Kristofer Landau Aşgabatda energetika we ulag hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau (çepde) we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau 23-nji noýabrda Aşgabatda prezident Serdar Berdimuhamedow we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen aýry-aýry duşuşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, gepleşiklerde söwdany we maýa goýumlaryny artdyrmak, energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de Hazarüsti ulag gatnawyny ösdürmek barada pikir alşyldy.

Ministrligiň 24-nji noýabrda çap eden habaryna görä, Landau ABŞ-nyň Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanýandygyny tassyklady. Ol ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Serdar Berdimuhamedowa we Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Serdar Berdimuhamedow hem Trampa iň gowy arzuwlaryny beýan edip, bu saparyň iki ýurduň gatnaşyklaryny ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Berdimuhamedow soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyny nygtady. Ol 2025-nji ýylyň noýabrynda Waşingtonda geçirilen C5+1 sammitine gatnaşandygyny we Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewralynda Florida saparyny ýatlady. Landau bolsa türkmen prezidentiniň geçen ýyl Tramp bilen duşuşygynda gazanylan ylalaşyklaryň oňyn netije berýändigini aýtdy.

Degişli maglumat

'ABŞ sebitde has möhüm oýunça öwrülip biler'. Öňki ilçi Daniel Rozenblum bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, duşuşykda “Boeing”, “John Deere”, “Case New Holland” we “Nicklaus Companies” ýaly amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk hem agzaldy. Berdimuhamedow Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa, sanly ykdysadyýet we emeli aň boýunça bilelikdäki taslamalara taýýardygyny, ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleri we ylmy barlag edaralary bilen gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanýandygyny aýtdy.

Söwda we täze eksport ugurlary

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 16-njy noýabrda ýaýradan beýanatynda Aşgabatdaky saparyň maksatlarynyň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmegi, şeýle hem Türkmenistanyň energiýa eksporty üçin täze ugurlary ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy görkezdi. Waşington bu babatda Hazarüsti geçelgäni we “Halkara parahatçylyk we abadançylyk üçin Tramp ugruny” (TRIPP Azerbaýjanyň esasy bölegi bilen Nahiçewan Awtonom Respublikasynyň arasynda Ermenistanyň üsti bilen ulag gatnawyny ýola goýmagy göz öňünde tutýar. 23-nji noýabrda Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan taslamanyň amaly tapgyryna başlanandygyny we ýurduň Sýunik sebitinde gurluşyga taýýarlyk işleriniň başlanýandygyny yglan etdi.) agzady.

Meredow bilen duşuşykda halkara ulag we energiýa ugurlaryny köpeltmek, şol sanda Hazarüsti ulag baglanyşygyny ösdürmek mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Taraplar yzygiderli diplomatik gepleşikleri dowam etdirmäge gyzyklanýandyklaryny mälim etdiler.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, Landau Türkmenistana saparyny amerikan kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşykdan başlap, olaryň söwda we maýa goýum mümkinçilikleri baradaky garaýyşlaryny diňledi.

Şeýle-de saparyň çäginde Landau “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda “Baky şöhrat” ýadygärligine gül desselerini goýdy, şeýle-de “Ruhy tagzym” we “Milletiň ogullary” ýadygärlikleri bilen tanyşdy. Ol Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde ABŞ-nyň Getti us muzeýiniň hünärmenleri bilen hem duşuşdy.

Aşgabat 16-24-nji noýabr aralygyna meýilleşdirilen, Täjigistany we Türkiýäni hem öz içine alan saparyň soňky duralgasydy.

ABŞ-nyň Söwda wekilhanasynyň hasaplamasyna görä, 2025-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt we hyzmat söwdasy 233.5 million dollara ýetip, bu öňki ýyldakydan 6.8 göterim ($14.9 million) köp boldy.