Harby güýçler hereketde: : Eýran bilen dartgynlygyň fonunda ABŞ-nyň harby tehnikasy dürli künjeklerde görünýär
24-nji fewralda Gresiýanyň Krit adasyndaky portda USS Gerald R. Ford gämisiniň palubasyndaky uçarlaryň görnüşi.
Waşington häzirki wagtda 2003-nji ýyldaky Yrak urşundan bäri Ýakyn Gündogarda öz harby güýçleriniň iň uly toplumy hökmünde häsiýetlendirilýän güýçlerini jemleýär.
Krit adasyna ýetmezinden öň Gerald R. Ford gämisiniň Gibraltar bogazyndan geçýän pursaty.
Howada ýangyç guýmak üçin ulanylýan ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň tanker uçarlarynyň bir hatarynyň öňünde otlaýan mallar.
Surat 23-nji fewralda Portugaliýanyň dolandyrýan Azor adalary arhipelagyndaky Lajeş howa bazasynda düşürildi.
ABŞ we Portugaliýanyň harby-howa güýçleri tarapyndan ulanylýan Lajeş howa bazasynyň uçuş zolagynda duran ABŞ-nyň harby uçary.
Lajeş bazasyndaky ABŞ işjeňliginiň artmagy Portugaliýanyň içinde käbir jedelleri döretdi. Ýurduň hökümeti bazadaky amerikan uçarlarynyň hereketiniň onuň rugsadyny talap etmeýändigini aýdýar.
20-nji fewralda ABŞ-nyň harby uçary Britaniýanyň Safolk sebitindäki RAF Mildenhall howa bazasyna gonýar.
ABŞ-nyň harby uçarlary 19-njy fewralda Bolgariýanyň Sofiýa halkara howa menziliniň uçuş zolagynda görünýär.
18-nji fewralda Arap deňzinde harby gäminiň köprüsinden surata düşürilen ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň tanker gämisi.
Eýran we Russiýa soňky günlerde bilelikdäki deňiz türgenleşiklerini görkezýän birnäçe suraty ýaýratdy. 17-nji fewralda düşürilen bu surat Eýranyň günortasyndaky kenar ýakasynda eýran gämisinden raketanyň goýberilýän pursatyny görkezýär.