Jebeldäki zawod barha kän saglyk aladasyny döredýär, MHM 'arz edenleri gysýar'

Jebel görnüşi. Balkan sebiti

Jebeldäki sement zawodynyň howa goýberýän zyýanly galyndylary adamlarda uly saglyk aladalaryny döredip, ýerli ilaty tomsuň yssy günlerinde has-da kän ynjalykdan gaçyrýar, Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli işgärleri häkimlige, Gurluşyk ministrligine şikaýat eden adamlary ýeke-ýekeden äkidip, gorkuzmak usullaryny ulanýarlar.

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen sement zawodynyň howa goýberýän zyňyndylarynyň ilki tüsse görnüşinde, soň kül tozanyna öwrülip, kärhananyň töwereginde ýaşaýan adamlaryň depesinden ‘ýagýandygyny’ aýtdy.

“Jebel halky dem alýan howasyndan howatyr edýär. Sement zawodynyň zyňyndylary ilatyň saglygyna barha kän ýaramaz täsir ýetirýär” diýip, bir ýaşaýjy bu zawodyň uzagyndan ‘ekologik apada ‘öwrülmek’ ähtimallygyndan alada bildirdi.

“Zawodyň howa filtrlerini çalyşmak wagtynyň bireýýäm geçendigine garamazdan, resmiler halk saglygyna ýetip biljek uly zyýana göz ýumýarlar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.

Degişli maglumat

Aşgabadyň sement kyssasy 'özüňi aldamagyň özboluşly nusgasyna' öwrülýär


Azatlygyň habarçylary geçen ýylyň maýynda işçileriň ýarysynyň işini ýitirendigini, Jebeldäki kärhananyň 'geljeginiň näbellidigini' habar beripdiler.

'Jaýlaryny söküp, göçýän köpelýär'

Jebelde, Balkanabat obalarynda täze gurlan, bu zawoddan 3 we 5 kilometr uzaklykda ýerleşýän jaýlaryň eýeleri indi sement kärhanasyndan gelýän erbet, tozanly tüsse sebäpli, jaýlaryny söküp, göçüp gidip başladylar diýip, Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen adamlar aýtdylar.


“Soňky 2-3 ýyl bäri bu zawodyň howa syzdyrýan erbet, hapa we zyýanly gazlary golaýda ýaşaýan ilatyň dem alyş ýollarynda döreýän ýaramazlyklaryň, demgysma, deri keselleriniň köpelmegine sebäp bolýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen saglyk işgäri aýtdy.

58 ýaşly A.-nyň tassyklamagyna görä, çagalarynda allergiýa, göz bilen bagly näsaglyklaryň köpelmegi sement zawodynyň golaýynda jaý salnan adamlary haýal etmän göçmäge mejbur edýär.

“Ilki zawod gurlan wagty howa beýle hapa syzdyrmazdy. Işçilerden sorap görsek, zawodyň enjamlaryna wagtly-wagtynda tehniki gözegçilik edilmeýän eken. Ätiýaç şaýlarynyň, filtrleriň wagtynda çalşylmazlygy netijesinde, zawod soňky ýyllarda has kän gara tüsse goýberýär” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, zawodyň golaýynda ýaşaýan adamlar günde hapa howadan dem alýar, böwregi daşly näsag köpelýär. Bu ýagdaý ýerli ýaşaýjy häkimiýetlere birnäçe gezek şikaýat etmegine sebäp bolupdyr.

Tejribeden belli bolşy ýaly, Türkmenistanda häkimiýetlere arz eden adamlaryň arzy köplenç diňlenmeýär.

MHM wekilleri arz edenlerden 'dilhaty aldy'

Söhbetdeşlerimiziň tassyklamagyna görä, arz eden adamlar Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli işgärleri tarapyndan gorkuzylypdyr. Azatlyk MHM wekilleri bilen gürleşip, resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Degişli maglumat

'Tejenkarbamidiň' hünärmenleri ‘heläkçilige getirip biljek’ korrupsiýa barada duýdurýar


“Biz dem alamyzda, içimize sement ýuwudýarys” diýip, häkime birnäçe sapar şikaýat etdik. Ol ‘Senagat we gurluşyk ministrligine şikaýat ediň’ diýdi. Emma ministrlik ýazan arzalarymyza jogap hem bermeýär. Muňa derek, MHM işgärleri arza ýazan adamlary öýlerinden ýeke-ýekeden alyp gidip, her hili haýbat atyp, döwlet taslamasy bolan sement zawodyna garşy çykmagyň özlerine gowulyk bolmajakdygyny duýdurdylar, ýaşaýjylardan gaýdyp şikaýat etmejekdigi hakynda dilhaty aldylar” diýip, bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ýaşaýjylar, hapalanan howadan dem almazlyk üçin diňe bir çäreleriniň, daşraga göçmegiň galandygyny aýtdylar.


“Göçüp gutulmasak, arzymyzy diňleýän tapmadyk. Diňe janymyz däl, malymyzam zyýan çekýär. Gije daşarda goýan awtoulagymyz, irden baryp görsek, durşuna sement tozanyna örtülen bolup çykýar. Ulagyň reňki, himiki tozan bölejiklerinden ýaňa, her 3 aýdan zaýalanýar. Ýurtda kanun bolsa, diňe adamlaryň saglygy üçin däl, ýaşaýjylara zawodyň ýetirýän beýleki zyýanlary üçin hem kompensasiýa, öwez puly tölenmeli” diýip, jebelli ýaşaýjy prezidentiň kanunlaryň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklanmaýandygyny hem sözüne goşdy.

Türkmen ykdysadyýetini dürlüleşdirmegiň çäginde, döwlet eýeçiligindäki metbugatyň habarlaryna görä, ýurtda barha kän senagat kärhanasy gurulýar.

Ýöne Azatlyk bu kärhanalaryň tebigata, daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsirleri, ýaşaýjylaryň edýän şikaýatlary barada, maglumat ýapyklygy sebäpli, resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Hökümet saglyk üçin tagalla edilýändigini aýdýar

Şol bir wagtda, döwlet eýeçiligindäki metbugat hökümet mejlislerine salgylanyp, gurulýan senagat kärhanalarynyň dünýä ölçeglerine laýyk, ekologiýa taýdan zyýansyz işlemegi üçin zerur tagallalaryň edilýändigi tekrarlaýar.

Degişli maglumat

'STOP Methane': Türkmenistan dünýäniň iň uly metan syzdyryjysy


Emma muňa garamazdan, ýerli ýaşaýjylar indi birnäçe ýyl bäri Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesiniň golaýynda, Mollagara şypahanasynyň alkymynda gurlan kärhanalaryň adamlary barha kän alada goýýandygyny öňe sürýärler.

Balkan sebitine belet çeşmäniň öňki ýyllarda beren habarlaryna görä, Jebelde gurlan sement zawodynyň, Uly Balkan dagyndaky sement karýeriniň çal tüssesi we tot-tozany diňe Jebel şäherçesi bilen Mollagara däl, eýsem golaý-goltumdaky beýleki ilatly nokatlara, Nebitdaga hem baryp ýetýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.