Iş orunlarynyň 'meýilleşdirilýän' kemeltmeleri etniki azlyklaryň wekillerini uly alada goýýar

Mary. Buluç azlygynyň wekili söwda edýär. Bezeg suraty

Lebap sebitindäki çeşmäniň 16-martda iberen maglumatyna görä, welaýatyň býujet edaralaryna paýtagtdan iş orunlaryny kemeltmek we ilkinji nobatda milli azlyklaryň, şol sanda etniki özbekleriň, täjikleriň, tatarlaryň wekillerini, şeýle-de pasportynda türkmen diýlip ýazylan, asly özbek bolan işgärleri işden boşatmak barada gizlin görkezme gelipdir.

Türkmenistandaky maglumat ýapyklygy bu aýdylýanlary ýerinde barlamaga, resmilerden ol ýa-da beýleki görnüşde düşündiriş almaga mümkinçilik bermeýär.

Habarçylarymyz bilen aýry-aýrylykda gürrüňdeş bolan lebaply ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, sebitiň Türkmenabat, Seýdi, Kerki, Gazojak şäherlerinde, Çärjew, Dänew, Farap, Darganata, Köýtendag etraplarynda soňky hepdelerde bu talap barada ol ýa-da beýleki görnüşde dürli habarlar ýaýraýar.

Degişli maglumat Türkmen-özbek gatnaşyklaryndaky meseleler il-ýurt bähbitlerine 'ters gelýär'


Türkmenistanda ýapylýan ýa-da täze döredilýän iş orunlary barada anyk maglumat berilmeýär, şol bir wagtda käte hökümet mejlislerinde müňlerçe iş ornunyň döredilýändigi öňe sürülýär, emma bu hili habarlar köplenç anyklaşdyrylmaýar.

Iş orunlarynyň kemeldilmek ähtimallygy uly alada öwrülýär

Soňky işden boşatmalar, bir tarapdan, ýurtda dowam ýiti ykdysady krizisiň fonunda geçirilse, beýleki tarapdan, ýurduň býujet pudagynda dörän görlüp-eşidilmedik “kadr açlygyna gabat gelýär” diýip, ýerli çeşme aýtdy.

Ýerli ykdysatçylaryň aýtmaklaryna görä, sebitiň bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet, suw hojalygy, energetika ýaly derwaýys sosial pudaklarynda etniki azlyklaryň we pasportynda türkmen diýlip ýazylan özbek asylly raýatlaryň sany ‘saldamly’ bolup, olaryň işden köpçülikleýin boşadylmagy ençeme etrapda “kyn ýagdaýlary döredip biler".

“Ilat ýazuwlarynyň netijesi boýunça, hatda resmi derejede bolsa-da, welaýatyň Köýtendag, Döwletli, Kerki, Darganata ýaly merkezden has daşdaky etraplarynda etniki özbekleriň sany ilatyň 15-84%-ine barabar. Mundan başga, soňky onýyllyklarda türkmenleşdirilen, ýöne arhiw maglumatlary boýunça asly özbeklerden, täjiklerden bolan raýatlaryň sany welaýat merkezi Türkmenabatda, oňa ýanaşyk Çärjew, Farap, Dänew etraplarynda hem gaty kän” diýip, ýerli ykdysatçy habarçymyz bilen eden anonim söhbetdeşliginde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, beýle köp adamyň birden ykdysadyýetden üzňeleşdirilmegi pudaklarda “uly meselä öerülip biler”.

Köýtendagly magaryf işgärleriniň anonimlik şertinde aýtmaklaryna görä, ýene 2,5 aýdan tamamlanýan okuw ýylynyň jemleri boýunça, etrabyň Magdanly, Köýten oba, Kelif, Köýtendag ýaly ilatly nokatlarynda mekdep mugallymlarynyň sanyny 15-25% töwereginde kemeltmek göz öňünde tutulýar.

Bilim ministriliginiň tapan 'çykalgasy'

Resmi taýdan tassykladyp bolmaýan maglumata görä, Bilim ministrliginden mekdeplerde 1-nji synpa kabul edilýän okuwçylaryň sanyny, şeýle hem okuw ýylynyň başynda 5-nji we 11-nji synplarda bolan okuwçylaryň sanyny 33-35 okuwçydan az etmezlik talaby gelipdir.

