Ykdysady kynçylyklaryň dowamly çuňlaşmagy, durmuşyň barha gymmatlamagy bilen, ýurtda ýolagçy we şäherara otlularyna bolan zerurlyk görülmedik derejelerde ýokarlanýar diýip, bu meselede mundan öň hem birnäçe gezek pikirini aýdan çynçylar we hünärmenler ýene Azatlyga ýüz tutdular.
Goňşy Özbegistanda Hywa-Ürgenç halkara aeroporty ugry boýunça elektrik otlusynyň işe girizilmeginiň fonunda, türkmen raýatlary ýurduň demirýol gatnawynyň, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hiliniň gowulanmagyna garaşýarlar.
Paýtagtdaky we sebitlerdäki habarçylarymyz bilen gürleşen adamlar ilatyň ikinji, üçünji derejeli we soňra ‘öli kapitala öwrülýän, ýurt ykdysadyýetine goşmaça ýük bolýan gurluşyklara’ milliardlarça dollar harçlap, şäherara otlularynyň gatnawyny dikeldip, hem ýolagçylara, hem ykdysadyýete ‘el uzatmakdan saklanýan häkimiýetlere’ düşünip bilmeýändiklerini aýdýarlar.
Demirýol gatnawy halky haçan kanagatlandyrar?
Demirýol hünärmeniniň sözlerine görä, ýolagçy gatnawynyň ‘gyssagly döwrebaplaşdyrylmagy’ baradaky talaplar sebitleriň arasyndaky arabaglanyşygy, ykdysady gatnaşyklary, zyýaratçylygy, dynç alyş we bejeriş ulgamlaryny, syýahatçylygy ösdürmek bilen baglanyşdyrylýar.
Degişli maglumat
Lebapdaky otly gatnawy ýene ýaramazlaşdy, ýöne gowulaşma 'inçejik umyt' dörediAzatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen raýatlar ilkinji nobatda häzir umuman hiç hili otlusyz galýan ugurlar boýunça gatnawlaryň dikeldilmelidigini nygtaýarlar.
Olaryň arasynda Aşgabat-Tejen-Sarahs, Bereket-Etrek, Bereket-Serhetýaka, Daşoguz-Köneürgenç-S. Türkmenbaşy şäherçesi, Daşoguz-Zarpçy-Gubadag, Türkmenabat-Farap, Kerki-Ymamnazar, Tallymerjen-Mukry-Kelif, Mukry-Magdanly ýaly ugurlar hem bar.
Habarçymyz ýerli ykdysatçylar we syýahatçylyk hünärmenleri bilen gürleşip, olaryň hem pikirlerini sorady.
Aýry-aýrylykda gürleşilen hünärmenler ýurduň belli şypahanalaryna, taryhy we medeni merkezlerine, tebigy zolaklaryna amatly we howpsuz bolan ulag - ýolagçy otlularynyň gatnawyny ýola goýmagyň wagtynyň bireýýäm gelendigini aýtdylar.
Bu diňe zyýaratçylygy, dynç alyş we sagaldyş ulgamyny, syýahatçylygy ösdürmek däl, eýsem, iş orunlaryny hem köpeltmek, müňlerçe maşgala gazanç mümkinçiligini döretmek bolar diýip, ykdysatçy aýtdy.
Syýahatçylyk hünärmeni otly gatnawlarynyň derhal ýola goýulmaly ugurlary barada gürrüň edip, meşhur Arçman şypahanasyna, Nohur obasyna we Köwata gowagyna baryp-gelmek üçin amatly şert döretmek üçin Aşgabat-Arçman otly gatnawynyň ýola goýulmalydygyny aýtdy.
Adamlar we ýurt üçin peýdaly boljak iş näme üçin bökdelýär?
Mollagara şypahanasyna, Gyzylgaýanyň kanýonlaryna, Uzboýyň yzyna, Balkan daglarynyň gözelliklerine tomaşa etmek üçin Aşgabat-Balkanabat-Jebel; gadymy Köneürgenjiň we Horezmiň mirasyna we taryhy ýadygärliklerine zyýarat etmek üçin Daşoguz-Köneürgenç; Köýtendagyň we Lebabyň tebigy, taryhy ýadygärliklerine syýahatçylygy ösdürmek üçin Türkmenabat-Kelif; gadymy Merwe baryp görmek, Baýramaly şypahanasyna kynçylyksyz baryp ýetmek üçin Aşgabat-Baýramaly; Garagum çölüniň jümmüşine gezelenç üçin Aşgabat-Derweze otlulary gatnasa, adamlar we ýurt üçin nähili peýdaly bolardy diýip, söhbetdeşlerimiz aýtdy.
Ýerli ykdysatçylaryň sözlerine görä, paýtagt Aşgabatda we welaýat merkezlerinde obalardan we etraplardan günde işe, lukmançylyk kömegine, bazara we resminama işleri boýunça gelýän raýatlaryň sany gaty köp bolup, adamlar köplenç awtobus hyzmatynyň hilinden we ýeterlik bolmazlygyndan ‘gaty kösenýärler’.
