Lebapda şagallar mazarlary köwçeleýär, ýaşaýyş ýerlere golaýlaýar

Gonamçylykdaky täze mazarlar. Türkmenistan (arhiw suraty)

Lebap welaýatynda şagallaryň gonamçylyklara girip, ýakynda jaýlanan merhumlaryň mazarlaryny gazýan ýagdaýlary göz-görtele köpeldi. Azatlyk Radiosynyň sebitiň birnäçe ýerindäki çeşmeleri ýabany haýwanlaryň soňky wagtda adamlardan gorkman, hatda ilatly ýerlere we şäheriň çägine girip başlandygyny habar berýärler.

Gonamçylyklarda şagallaryň köplemegi bilen bagly ýagdaý barada hususan-da, Türkmenabatdan, Çärjew we Seýdi etraplaryndan habar geldi. Şagallar gonamçylyklara girip, mazarlary gazyp, jesetlere degýärler.

Golaýda Çärjew etrabyndaky gonamçylyklaryň birinde bolan ýagdaý barada gürrüň beren çeşmäniň sözlerine görä, gonamçylyga dahylly bir molla irden ýaňy-ýakynda jaýlanan merhumlaryň mazarlarynyň biriniň gijäniň dowamynda gazylandygyny görüpdir. Ol ýakynda jaýlanan merhumyň jesedine ýyrtyjy haýwanlaryň zeper ýetirendigini anyklapdyr.

Şeýle ýagdaýlar soňky günlerde Türkmenabadyň Ürgenji etrapçasyndaky gonamçylyk-öwlüýäda we Seýdi şäherinde-de ýüze çykypdyr.

Degişli maglumat

Açlyk çöl jandarlaryny obalara 'çagyrýar'

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeler şeýle ýagdaýlaryň esasan täze we daşy daş, kerpiç ýa-da sement bilen berkidilmedik mazarlarda bolýandygyny aýdýarlar.

Olaryň sözlerine görä, Lebapda köp maşgalanyň merhum jaýlanandan soň mazaryň daşyna kerpiç ördürmäge ýa-da daş oturtmaga maddy mümkinçiligi ýetmeýär. Şeýle ýagdaýda täze mazar diňe toprak bilen ýapylýar.

“Adamlar dirikä ýaşaýyş çykdajylaryny zordan çekýärler. Indi käbir maşgalalaryň ýogalan ýakynynyň mazaryny daş ýa-da kerpiç bilen berkitmäge-de ýagdaýy ýetmeýär” diýip, türkmenabatly çeşme aýdýar.

Şol bir wagtda çeşmeler diňe toprak bilen örtülip şu görnüşde galýan mazarlaryň az däldigini we munuň diňe maddy kynçylyklar bilen bagly bolmaýandygyny belleýärler. Olar gonamçylyklara yzygiderli gözegçilik edýän ýörite işgärleriň ýokdugyna ünsi çekýärler.

“Bu ýerde mesele diňe adamlaryň öz hossarynyň mazaryny daş bilen berkitmeginde däl. Gonamçylyk - jemgyýetçilik ýeridir. Oňa seredilmeli, daş-töweregi goralmaly. Emma häzir her maşgala öz merhumynyň mazarynyň aladasyny özi etmeli bolýar” diýip, türkmenabatly çeşme aýdýar.

Şeýle-de, lebaply çeşmeleriň sözlerine görä, soňky ýyllarda il arasynda dini wagyzlar we şol sanda mazarlaryň üstüne uly daş oturtmazlyk ýa-da başga zatlary gurmazlyk baradaky pikirler köpelipdir.

Mundan öň Azatlygyň habarçylary mollalaryň mazarlara daş oturtmazlyk barada wagyz edendigini, şeýle-de käbir sebitlerde häkimiýetleriň ýaşaýjylardan mazarlaryň daşyny örtmezligi talap edendigini habar beripdi.

"Netijede, bir tarapdan maddy mümkinçiligi çäkli maşgalalar, beýleki tarapdan bolsa dini düşünjeler sebäpli mazaryň daşyny berkitmekden ýüz öwürýän adamlar bar we mazarlaryň bir bölegi ýabany haýwanlaryň nyşanyna öwrülýär" diýip, ýene bir lebaply çeşme belleýär.

Ýabany haýwanlar adamlara 'ýakynlaşýar'

Emma soňky wagtda ilaty alada goýýan we şagallar bilen bagly bolan ýagdaý ýabany haýwanlaryň ilatly ýerlere ýakyn, käwagt içine girip başlamagyna degişli.

Ýabany haýwanlaryň, şol sanda şagallaryň ilatly ýerlerde köpelmegi ýaşaýjylary hem geň galdyrýar, hem-de gorkuzýar.

Degişli maglumat

Ymamyň mazarlary daş bilen örtmezlik talaby jemgyýetde gapma-garşylyk döredýär

Ýabany haýwanlaryň soňky wagtlarda adamlardan gorkman, hatda ilatly ýerlere we şäherleriň içine girip başlamagy ýaşaýjylary geň galdyrýar hem gorkuzýar diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýdýar.

“Öň şagal adamyň sesini eşitse gaçardy. Indi bolsa şäheriň içine çenli girip gidýärler. Gijelerine ýaşaýyş ýerleriniň golaýynda hem görünýärler. Adamlar munuň nähili derejä ýetendigine haýran galýarlar” diýip, lebaply ýaşaýjy aýtdy.

Soňky ýyllarda ýurduň çöl meýdanlarynda, ekinli ýa boş ekerançylyk ýerlerinde tilki, şagal ýaly haýwanlaryň köpelendigi we olaryň obalara, adamlaryň hemişelik ýaşap oturan ýerlerine köpçülikleýin baryp başlandygy barada habarlar köpeldi.

Çopanlar şagal-tilkiler has "arkaýynlaşdy, kiçiräk goýun-guzy bolsa-da, geçi bolsa-da, çekinmän agyz urmaga başlady" diýip, gürrüň beren bolsalar, ekerançylyk bilen meşgullanýanlar haýwanlaryň hasyla zyýan ýetirýändigini aýdýarlar.

Şu günler hem Lebapda ýabany haýwanlar ekin meýdanlaryna girip, hasyly zaýalaýarlar. Oba ýaşaýjylary şagal, tilki, torsuk ýaly haýwanlaryň ýetişdirilen gawun-garpyzlary zaýalaýandygyny we daýhan azabynyň köýmegine sebäp bolýandygyny gürrüň berdiler.

Degişli maglumat

Jemgyýetdäki umytsyzlyk duýgularyň fonunda özlerine öňünden mazar taýýarlaýan adam köpelýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.