Degişli maglumat Türkmenistanda etniki azlyklaryň bagşylaryndan “türkmenleşdirmek” talaby güýçlenýär


"Öňler 100 sany çaga 1-nji synpa gelýän bolsa, 4 sany 25 okuwçyly synp açardyk, indi şony 33-e we degişlilikde 3 synpa getirmek talap edilýär" diýip, köýtendagly magaryf işgäri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Bu aýdylýanlary kerkili statistika işgäri hem tassyklady.

"Diňe bir bilim pudagynda däl, ähli býujet edaralarynda işgär sanyny kemeltmek talaby geldi. Bilim pudagynda ýagdaýyň has agyr boljagy ikuçsuz, sebäbi soňky 4-5 ýylyň içinde ýurtda çaga dogluşy hatda resmi sanlar boýunça-da 20% gowrak kemeldi, hakyky sanlar boýunça seretsek, keminden soňky 4-5 ýylda çaga dogluşy görnetin kemeldi" diýip, kerkili statistika işgäri aýtdy.

Habarçymyz Darganata etrabynyň hem birnäçe ýaşaýjysy bilen söhbetdeş boldy. Olaryň aýtmaklaryna görä, etrabyň poçta, telekom aragatnaşyk ulgamlarynda hem 3-5 işgärden artyk galdyrylmaz diýlip gürrüň edilýär.

Demirýol ulgamynda hem iş orunlarynyň düýpli kemeldiljegi çaklanylýar, etrabyň çägindäki demirýol stansiýalarynda bilet kassalaryny, otla garaşylýan zallary azaltmak meýilleri bar, etraby 300 kilometrden gowrak uzaklykda ýerleşýän Türkmenabat şäheri bilen baglaýan Gazojak - Türkmenabat otlusynyň hem şu ýylyň dowamynda ýapylmagy ýa-da hepdede 1-2 gezege geçirilmegi barada anygyna ýetip bolmaýan gürrüňler edilýär diýip, çeşme aýtdy.

Ýakyn Gündogar wakalarynyň döreden pikir alyşmalary

Şu aralykda, Özbegistanyň Ýakyn Gündogar ýurtlaryndaky aladalaryň arasynda müňlerçe raýatyny öz ýurduna getirmegi we türkmen häkimiýetleriniň ol ýurtlardaky raýatlaryna nähili kömek edýändigini aýtmazlygy daşoguzly, lebaply etniki özbeklerde, täjiklerde we garagalpaklarda Özbegistana hemişelik göçüp gitmek meýillerini güýçlendirýär diýen maglumat hem gelip gowuşdy.

Daşoguzly etniki özbekler we garagalpaklar goňşy Özbegistanyň Horezm welaýatyna we Garagalpagystan respublikasyna göçüp gitmek barada pikir alyşýarlar diýip, habarçymyz öz çeşmelerine salgylanyp ýazdy:

"Köneürgençde, Şabatda, Garaşsyzlykda berilýän agzaçarlarda, sadakalarda Özbegistana nädip we haýsy ýollar bilen hemişelik göçüp gitmek barada köp pikir alyşma boldy."

Bu ýagdaýy bir lukman hem tassyk etdi.

Degişli maglumat Etniki azlyklaryň Türkmenistandan göçüp gitmegi dowam edýär


"Biz öz ýurdumyzda üçünji sort gul derejesine getirildik. Hiç kim hiç ýerde arzymyzy diňlänok, hiç hili erkinlik ýa adam mertebesi ýok" diýip, çärjewli 43 ýaşly lukman aýtdy. Onuň ady redaksiýada bar.

Aýdylmagyna görä, Lebap welaýatynda hem sadakalarda, agzaçarlarda ýerli özbekler we täjikler Özbegistanyň Buhara, Samarkant, Nowaýy, Horezm welaýatlaryna hemişelik göçüp gitmek barada köp gürrüň edip başladylar, olar Türkmenistanda indi özleri we çagalary üçin hiç hili gelejegiň, mümkinçiligiň we umydyň ýokdugyny aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda etniki azlyklaryň wekilleriniň hukuklarynyň kemsidilişi, şol giň ýaýrandygy aýdylýan hukuk bozulmalary barada çykýan habarlara açyk reaksiýa bildirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.