Degişli maglumat
Aşgabadyň we welaýatlaryň arasynda gatnaýan ýolagçy köpeldi, bilet gytaldy“Goňşy döwletleriň, hususan-da Azerbaýjanda, Özbegistanda, Gazagystanda edilýän işlerden görelde alyp, şäherara otlularynyň gatnawyny dikeltmek häzir örän möhüm we gaýragoýulmasyz mesele bolup durýar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Anonimlik şertinde gürleşen demirýol hünärmeni häzir, ýolagçy we şäherara otlularyna bolan islegiň we zerurlygyň örän ulalan wagtynda, bu pudaga maýa ýatyran ýagdaýynda, "döwletiň diňe abraý gazanyp biljekdigini" aýtdy.
"Raýatlar şäherara otlularynyň dikeldilmegi we täze ugurlaryň açylmagy barada uzak wagt bäri gürrüň edýärler, mesele gozgaýarlar. Eger döwlet ýolbaşçylary ilatyň arz-şikaýatyny diňleseler, ýurt bähbitli meseleleri çözseler gowy boljak. Adamlar bolmanda günde iki gezek: irden we agşam şäherara otlulary ýola goýulsa hem, ilat üçin örän uly goldaw bolardy diýýärler” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Hiç hili otly gatnawy bolmadyk ýerler kän
Ýurt uly bolansoň, isleg bildirilýän ugurlar hem köp. Ilkinji nobatda häzir hiç hili otly gatnawy bolmadyk ýerlere otly gatnawyny ýola goýmaly diýip, söhbetdeşimiz Sarahs, Etrek, Serhetýaka, Köneürgenç, Saparmyrat Türkmenbaşy şäherçesi, Gubadag, Farap, Tallymerjen, Kelif, Magdanly, Ymamnazar diýçen ýaly ilatly ýerleri agzady.
Soňra, birinji tapgyrda, paýtagt Aşgabady ýanaşyk etraplar bilen birleşdirjek Aşgabat-Arçman, Aşgabat-Arkadag, Aşgabat-Kaka ugurlary boýunça şäherara otlularyň gatnawyny ýola goýmaly. Mary-Ýolöten, Mary-Tejen, Mary-Serhetabat otlularyny dikeltmeli.
“Bu işi bir günde ýola goýmak kyn, ýöne 1-2 ýylyň içinde ýola goýmak mümkin, sebäbi hiç hili täze demir ýollary gurmak talap edilmeýär, diňe öňden bar bolan polat ýollar boýunça günde 2 gezek reýsleri amala aşyrmak zerur" diýip, demir ýol hünärmeni sözüni jemledi. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, awgust aýynyň üçünji on günlügi ýurtda ýolagçy transportyna bilet almak meselesiniň iň bir çylşyrymlaşýan döwri hasaplanýar.
“Sebäbi, bir tarapdan, Awazada dynç alýan raýatlar öz welaýatlaryna gaýtmagyň zary, ikinjiden, studentler okuwa gitmegiň aladasy bilen, üçünjiden, zähmet migrasiýasyna çykan raýatlaryň akymy hem adatça awgustyň aýagynda has ýygjamlaşýar. Şeýle pursatda, Aşgabatda düşüp-münmezden, göni gatnaýan sebitara otlularyň zerurlygy has hem artýar” diýip, ýerli çeşme aýtdy.
Degişli maglumat
Ilat ýurt içindäki 'gatnaw kynçylyklarynyň beterleşmeginden' gaty nägile bolýar"Türkmenbaşydan günde bary-ýogy 1-2 otly bar, ol hem diňe Aşgabada çenli, ýurduň ähli beýleki dört welaýatyndan gelen raýatlar şol hyryn-dykyn otluda öýlerine gaýtmaga mejbur, emma köp adamlar şoňa-da mümkinçilik tapyp bilmeýär. Soňra Aşgabatda düşüp, uzakly gün, käte 2-3 günläp bilet alyp bilmän, öz welaýatlaryna gaýtmagyň aladasynda ýörän raýatlaryň sany sanardan kän” diýip, Türkmenbaşy stansiýasynda işleýän işçi habarçymyza aýtdy.
Awaza dynç almaga gelýän adamlaryň pikiriçe, hiç bolmanda, hepdede 2 gezek Türkmenbaşy-Daşoguz, 2 gezek Türkmenbaşy-Türkmenabat we 2 gezek Türkmenbaşy-Serhetabat göni otlularynyň gatnawyny amala aşyrmak juda möhüm bolup durýar.
Ilatyň bilet kynçylyklarynyň fonunda, ýurtda ýangyç ýetmezçiligi meselesiniň barha ýitileşmek ähtimallygy bilen, Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde demirýol gatnawlarynyň has-da azaldylmak howpundan howatyr edýän raýatlar hem az däl.
Azatlygyň habarçylary degişli ýolbaşçylara demirýol gatnawyny döwrebaplaşdyrmak zerurlygy we ilatyň bu ugurdaky isleg-arzuwlarynyň haçan kanagatlandyryljakdygy barada açyk sorag berip, resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.