Jezanyň öň ýanyndaky günä geçiş

Ölüm jezasyna höküm edilen ady Balal diýip tutulan adamyň boýnuna tanap atylýar. Ol ýedi ýyl mundan öň Abdylla atly öz ýaşdaşyny pyçaklap öldürmekde günäli tapylyp, ölüm jezasyna höküm edildi. Şol döwürde jenaýatkäriň we onuň pidasynyň ikisi-de 17 ýaşyndady.  

Planlaşdyrylan jezadan bir gün öň, Balalyň ejesi oglunyň günäsiniň geçilmegine umydy elden berendigini aýtdy. 

Mazandaran welaýatynyň Noor şäheriniň ýaşaýjylary planlaşdyrylan ölüm jezasyny görmek üçin ýygnandylar.
 

Pida bolan oglanyň maşgalasynyň planlaşdyrylan jezalandyryş çärisine gatnaşyp, dardan asylyp öldürilmek jezasyna höküm edilen adamyň aýagynyň aşagyndan diregi aýyrmagyna garaşylýar. Bu çäre şerigat tarapyndan "ar alyş" hökmünde makullanýar.

Balalyň garyndaşlary planlaşdyrylan jezanyň önýanynda. 

Pidanyň ene-atasy Balalyň boýnuna tanapyň salynan wagtynda.

Iň soňky pursatda pidanyň ejesi Balalyň ýanyna baryp oňa şarpyk çalýar we günäsini geçendigini aýdýar.    

Bu karar tussagyň ölümden gutulandygyny aňladýar. Pidanyň ene-atasy onuň boýnundan tanapy aýyrýar.

Howpsuzlyk güýçleriniň agzasy maşgalanyň karary üçin pidanyň kakasy Abdolghani Hosseinzadehe minnetdarlyk bildirdi.

Balalyň ejesi we pidanyň ejesi bile aglaýarlar.

Balalyň ene-atasy Abdollahyň kakasyna we onuň maşgalasyna minnetdarlyk bildirýärler. 

Balalyň maşgalasy. Oglanyň ölümden gutulmagy onuň azat ediljegini aňlatmaýar. Pidanyň maşgalasy diňe ölüm jezasynyň ýerine ýetirilmezligini soramaga hakly.

 

Abdollah Hosseinzadehyň ejesi, atasy we aýal dogany öz öýünde. Maşgala ýene bir perzendini 11 ýaşly ogluny motosikl heläkçiliginde ýitirdi.
 

Abdollahyň ene-atasy oglunyň mazarynda.