Lebap welaýatynda ýyladyş möwsüminiň başlananyna birnäçe aýyň geçendigine garamazdan, erkek mugallymlaryň mekdeplerde çekýän gijeki nobatçylyklary şindi hem dowam edýär, pedagoglar mejbury zähmetden nägile bolýar diýip, Azatlygyň habarçysy 16-njy dekabrda habar berdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmäniň tassyklamagyna görä, ýerli häkimiýetler magaryf işgärleriniň mejbury zähmetden nägile bolup edýän gürrüňlerinden habarly we olaryň garaşsyz metbugata maglumat syzdyrmagyndan ätiýaç edýärler.
“Mekdeplerde gözegçilik güýçlendirilýär we edilýän talaplar has-da berkidilýär” diýip, Türkmenabat, Kerki şäherleriniň, Çärjew etrabynyň mekdeplerinde işleýän birnäçe mugallym bu maglumaty tassyk etdi.
'Gijeki nobatçylyk ýyladyş möwsümi gutarýança dowam eder'
Türkmenabadyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň bir mugallymynyň aýtmagyna görä, oktýabr aýynda başlanan gijeki nobatlar şindem üýtgewsiz dowam edýär we adamlary ‘gaty ýadatdy’.
Degişli maglumat Mekdep ýygnaklarynda ene-atalar abuna ýazylşyga nägilelik bildirip, pul bermekden ýüz öwürdiler“Bize aýtmaklaryna görä, ‘gijeki nobatlar ýyladyş möwsümi gutarýança dowam etdiriler’. Erkek mugallymlar az bolansoň, her birimize aýda birnäçe gezek nobata düşýär. Käte bir hepdäniň içinde mekdepde iki gezek gijeki nobatçylyga galmaly bolýarys” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, gijeki nobatlar resmi taýdan “mekdebiň ýylylygyny üpjün edýän ýyladyş gazanlaryna gözegçilik etmek” hökmünde düşündirilýär ýa-da häsiýetlendirilýär. Şol bir wagtda, mekdep garawullary we tehniki işgärler hem, öz hünär borçlary hökmünde, ýyladyş gazanlaryna gözegçilik etmeli bolýar. Şeýle ýagdaýda mugallymlaryň nobatçy goýulmagynyň olaryň hünär borçlary bilen baglanyşykly däldigi, ýagny bu işe göni goşulmaly däldigi aýdylýar.
Ikinji tarapdan, Çärjew etrabynyň 22-nji orta mekdebinde işleýän bir mugallymyň tassyklamagyna görä, bu nobatçylykdan, öňküleri ýaly, “pul arkaly gutulmak” mümkinçiligi hem saklanyp galýar.
"Aýyna 300 manat berseň, nobata goýmaýarlar"
“Direktor bilen aç-açan gürleşilýär. Aýyna 300 manat berseň, nobata goýmaýarlar. Pul bermedikler bolsa gije iş ýerinde galmaly bolýar” diýip, söhbetdeşimiz bu hili ‘söwdalaryň’ tas açyk diýen ýaly edilýändigini belledi.
Aýry-aýrylykda gürleşilen mugallymlar soňky hepdelerde ýagdaýyň has-da agyrlaşandygyny aýtdylar.
Garaşsyz metbugat bilen habarlaşýan mugallymlaryň hem bardygyny bilip, häkimlikler gözegçiligiň has güýçlendirilmegi üçin basyş edýärler diýip, çeşme aýtdy.
Kerki şäheriniň takyk bilimlere ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň mugallymynyň sözlerine görä, indi mugallymlara gijeki nobat wagtynda mekdepden çykmak düýbünden gadagan edilýär.
“Öňkä garanyňda, häzir gözegçilik has berkidildi. Gije mekdepden çykmak, öýe gidip-gelmek düýbünden gadagan edildi. ‘Islendik wagt welaýat häkimliginden jaň gelip biler’ diýip, berk duýdurýarlar. Jaň gelende, esgerler ýaly, mekdebiň adyny, wezipäňi, familiýaňy aýdyp jogap bermeli” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, geçen ýylda bolşy ýaly, bu ýyl hem gijäniň ýarynda häkimlikden jaň etmek ýagdaýlary gaýtalanýar. Şeýdip, mugallymlary ertire çenli mekdepde, daşaryk çykman oturmaga mejbur edýärler.
'Mugallymlaryň mertebesi kemsidilýär'
Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan mugallymlar bu ýagdaýyň mugallymyň, umuman adamyň mertebesini kemsidýändigini, maşgala durmuşyna gaty ýaramaz täsir edýändigini öňe sürdüler.
Degişli maglumat Mekdeplerdäki 'döwlet dilgeçiligi' ösýär, bilim derejesi 'yza tesýär'“Biz ilki adam, soň mugallym. Emma bize garawul ýaly, nobatçy ýaly garaýarlar. Zähmet kodeksi kagyz ýüzünde galdy. Mugallymyň hukuklary doly depelenýär” diýip, lebaply söhbetdeşimiz aýtdy.
Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda, gijelerine ýerine ýetirilýän işler üçin goşmaça hak tölenmeli we işgär öz iş şertnamasynda görkezilmedik başga işe mejbur edilip ýa çekilip bilinmeýär.
Anonimlik şertinde gürleşen mugallymlar Türkmenistanda işgärleriň iş berijileriň öňünde kanuny talaplary goýmagynyň ýa-da oňaýsyz, ýolbaşçylara ýaramajak soraglary bermeginiň gorkulydygyny, sebäbi kanunlaryň iş ýüzünde berjaý edilmeýändigini aýdýarlar.
Türkmenistan garaşsyz neşirleriň maglumat almagy üçin ýapyk ýurt bolansoň, Azatlyk mekdeplerde dowam edýän mejbury zähmet barada magaryf, bilim resmilerinden hiç bir düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.