Maryda, Ahalda 'çekirtge ýagýar', daýhanlar galanja hasyldan 'el ýuwýar'

Bezeg suraty

Ahal we Mary welaýatlarynyň çägine ‘çekirtge ýagdy’ diýip, Azatlygyň ýerli habarçylary habar berýär. Türkmen metbugaty daýhanlaryň galla oragy möwsüminde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada hiç bir maglumat bermeýär, hökümet maslahatynda anyklaşdyrylman, adatça bolşy ýaly, “bugdaýyň bol hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy” aýdylýar.

Ahaldaky habarçymyz golaýda ýerli daýhanlaryň öňki aýlarda ýagan ýagyndan uly zyýan çekip, bu ýyl aljak hasyllarynyň köp bölegini ýitrendiklerini habar beripdi.

Tejen, Oguzhan etraplaryna üç gün bäri yzygiderli ýagýan çekirtge, şaýatlaryň tassyklamagyna görä, ekin meýdanlaryna goşmaça zaýaçylyk getirdi, daýhanlar näme etjeklerini bilmän aljyraýar.

Çekirtgeler gonan ýerinde gök zat goýmaýar

“Ýagýan çekirtge gaty kän, olar gonup geçen ýerlerinde gök ekinlerden zat goýmaýar. Çekirtgäniň beýle köpçülik bolanyny birinji gezek gördüm” diýip, bir daýhan häzirki çekirtge ‘dökülmesiniň’ öňki ýyllarda çozan çekirtgeleriň çeni däldigini öňe sürdi.

Degişli maglumat

'Görülmedik' çekirtgeler ekini ýok edýär, häkimiýetlerden 'kömek ýok' - Daýhanlar


Onuň aýdanlaryny aýratynlykda gürleşilen başga bir daýhan hem tassyklady.

“Mundan öňki ýyllarda hem ‘çekirtge ýagdy’ diýlip aýdylardy, emma munça köp çekirtgäniň ýaganyny birinji gezek görýärin. Meniň ekinimden zat galmandyr, ähli eden azabym bir günde weýran boldy” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran daýhan aýtdy.

Aýry-aýrylykda gürleşilen kärendeçiler bu ýylyň daýhanlar üçin ‘gaty bereketsiz bolandygyny’ aýdýarlar.

“Ilki başda ekini ekip, doňakçylykdan, guşdan, ýagyndan we doludan goramak iş boldy. Daýhanlar gaty kän kynçylyk çekdi. Häzir, çekirtgeler dökülip, galanja umydymyzy hem ýalmap-ýuwutdy” diýip, maryly daýhan aýtdy.

Çekirtge ýagan ýerlere aýlanyp gören habarçymyz olaryň diňe ekinli ýerlerde däl, eýsem ýaşaýyş jaýlarynyň töwereginde hem ‘gaty kändigini’ ýazdy.

“Gije gapydan çykar ýaly däl. Gapyny açsaň, çekirtgeler öýe zyňlyp girýärler” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Çekirtgeler adamlaryň 'üstüne münýärler'

Söhbetdeşlerimiziň tassyklamagyna görä, çekirtgeler köçelerde adamlaryň üstüne hem gonýarlar, ýüz-gözleri diýmän basgylap, kellelerine münýärler.

“Has hem çagalaryň üstüne gonup, olary gorkuzýar. Çekirtgeden ýaňa, çagalar daşaryk oýnamaga çykmakdan gorkýarlar” diýip, bir ene habarçymyza aýtdy.

Geçen ýyl habarçylarymyz çekirtge ýygynynyň daýhanlary maý aýynyň ortalaryndan aljyradyp başlandygyny habar beripdiler.

Emma muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri çekirtgeleriň ýetiren zyýany bilen baglylykda hiç bir beýanat çap etmediler.

Degişli maglumat

Çekirtge howpy, zyýankeşler daýhanlary 'ünjä goýýar'


Azatlygyň habarçylarynyň çopanlar, mal eýeleri bilen gürleşip beren habarlaryna görä, geçen ýylda çozan çekirtgeler meýdandaky mallaryň hem aç galyp, hor düşmeklerine sebäp boldy.

“Çekirtgeler meýdan ýerlerinde biten ot-çöpleri çöpläp, gemrip iýip, öri meýdanlaryny tozap ýatan takyrlyga öwürdiler. Logistika bahasynyň gymmatlamagy aç mallara kepek daşamagy kynlaşdyrdy. Arryklan iri şahly mallary, tüweleri we olaryň ýaş gölelerini geçen bahasyndan satyp dynmakdan başga çäre galmady” diýip, geçen ýylyň iýulynda habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen çopan aýtdy.

Türkmen döwlet metbugaty ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerine täsir edýän tebigy hadysalar, ýer yranmasy, suw joşmasy, şol sanda dürli keselçilikler, mallaryň köpçülikleýin gyrylmagy bilen bagly habarlary çap etmeýär, resmiler daýhanlaryň çekýän kynçylyklary barada hiç bir düşündiriş bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.