Bahar paslynyň soňky günlerinde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ilat arasynda dem alyş ýollarynyň keselçiligi, dem gysma, allergiýa, ýürek-damar we ýokanç keseller bilen hassahanalara ýüz tutýanlaryň sany göz-görtele köpeldi diýip, saglyk işgärleriniň ençemesi aýdýar.
Munuň bilen bir wagtda, olar hassahanalarda kislorod balonlarynyň ýeter-ýetmezçiligi meselesiniň ýitileşendigini belleýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji maýda sebitden maglumat berdi.
“Soňky hepdelerde howanyň üýtgäp durmagy, tozanly günler we wirus keselleri sebäpli hassahanalara ýüz tutýan näsaglar azalman, gaýtam barha köpelýär. Aýratyn-da dem alyş ýollarynyň keselçiligi, dem gysma, öýken sowuklamasy ýaly keseller sebäpli kisloroda mätäç hassalaryň sany köpeldi. Emma üpjünçilik öňküsi ýaly problemaly, kislorod balonlary ýetmezçilik edýär” diýip, Türkmenabatdaky köpugurly hassahananyň lukmany anonimlik şertinde aýtdy.
Degişli maglumat
Lebabyň hassahanalarynda kislorod balonlary ýetmezçilik edýärWelaýatyň aýrybaşga hassahanalarynda işleýän ençeme saglyk işgäriniň aýtmagyna görä, saglyk edaralarynyň birnäçesinde kislorod balonlarynyň ýetmezçiligi sebäpli bölümler arasynda dawa-jenjeller hem ýüze çykýar.
Biri-birinden habarsyz saglyk işgärleri muňa käbir ýagdaýlarda bir balona birnäçe näsagyň garaşly bolmagynyň sebäp bolýandygyny belleýärler.
"Bir näsagdan alyp, beýleki näsaga dakýarlar"
“Bir bölümdäki näsagyň ýagdaýy agyrlaşsa, beýleki bölümdäki hassadan kislorody wagtlaýyn aýyrmaly bolýan ýagdaýlar bar. Bu bolsa, iki bölümiň saglyk işgärleriniň arasynda dawa-jenjele eltýär” diýip, reanimasiýa bölüminde işleýän saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Hassahana ýolbaşçylary, saglyk işgärleriniň sözlerine görä, kislorod balonlarynyň ýetmezçiligi barada edilýän şikaýatlara üns berip, olary çözmäge howlukmaýarlar.
Lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň ençemesi hassahanalarda kislorod balonlary ýetmezçilik edýän mahaly, saglyk edaralarynyň käbir işgärleriniň bulary näsaglaryň hossarlaryna satlyga çykarýandygyny hem aýdýar.
“Olardan kislorod balonlary üçin, döwlet bahasy bilen deňeşdirilende, iki esse köp pul soralýar” diýip, lebaply şepagat uýasy anonimlik şertinde aýtdy.
Bu ýagdaýlary näsaglaryň hossarlarynyň ençemesi hem tassyklap, öz maşgala agzalarynyň operasiýalaryndan öň özlerinden goşmaça töleg soralandygyny aýtdy.
“Hassahana işgärleri muňa kislorod balonlarynyň satyn alynjakdygyny aýtdylar” diýip, lebaply bir näsagyň hossary anonimlik şertinde aýtdy.
Degişli maglumat
Balkanabadyň inçekeseller hassahanasynda medisina serişdeleri, dermanlar ýetmezçilik edýär"Hemme zat kagyzda gowy görkezilýär"
Saglyk işgärleri häzirki ýagdaýyň diňe serişdeleriň ýetmezçiligi bilen däl-de, eýsem ulgamdaky korrupsiýa we gözegçiligiň gowşaklygy bilen hem baglydygyna ynanýarlar.
“Hemme zat kagyzda gowy görkezilýär. Emma kislorod balonuna mätäç hassanyň ýanynda kislorod ýok. Ine, adamlar şu ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolýar” diýip, lukman sözüni jemledi.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Saglyk müdirliginden we Türkmenabadyň köpugurly hassahanasyndan telefon arkaly teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanyň resmi we hökümete ýakyn neşirleriniň maglumatlarynda Lebap welaýatynyň, şol sanda sebit hassahanalarynyň kislorod balonlaryna bolan talabyny Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň doly üpjün edýändigi aýdylýar.
Muňa garamazdan sebitiň saglyk edaralarynda kislorod balonlarynyň ýeter-ýetmezçiligi barada lebaply lukmanlar we şepagat uýalary, şeýle-de ýerli ýaşaýjylar ýylyň-ýylyna maglumat berýärler.
Şeýle-de, habarçylarymyz ýurduň saglyk edaralarynyň käbirlerinde derman ýeter-ýetmezçiliginiň saklanyp galýandygy barada hem yzygiderli habar berýärler.
Türkmenistanyň döwlet metbugatynda ýurduň saglyk ulgamynyň “ähli zerur serişdeler bilen üpjün edilendigi” tekrarlaýar. Ýöne ne häkimiýetler, ne-de resmi media ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada gürrüň gozgaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.