa gidip işläýmese, başga parahat ýer galmady'' diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Ol, migrasiýa ofiseriniň anyk bolmadyk sözlerinden çen tutup, Tatarystandaky partlamada iki sany türkmenistanlynyň ölen bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürdi.

Azatlyk we beýleki garaşsyz neşirler Orsýetiň tarapynda Ukrainadaky urşa gatnaşýan türkmenistanlylar, olaryň düşýän agyr ýagdaýlary barada ençeme gezek habar berdi. Emma türkmen metbugaty bu ýagdaý barada hiç bir maglumat çap etmeýär.

Emma muňa garamazdan, çeşmeleriň we ýerli ýagdaýy gowy bilýän, wakalardan habarly hünärmenleriň tassyklamagyna görä, soňky ýyllarda Orsýet tarapyndan Ukrainada barýan urşa ugradylan we ol ýerde heläk bolan türkmenistanlylaryň sanynyň onlarça bolandygy gizlin däl.

''Orsýetden jesetleri gelenleriň ýol hadysasynda ölendigi aýdylýar''

''Orsýetden jesetleri getirilen balkanlylaryň ýol, ulag hadysasynda heläk bolandygy aýdylýar, başga maglumat berilmeýär. Ýöne awariýadan ölüp gelýänleriň sany aşa köpeldi'' diýip, anonimlik şertinde gürleşen çeşme aýtdy.

Türkmenistandaky maglumat ýapyklygy, häkimiýetleriň bu meseleler bilen gyzyklanýan adamlary halamazlygy sebäpli, Azatlyk Orsýetden getirilen jesetleriň sanyny, olaryň jaýlanan gonamçylyklaryny anyklap, garyndaşlary bilen söhbetdeşlik gurap bilmeýär.

Degişli maglumat

'Ýaşamak isleýärin': 2025-iň başyndan bäri azyndan 122 türkmen raýaty Russiýanyň goşunyna hakyna tutuldy

Metbugatda tarypy ýetirilýän gymmatbaha gurluşyklaryň, ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, Türkiýe bilen aradaky wizasyz gatnaşyklaryň ýatyrylmagy bilen, Orsýete gidýän zähmet migrantlarynyň sanynyň barha köpelýändigi aýdylýar.

Bu ýagdaý, resmi Aşgabadyň döredýän emeli pasport kynçylyklary bilen utgaşyp, ozal Türkiýede bolşy ýaly, indi Orsýetde hem bikanun ýagdaýa düşýän we urşa çekilmek ähtimallygy artýan, ýat ýurtda goragsyz ýagdaýda galan türkmenistanlylaryň sanynyň günsaýyn köpelmegine getirýär diýip, synçylar aýdýar.

Bu howply ýagdaý açyk bolmasa-da, gytaklaýyn ýagdaýda, häkimiýet wekilleri tarapyndan hem boýun alynýana meňzeýär.

''Migrasiýa wekilleri diňe Orsýetde ýakynlary bar adamlara däl, eýsem indi gitmekçi bolýanlara-da wagyz-nesihat edýärler, Orsýete gitmekden wagtlaýyn saklanmagy maslahat berýärler'' diýip, işsizlik sebäpli zähmet migrasiýasyna gitmek kararyna gelen raýat aýtdy.

Döwlet işsiz raýatlara howpsuz iş tapmaga 'kömek etmeli'

Onuň sözlerine görä, döwlet işsiz raýatlaryna daşary ýurtlardan howpsuz zähmet bazaryny tapmagyň aladasyny etmeli, bu meselede daşary ýurtlardaky wekilhanalaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrmaly.

''Giden ilçilerimiz arap, ýewropa döwletlerinde boşuna işläp ýörler. Döwlet olaryň üstüne daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň aladasyny etmegi, belki, beýleki wezipeleriniň daşyndan goşmaça, işsiz adamlara iş orunlaryny tapmaga hem kömek etmegi ýüklemeli'' diýip, adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen işsiz raýat aýtdy.

Onuň ynanjyna görä, türkmen ýigitleri we gyzlary zähmetsöýer, ýöne ugrukdyrýan döwlet bolmansoň, howply bolsa-da, köplenç alaçsyz rus zähmet bazaryny saýlap alýarlar.

Günbatar döwletlerinde, Kanada ýaly ýurtlarda hem girdejili, hem howpsuz işler bar, ýa-da Günorta Koreýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlarda hem hemişe işçi güýjüne talap, isleg bildirilýär diýip, Azatlyk bilen gürleşen birnäçe raýat türkmenistanlylaryň Orsýetden el çekip, howpsuz we şol bir wagtda ösen döwletlere gidip işlemek barada pikir etmelidigini nygtady.

Azatlyk Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen habarlaşyp, ýagdaýy näbelli, daşary ýurtlarda kyn ýagdaýa düşen zähmet migrantlarynyň sany, ýurtdaky işsizlik we gazanç mümkinçilikleriniň artmagy üçin edilýän aladalar barada hiç bir resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.