Türkmenistanda hökümetiň berk gözegçiligi astynda saklanýan gazet-žurnallara mejbury abuna ýazylmak talaby telekeçilere hem gelip ýetdi. Ahal welaýatynyň telekeçilerinden her aýda 1000 manat töläp, gazet-žurnallara abuna ýazylmak talap edilýär.
Talaby berjaý etmek islemeýänlere “telekeçilik işlerinde bilkastlaýyn kynçylyk dörediljegi” duýdurylýar. Bu ýagdaýlar barada ahally telekeçileriň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi.
“Şu hepde Ahal welaýat häkimliginiň işgärleri ýerli telekeçileriň iş ýerlerine aýlanyp ýa-da olary öz ýanlaryna çagyryp, gazet-žurnallara abuna ýazylmagy talap edýärler. Mundan ozal telekeçiler diňe ‘Rysgal’ gazetine ýazylmaly edilen bolsa, indi ykdysadyýete we beýleki ugurlara degişli başga-da ençeme gazet-žurnala abuna ýazylmagy talap edýärler” diýip, ahally telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Degişli maglumat
Mekdep ýygnaklarynda ene-atalar abuna ýazylşyga nägilelik bildirip, pul bermekden ýüz öwürdilerTelekeçileriň abuna ýazylmaly edilen neşirleriniň arasynda “Biznes reklama” hepdelik gazeti, “Maliýe we ykdysadyýet” žurnaly, “Bereketli toprak” gazeti dagy bar.
“Telekeçilik işiňi dowam etdirmek isleýäňmi?”
“Häkimlik wekilleri telekeçiniň bular üçin her aýda 1000 manat abuna tölegini tölemelidigini aýtdylar. Abuna ýazylmak ‘Türkmenmetbugat’ saýtynyň ýa-da mobil goşundysynyň üsti bilen onlaýn görnüşde ýa-da häkimlige nagt pul tabşyrmak görnüşinde bolmaly” diýip, ahally ýene bir telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Söhbetdeşlerimiz özleriniň kiçi telekeçilerdigini, her aýda 1000 manady abuna tölese, onda aýlyk gazançlarynyň ujypsyz boljakdygyny, hat-da käbir aýlarda zyýana galmaklarynyň hem mümkindigini aýdýarlar.
Olaryň sözlerine görä, köp telekeçi häkimlik wekillerine bu ýagdaýlary düşündirip, özleriniň abuna talabyndan boşadylmagy ýa-da abuna töleginiň azaldylmagyny sorapdyrlar.
“Olar ‘işlejekmi? Mundan beýläk hem telekeçilik işiňi dowam etdirmek isleýäňmi? Eger-de biz bilen ylalaşyp, her aý abuna ýazylyp, 1000 manat tabşyrmana ýagdaýyň bolsa işlärsiň, bolmasa yzyňdan ýetip, ýönekeý adamlaryň hataryna goşarys, telekeçilik işiňde bilkastlaýyn kynçylyk dörederis’ diýip duýdurdylar. Men başga çykalga tapman, her aý 1000 manat häkimlige pul bermäne razy boldum” diýip, ahally telekeçi belledi.
Telekeçiler gazet-žurnallaryň mazmunynyň “garypdygyny” we olary okamaýandyklaryny aýdyp, abuna ýazylmak talabyny “häkimiýetleriň telekeçileri talamagynyň nobatdaky usuly” atlandyrýarlar.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Ahalyň häkimliginden teswir almaga synanyşdy. Redaksiýamyzyň 26-njy noýabrda Ahal welaýat häkimligine we Bäherden, Ak bugdaý etrap häkimliklerine eden jaňlaryna jogap beren resmiler “bu barada özlerinde maglumatyň ýokdugyny” aýdyp, telefony goýdular.
Degişli maglumat
Balkanabatda mejbury abuna ýazylmadyk okuwçylar mekdebe goýberilmeýärHojalyk maksatlary üçin ulanmak we dilhaty
Türkmen häkimiýetleri indi onlarça ýyl bäri edara-kärhanalaryň işgärlerini, ýokary we orta hünär mekdepleriň talyplaryny we okuwçylaryny, şeýle-de, mekdep okuwçylaryny hökümetiň berk gözegçiligindäki gazet-žurnallara abuna ýazylmaga mejbur edýärler.
Söz-metbugat azatlygyny we beýleki esasy azatlyklary berk çäklendirmekde tankyt edilýän Türkmenistanda raýatlar gazet-žurnallaryň mazmunynyň “garypdygyny”, olarda esasan türkmen hökümetiniň alyp barýan syýasatynyň we Berdimuhamedowlaryň propagandasynyň edilýändigini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.
Ýurtda köp raýatyň gazet-žurnallary hojalyk maksatlary, şol sanda hajathana kagyzy hökmünde ulanýandygy, gyş paslynda aýakgabyň içini gury saklamak we peçlerde ot ýakmak ýaly maksatlar üçin peýdalanýandygy barada hem ýurduň dürli künjegindäki habarçylarymyz ençeme gezek maglumat berdiler.
Bu habarlaryň arasynda, ýurduň howpsuzlyk gulluklary býujet işgärlerinden abuna ýazylan gazet-žurnallarynda prezidentiň we onuň kakasynyň suratlary bolan sahypalary hojalyk maksatlary üçin ulanmajagy hakda dilhaty aldylar.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgap, maglumat bermeýärler.
Degişli maglumat
Býujetçilerden abuna ýazylan gazet-žurnallaryny hojalyk maksatlary üçin ulanmajagy hakda dilhaty alynýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.