Kramatorsk şäherine urlan rus zarbasynda ölenleriň sany 12 adama ýetdi

Halas edijiler ýurduň gündogaryndaky Kramatorsk şäherindäki restoranyň harabalyklarynyň aşagyndan ýene bir jesedi çykardylar we ruslaryň bu şähere uran raketa zarbasynda ölenleriň sany 12 adama ýetdi diýip, Ukrainanyň gyssagly kömek gullugy 29-njy iýunda habar berdi.

Häkimiýetler ölenleriň arasynda çagalaryň hem bardygyny, 60-dan gowrak adamyň ýaraly bolandygyny aýdýarlar.

Ukrain häkimiýetleri bir gün öň ruslara Kramatorsk şäherine garşy gurnalan raketa hüjümini amala aşyrmaga kömek etmekde güman edilýän adamyň tussag astyna alnandygyny habar berdiler.

Degişli maglumat Kramatorska urlan raketa zarbasyndan ölenleriň sany dokuza ýetdi; halas ediş işleri dowam etdirilýär