Kennediniň durmuşy

Jon Fitzgeral Kennediniň kakasy, Josef Kennedy (çepden ikinji), ejesi Roz (çepden üçünji) we doganlary: (çepden saga) Ketlin, Edward (Ted), Patrisiýa, Jean we Robert. London. 1938 ý.

Jon Kennedy (sagda) we onuň agasy Josef P. Kennedy (çepde) kakalary Josef bilen durlar. 2-nji iýul, 1938 ý.

PT-109 Torpedo gämisiniň agzalary. Olaryň arasynda harby-deňiz güýçleriniň leýtenanty Jon F. Kennedy (sagda) hem bar. Iýul, 1943 ý.

Demokratlardan dalaşgär Jon F. Kennedy prezidentlk kampaniýasyny alyp barýar. Nýu-Ýork. 14-nji maý, 1960 ý.

Respublikan partiýasyndan dalaşgär, ABŞ-nyň wise-prezidenti Riçard Nikson we onuň Demokratlardan garşydaşy senator Jon Kennedy. 26-njy sentýabr, 1960 ý.

Kennedi ABŞ-nyň 35-nji prezidenti hökmünde kasam etdi. Waşington. 20-nji ýanwar, 1961 ý.

Prezident Kennedi Senatda çykyş edip, 1970-nji ýyla çenli ilkinji adamy aýa uçurmak boýunça pul serişdeleriniň goýberilmegini soraýar. 26-njy maý, 1961 ý.

1961-nji ýylda prezident Kennedy Sowet Soýuzynyň lideri Nikita Hruşew bilen ilkinji gezek duşuşdy.

Prezident Kennedy gyzy Karoline we ogly Jon Jr. bilen Ak tamda. 10-njy oktýabr, 1962 ý.

Prezident Kennedy Berlinde çykyş edýär. Şol wagt Kennedy özüniň meşhur "Ich bin ein Berliner" ("Men berlinli") diýen sözlerini aýtdy. 26-njy iýun. 1963 ý.

Prezident Kennedy özüne ediljek hüjümiň öňýany aýaly bilen Dallas şäherinden barýar. 22-nji noýabr, 1963 ý.

Prezident Kennediniň jaýlanyş mirasymy. 25-nji noýabr, 1963 ý.

Žakueline Kennedy çagalary: Karoline we John Jr. bilen. Kennediniň jaýlanyş mirasymy. Waşington. 26-njy noýabr, 1963 ý.