Türkmen metbugatynda Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülmeli taýýarlyk barada çykan habarlaryň gapdaly bilen ýaýran 'gorkuly çaklamalar' ilat arasyndaky ‘aladaly gürrüňleriň köpelmegine sebäp boldy’ diýip, çeşmeler we habarçylarymyz habar berýär. Synçylar durmuş, ýaşaýyş şertleri ýeňil bolmadyk adamlaryň bu guramadan ‘gowulyga garaşmaýandyklaryny’ öňe sürýärler.
Halk maslahatynyň prezidiumynyň 15-nji iýulda geçirilen mejlisinde bu guramanyň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ‘mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleri seljermelidigi’ aýdyldy; ‘täze iş orunlaryny döretmek, adamlaryň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, ýaşlar syýasatyny ösdürmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek’ barada anyk bolmadyk, köp aýdylýan umumy sözler tekrarlandy.
Maslahat habary 'howsalany we nägileligi' güýçlendirýär
Ykdysady kynçylyklaryň giňemegi, etiň we beýleki gündelik azyk önümleriniň bahalarynyň ep-esli artmagy bilen, Halk maslahatynyň sentýabr aýynda geçiriljek mejlisi ilat arasynda eýýämden "howsalaly we nägilelik gürrüňlerini" köpeldip başlana meňzeýär diýip, habarçymyz ýazdy.
Degişli maglumat
Halk Maslahatynda aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildiHäkimiýetlere ýakyn çeşme Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde pensiýa ýaşyny ýokarlandyrmak, döwlet edarasynda işleýän pensionerleriň pensiýalaryny doňdurmak ýaly "populýar däl, hökümete abraý getirmejek teklipleriň” orta atylmagyna garaşylýandygyny aýtdy, ýöne sözüni has anyklaşdyrmakdan saklandy.
Bu ‘aladany’ il içinde, iş ýerlerinde edilýän gürrüňlerde hem görse bolýar.
"Şu günler iş ýerlerinde, köpçüligiň içinde, toý-märekelerde sentýabr aýynda geçiriljek Halk maslahaty barada köp gürrüň edilýär. Pensionerler boýunça agyr çözgütleriň kabul edilmegine garaşylýar” diýip, bir aşgabatly býujet işgäri aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bazar ykdysadyýetine geçmek bahanasy bilen, döwletiň azyk harytlarynyň bahalaryna bolan gözegçiligini we bu meselede öz üstüne alan jogapkärçiligini has kemeltmek ähtimallygy bar.
Azatlygyň habarçylary bu hili pikir-çaklamalaryň ýurduň beýleki sebitlerindäki ýaşaýjylaryň arasynda hem edilýändigini aýtdylar.
Maslahatda 'syýasy göçümler' hem bolarmy?
Anonimlik şertinde gürleşen syýasy synçynyň çakyna görä, "hökümet agzalan tekliplerden özüne abraý gelmejegine düşünýäne”, şu sebäpden olary “jemgyýeti demokratiýa ýakynlaşdyrmak bahanasy, prezidentiň birnäçe wezipesini Mejlise geçirmegi teklip etmek bilen ýapjak bolmaklary mümkin”.
Şol bir wagtda, synçy bu hili "demokratiýalaşdyrmak" teklibiniň özüne ýetesi "emmasynyň bardygyny" hem sözüne goşdy.
“Prezidentiň birnäçe wezipesini Mejlise geçirmekligi, Konstitusiýa goşmaçalar we düzedişler girizmek arkaly, 2027-nji ýylda amala aşyryp bolar” diýip, söhbetdeşimiz özi ýaly synçylaryň ýene bir üýtgeşiklige garaşýandygyny belledi.
Degişli maglumat
Ýylyň jemleri: Türkmenistany dolandyrýan maşgalanyň ýene bir agzasy syýasy sahna goşuldy - Oguljahan Atabaýewa“2028-nji ýylda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçiriler we şol saýlawlarda Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy Oguljahan Atabaýewanyň ýeňiş gazanyp, Mejlisiň başlygy wezipesine bellenmek ähtimallygy bar” diýip, ol häzir bu barada has anyk gürrüň etmekden ir boljakdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Halk maslahaty geçen ýyl aýlyklaryň, pensiýalaryň we kömek pullarynyň 10% köpeldilmezligi barada edilen teklip bilen ‘dile düşdi’ we, synçylaryň bellemegine görä, bu teklip guramanyň öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň 2030-njy ýyla çenli ýatyrylmasyz eden ýeňillikleriniň ýatyrylmagynyň ‘üstüne urna boldy’.
'Görülmedik hak-hukuk we adalat talaplary'
Şu aralykda, aşgabatly syýasy synçynyň bellemegine görä, türkmen režimi soňky ýyllarda, 35 ýyllyk garaşsyzlygynyň taryhynda öň görlüp-eşidilmedik derejede pikir alyşma janlanmasy, raýatlaryň sosial işjeňligi diýilýäniň ýokarlanmagy, adamlaryň dürli derejelerde edýän hak-hukuk we adalat talaplary bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Ýatlatsak, geçen ýyl Halk maslahatynyň bir agzasynyň pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we aýlyk haklaryny 10% artdyrmazlyk barada eden teklibi ilatyň sosial mediada bildiren uly nägileligine, adamlaryň ýurtdaky ykdysady, sosial we hatda syýasy meseleler barada has açyk pikir aýdyp başlamagyna sebäp boldy.
“Häkimiýetleriň ilatyň ykdysady we sosial durmuşyny gitdigiçe kynlaşdyryp, hiç hili degerli syýasy ýa medeni maýylganlygy berip bilmezligi adamlary ahyrsoňy aç-açan nägilelige getirip biler. Sebäbi uzaga çeken ýapyklygyň, syýasy doňaklygyň we üzňeligiň ahyrsoňy raýatlaryň jübüsine girmegi we iýýän iýmitini kemeltmegi olary dymmakdan el çekip, hak-hukugyny we adalaty talap edip başlamaga iterýär " diýip, ýerli ykdysatçy öz pikirini aýtdy.
Azatlyk Halk maslahatynyň web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, guramanyň elektron salgysy boýunça hat ýazyp, ilat arasyndaky aladalar barada resmi düşündiriş almaga synanyşdy, emma netije bolmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.