Düýbi Stockholmda ýerleşýän “Raýat Hukuklaryny Goraýjylar” guramasy Gyrgyzystanda tussaglykda saklanylýan žurnalist Mahabat Tajibek gyzynyň şertli ýagdaýda, ýurtdan çykmazlyk baradaky dilhaty bilen boşadylmagy baradaky kazyýet kararyny gutlady we onuň doly aklanmagyna çagyrdy.
"Raýat Hukuklaryny Goraýjylar Mahabat Täjibek gyzynyň öýüne gowşup, maşgalasy we kämillik ýaşyna ýetmedik ogly bilen bile bolmak mümkinçiligini almagyny gutlaýar. Gurama, beýleki adam hukuklary toparlary bilen bilelikde, ol tussag edileli bäri eden çagyryşyny gaýtalaýar we gyrgyz häkimiýetleri ondan kanuny hünär işleri üçin ar almak maksady bilen öňe sürlen ähli esassyz aýyplamalary ýatyrmaly diýip hasaplaýar. Mahabat Täjibek gyzy doly aklanmaly we reabilitasiýa edilmeli" diýlip, guramanyň web sahypasynda çap edilen beýanatda aýdylýar.
Bişkek şäheriniň Lenin etrap kazyýeti 23-nji martda Temirow LIVE we “Aýt, aýt diýse” taslamalarynyň ýolbaşçysy Mahabat Tajibek gyzynyň işine seredip, ony ýurtdan çykmazlyk baradaky dilhaty astynda tussaglykdan boşatdy.
Degişli maglumat Gyrgyz kazyýeti žurnalisti türmeden boşatmagy buýurdy