Lebapdaky otly gatnawy ýene ýaramazlaşdy, ýöne gowulaşma 'inçejik umyt' döredi

Otla garaşýan, bilet tampýan ýolagçylar. Arhiw suraty

Aprel aýynda Maryda we Lebapda ilki prezidentiň, soň Halk maslahatynyň başlygynyň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly çäreler arasynda ilat bir tarapdan otly gatnawlarynyň öňküsinden hem ýaramazlaşmagyndan alada galsa, ikinji tarapdan, ýagdaýyň gowulyga tarap üýtgemegine umyt baglaýar diýip, ýerli çeşmeler habar berýär.

Türkmenabat - Gazojak otlusy 8-nji aprelden başlap, welaýat merkezinden adatça bolşy ýaly 09:20-de, Aşgabatdan gelýän otlynyň ýolagçylary, şeýle-de şäheriň we merkezi etraplaryň ýaşaýjylary üçin amatly bolan wagtda, ýagny, 10:20-de ugraman, ala garaňkyda, 04:00-da ugraýar diýip, habarçymyz bu täzeligiň ýolagçylarda uly amatsyzlyk we nägilelik döredendigini habar berdi.

“Emele gelen amatsyz ýagdaýyň sebäbi bu ugurda gatnan iki sostawyň biriniň Mary şäherine, çärä iberilmegi bilen bagly” diýip, demirýol edarasyndaky ygtybarly çeşme aýtdy.

Dabaraly çäreler otly gatnawyna ýaramaz täsir ýetirdi

Şu aralykda ýurduň agyr ulag kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýan etraplarynda inçejik umyt hem döredi, häkimiýetler Lebap welaýatynyň ulag we ýolagçy gatnawlarynyň agyr ýagdaýyny ahyrsoňy gytaklaýyn boýun alýana meňzeýär diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Degişli maglumat

Aşgabadyň we welaýatlaryň arasynda gatnaýan ýolagçy köpeldi, bilet gytaldy


8-nji aprelde Mary welaýatynyň Ymambaba geňeşliginde guruljak täze şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy, 10-njy aprelde Mary - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň açylyş dabarasy, 17-nji aprelde bolsa Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda ýerleşýän Döwletli gaz käninde geçirilen çäreler ýurtdaky demirýol gatnawlary meselesine ýene bir gezek ünsi çekdi.

Has anygy, ýolagçylaryň amatlylygy, hyzmat hiliniň ýokarlandyrylmagy üçin däl-de, gysga wagtlyk dabaraly çäreler sebäpli girizilen üýtgeşmeler netijesinde indi Türkmenabatdan Gazojaga ugraýan otly 04:00-da ugrap, Gazojaga sagat 09:47-ä gelýar we ol ýerde bir sagatdan gowrak durup, derrew yzyna - Türkmenabada ugraýar.

Lebap welaýatyndaky ulag, ýolagçy gatnawy kynçylyklary ulgamlaýyn häsiýete eýe bolup, bu ýagdaý hatda 10-njy aprelde geçirilen hökümet maslahatynda hem gytaklaýyn boýun alyndy diýip, ýerli synçy aýtdy.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, “Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrliginde Lebap welaýatynyň ýük dolanyşygy babatda ýurt boýunça paýy 14,6 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýolagçy dolanyşygy boýunça 4,2 göterime barabar boldy.”

Anonimlik şertinde gürleşen synçy Lebapda ýurt ilatynyň 20,5 göteriminiň ýaşaýandygyny, emma ýurtdaky ýolagçy gatnawlarynyň 90% -den gowragynyň welaýatyň çäginden geçmeýändigini öňe sürýär.

Azatlygyň habarçylary ýurtdaky, şol sanda Lebapdaky ýolagçy gatnawy meseleleri barada yzygiderli habar berýärler.

Köpeldilmekden geçen, azaldylýan gatnawlar

Ýatlasak, soňky ýyllarda bu sebitiň Zerger, Boýnuzyn, Galkynyş (öňki Ene Kulyýewa), Farap, Kelif, Köýtendag, Dostluk, Tallymerjen, Sazakin ýaly stansiýalarynda bilet kassalarynyň işi we ýolagçylara edilýän hyzmat dolulygyna ýatyryldy.

Şeýle-de, hünärmenler Halkabat, Kükürtli ýaly stansiýalaryň işiniň togtadylmagyna garaşylýandygyny aýdýarlar.

Mundan başga, resmi taýdan tassykladyp bolmaýan maglumata görä, Türkmenabat-Gazojak otlusynyň dolulygyna ýatyrylmak ähtimallygy saklanyp galýar.

Maglumat üçin aýtsak, soňky ýyllarda ýurduň dürli sebitleri şäherýaka we şäherara ýolagçy otlularyndan dolulygyna mahrum edildi. Hususan-da, ýurduň demirgazyk Daşoguz sebitinde otly diňe welaýat merkezi Daşoguz wokzalyna çenli barýar we ýol ugruna Görogly we Garaşsyzlyk stansiýalarynda säginip geçýär.

Degişli maglumat

Maslahat edilýär, demirýol hyzmaty gowulaşmaýar - Çeşmeler


Emma welaýatyň gür ilatly etraplaryndan geçýän demirýol liniýalarynda we Zarpçy, Gubadag, Tahýadaş, Köneürgenç, Türkmenbaşy (öňki Oktýabr) stansiýalarynda indi 10-15 ýyl bäri ýolagçy otlulary görünmeýär.

Lebap welaýatynyň Farap, Tallymerjen, Dostluk, Köýtendag, Kelif stansiýalarynda, Ahal welaýatynyň Sarahs stansiýasynda, Balkan welaýatynyň Etrek , Serhetýaka stansiýalarynda hem şäherara we şäherýaka ýolagçy otlulary görünmeýär. Tas 500 müň kwadrat kilometr meýdanly we gür demir ýol liniýalary bolan Türkmenistanda bu günki günde bary-ýogy 6-7 ugur boýunça günde bir gezek gatnaýan otlular galdy diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, goňşy Özbegistan soňky 10 ýylda demir ýollarynyň agramly bölegini elektrige geçirdi, onlarça ugur boýunça şäherara ýolagçy otlularynyň gatnawyny gaýtadan ýola goýdy; täze ugurlar boýunça hem birnäçe demirýol gurup, otly gatnawlaryna başlady.

Türkmen hökümetiniň 10-njy aprelde geçiren mejlisine dolanyp gelsek, prezident Serdar Berdimuhamedow ulag we aragatnaşyk toplumynyň işi baradaky hasabatlary diňläp, wise-premýer Batyr Annaýewe demir ýollaryň durkuny täzelemek we kämilleşdirmek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy, emma anyk hiç bir zat aýtmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.