“Huti” hüjümleriniň fonunda, Saud Arabystanyň, Türkiýäniň we Pakistanyň resmileriniň Eýran bilen gepleşikleri geçirmegine garaşylýar

7-nji awgustda Mekgede Bilelikdäki goranmak ylalaşygyna gol çekilenden soň, Pakistanyň premýer-ministri Şehbaz Şarif sag taparda durýan mahaly, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan (çepde) Saud Arabystanynyň tagt mirasdüşeri şazada Mohammed bin Salman bilen el gysyşýar.

“Mekge bileleşigi” diýlip atlandyrylýan birleşigiň agzalary bolan Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň we Pakistanyň ýokary derejeli resmileriniň 26-njy oktýabrda Eýranyň paýtagty Tähranda duşuşmagyna garaşylýar.

Saud Arabystanyna goranmak ministri şazada Halid bin Salmanyň, Pakistana ýurduň goşun başlygy feldmarşal Asim Muniriň we Türkiýä aňtaw gullugynyň başlygy Ibrahim Kaliniň wekilçilik etmegine garaşylýar diýip, “Reuters” agentligi öz çeşmelerine salgylanyp habar berdi.

Eýranyň ýokary howpsuzlyk edarasynyň sekretarynyň orunbasary Ali Bakeri Kani döwlet telewideniýesine beren interwýusynda Saud Arabystanynyň, Pakistanyň we Türkiýäniň ýokary derejeli resmileriniň sebit howpsuzlyk meseleleri boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Tährana geljekdigini aýtdy.

Saud Arabystanynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça ministriniň orunbasary doktor Reýed Krimli duşuşygyň 26-njy oktýabrda Tähranda geçiriljekdigini tassyklady we Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň we Pakistanyň wekilleriniň Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkýan we Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Mohsen Rezaýi bilen duşuşjakdygyny hem sözüne goşdy.

“Bu sapar, dowam edýän krizise gatnaşýan taraplaryň arasyndaky dartgynlylygy azaltmak, şeýle hem dialogy we diplomatik çözgütleri öňe sürmek üçin Mekge Bilelikdäki goranmak ylalaşygyna gatnaşýan ýurtlaryň dowamly tagallalarynyň bir bölegi hökmünde amala aşyrylýar” diýip, Krimli X platformasynda ýazan maglumatynda aýtdy.

Meýilleşdirilen gepleşikler Saud Arabystany Ýemeniň Eýran tarapyndan goldanylýan “Huti” pitneçileriniň güýçlenýän hüjümlerine sezewar bolup başlandan bäri Eýran bilen üç ýurduň wekilleriniň arasyndaky ilkinji ýokary derejeli aragatnaşyk bolar.

Degişli maglumat

Eýran tarapyndan goldanylýan Ýemen “Hutileri” Riýaddaky we Adendäki aeroportlara hüjüm etdi

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed bin Salman we Pakistanyň premýer-ministri Şehbaz Şarif tarapyndan 7-nji awgustda Saud Arabystanynyň Mekge şäherinde gol çekilen Mekge Bilelikdäki goranmak ylalaşygynda üç ýurduň haýsydyr birine garşy edilen ýaragly hüjümiň üçüsine hem garşy edilen hüjüm hökmünde kabul ediljekdigi bellenilýär.

Türkiýäniň parlamenti ylalaşygy heniz tassyklamady, Pakistan bolsa ony geçen hepde tassyklady.

Şu aýyň baynda Eýran tarapyndan goldanylýan “Huti” pitneçileri Saud Arabystanyna we Ýemeniň hökümet tarapyndan dolandyrylýan günorta bölegine täze hüjümlere başlan wagtynda, 7-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň paýtagty Riýaddaky King Halid halkara aeroportuny ballistik raketa bilen nyşana alandyklaryny aýtdylar.

Ýemeniň demirgazyk-günbatarynyň köp bölegini gözegçilikde saklaýan “Hutiler” dört ýyllap ok atyşyk bes edilenden soň, geçen aý ýurtda soňky ýyllarda bolan iň gandöküşikli söweşde Ýemeniň Gyzyl deňiz kenarynyň tas ähli bölegini basyp aldylar.

Täzeden başlanan söweşler Ýemeniň uzak wagtlap dowam edýän raýat konfliktini gaýtadan janlandyrdy we Ýakyn Gündogarda eýýäm giňden ýaýran we global energiýa bazarlaryny we söwda ýollaryny böwetleýän urşuň giňemegine goşant goşdy.

Makala Reuters agentliginiň maglumatlary esasynda taýýarlandy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.