Lebap welaýatynyň saglyk edaralarynda işgär ýetmezçiliginiň ýitileşmeginiň arasynda, öň pensiýa ýaşyna ýeten lukmanlary we beýleki saglyk işgärlerini işden çykaran resmiler indi olary gaýtadan işe çagyrýarlar.
Şol bir wagtda, saglyk işgäleriniň ençemesi häkimiýetleriň ne ýaş hünärmenlere, ne-de işe çagyrylýan pensiýadaky lukmanlara kanagatlanarly şert döredýändigini aýdýar. Bu ýagdaýlar barada saglyk işgärleriniň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi.
“Türkmenabat şäheriniň 2-nji we 3-nji saglyk öýlerinde, şeýle hem Çärjew we Saýat etraplaryndaky saglyk edaralarynda hünärmenler ýetmezçilik edýär. Häzir ýetmeýän kadrlaryň ýerlerine pensiýa çykan lukmanlar we saglyk işgärleri gaýtadan işe çagyrylýar” diýip, welaýatyň saglyk bölüminiň bir işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Bu maglumaty agzalýan saglyk edaralarynda işleýän lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň ençemesi hem tassyklap, olaryň aglabasynyň mundan birnäçe ýyl ozal işden çykarylan ýa-da saglyk ýagdaýy zerarly meýletin işden giden lukmanlar we şepagat uýalarydygyny aýdýar.
Degişli maglumat
Mejbury zähmetden 'basylan' saglyk işgärleri 'köpçülikleýin işden çykýar'“2-nji saglyk öýünde bary-ýogy üç sany şepagat uýasy we bir sany arassaçylyk işgäri galypdy. Şol sebäpli pensiýadaky lukmanlary, şepagat uýalaryny işe çagyrýarlar. Ýöne häzir olaryň arasynda işe gaýdyp gelýänleri az. Sebäbi çagyrylýan işgärleriň ýaşy 70-e golaý ýa-da 70-den geçen bolup, olaryň saglyk ýagdaýy hem öňküsi ýaly işlemäge el bermeýär” diýip, lebaply şepagat uýasy anonimlik şertinde aýtdy.
Pes aýlyklar, basyşlar, garyndaşparazlyk we korrupsiýa...
Söhbetdeşlerimiz kadr ýetmezçiliginiň ýitileşmegine soňky bir ýyl çemesi wagtyň dowamynda saglyk işgärleriniň onlarçasynyň işden çykyp, gazanç gözleginde daşary ýurtlara, hususan-da, Türkiýä, Gazagystana we Russiýa işlemäge gitmegi sebäp bolupdyr.
“Käbirleri bolsa saglyk ulgamyndan doly ýüz öwrüp, söwda, hyzmat pudagy ýa-da ekerançylyk bilen meşgullanmaga geçdi. Aýlyk hakynyň pesligi, iş agramynyň artmagy, ýolbaşçylaryň basyşy, garyndaşparazlyk we korrupsiýa ýaly meseleler işgärleriň işden gitmeginiň esasy sebäpleri bolup durýar” diýip, lebaply lukman anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenabat şäherinde we oňa ýakyn etraplarda lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň köpçülikleýin meýletin işden gidýändigi, muňa aýlyklaryň pes bolmagynyň we olaryň oba hojalyk işlerine, şol sanda pagta ýygymyna mejbury çekilmeginiň sebäp bolýandygy barada Azatlygyň sebitdäki habarçylary geçen ýylyň güýzünde maglumat beripdiler. Şonda habarçylarymyz bu ýagdaýyň ilatyň saglyk hyzmatlaryna elýeterliligine ýaramaz täsir ýetirýändigini hem aýdypdylar.
Mundan birnäçe ýyl ozal bolsa, häkimiýetler ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, pensiýa ýaşyna ýeten býujet işgärlerini, şol sanda saglyk we bilim işgärlerini işden çykarmak çärelerini amal edipdiler. Şonda habarçylarymyz käte olaryň deregine, paranyň öwezine, ýaş hünärmenleriň işe alynýandygyny hem aýdypdylar.
Degişli maglumat
Saglyk işgärleri 'mejbury zähmetden', bikanun 'salgytdan' şikaýat edýär"Siz aýlykdan başga pensiýa hem alýarsyňyz"
Bu aralykda, lebaply söhbetdeşlerimiz soňky aýlardaky işgär ýetmezçiliginiň saglyk işgärleriniň, hususan-da maşgala lukmanlarynyň üstüne düşýän iş agramynyň iki esse diýen ýaly artmagyna hem getirendigini aýdýarlar.
“Öň bir maşgala lukmany ortaça 1500 hojalyga jogapkär bolan bolsa, häzirki wagtda käbir lukmanlar 3000-e golaý hojalyga hyzmat etmäge mejbur bolýarlar. Bu ilata berilýän saglyk hyzmatynyň hem ýaramaz, pes bolmagyna getirýär” diýip, lebaply ýene bir lukman anonimlik şertinde aýtdy.
Saglyk işgärleriniň sözlerine görä, lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň borçlary tas iki esse artan hem bolsa, olaryň aýlyklary ujypsyz bolmagynda galýar. Ýolbaşçylar pensiýa ýaşyndaky işgärlere ‘siz onsuz hem aýlykdan başga pensiýa hem alýarsyňyz’ diýip aýdýarlar.
"Şäher saglyk öýünde işleýän lukmanyň ortaça aýlygy 2200 manat töwereginde bolup, lukmanlaryň pensiýa haky bolsa takmynan 1400 manada deň. Bu 3600 manat bolýar we bu häzirki bazar şertlerinde gündelik zerurlyklary doly üpjün etmeýär. Häkimiýetler ne ýaş hünärmenlere, ne-de işe çagyrylýan pensiýadaky lukmanlara kanagatlanarly şert döredýär. Olary höweslendirmeýär. Döwletiň alyp barýan syýasaty beýleki pudaklarda bolşy ýaly saglyk pudagyna hem zarba urup, ony çökmeginiň bäri ýanyna eltýär” diýip, lebaply lukman belledi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli resmilerden, şol sanda agzalýan saglyk edaralaryndan we welaýatyň saglyk bölüminden resmi teswir alyp bilmedi.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri ýurtda raýatlaryň işlemegi we ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilendigini tekrarlasa-da, býujet işgärleriniň nägilelikleri, şol sanda pes aýlyk haklary we munuň bilen bagly olaryň meýletin işden gitmegi we bularyň netijeleri, täsirleri barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.
Degişli maglumat
Balkanly lukmanlara paranyň öwezine aýlyklaryny 30%-e çenli ýokarlandyrmak wada berilýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.