Türkmenistanyň gündogar-günorta sebitlerinde howanyň temperaturasy gijelerine 0 gradusa çenli aşaklaýan mahaly, ilatyň ýylynmak meselesindäki bökdençlikler ýitileşýär. Mary welaýatynyň birnäçe etrabynda ilatyň elektrik üpjünçiligi azyndan bir gije-gündizläp kesildi.
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda ýyladyş turbalarynyň deşilip, hatardan çykmagy we ilatyň ýyladyş ulgamlarynyň işlemezligi bilen bagly ýagdaýlar ýygjamlaşdy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 22-nji dekabrda Marydan we Ahaldan maglumat berdiler.
“17-nji dekabr gijesi Marynyň köp etraplarynda ýagyş we gar ýagdy. Garagum etrabynyň Ak-Altyn geňeşliginde we Baýramaly etrabynyň Guşçulyk obasynda elektrik togy kesildi we ýaşaýjylar 24 sagatlap toksuz galdy” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Degişli maglumat Maryda häkimiýetler gijelerine ýaş çagaly maşgalalaryň gazyny kesýär - ÇeşmelerGaragumda elektrik energiýasy 19-njy dekabrda irden gaýtadan dikeldildi. Elektrigiň bir gije-gündiz kesilmegi ilatyň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir etdi, hususan-da, ýylynmak meselesinde kynçylyklary döretdi.
“Ýyladyş ulgamlary adatça hem kadaly işlemeýär. Toguň kesilmegi netijesinde, elektrik peçleri hem işledip bolmady” diýip, ýaşaýjy belledi.
Ýaşaýjylaryň ençemesi howanyň sowamagy bilen elektrik üpjünçiligindäki problemanyň, geçen ýyllarda bolşy ýaly, ýene ýygy-ýygydan gaýtalanyp başlandygyny aýdyp, bu barada ýerli elektrik edarasyna ýüzlenýändiklerini belleýär.
"Bu çözgüt däl, düýpli täzelemeli"
Ýöne bu edaranyň işgärleri, ýaşaýjylaryň sözlerine görä, ýyllarboýy dowam edýän problemanyň saklanyp galýandygyny, elektrik geçiriji simleriň we transformatorlaryň könedigi sebäpli sähel şemal turup, ýagyn ýagsa, olaryň üzülip ýa-da gyzyp, hatardan çykýandygyny aýdýarlar.
“Häzir etraplardaky tok simlerini we transformatorlary düýpli täzelemeli. Sebäbi biz howa sowanda ýa-da gyzanda, dessine hatardan çykýan simleri we transformatorlary boldugyndan ýamap, sepläp bejerýäris, emma bu çözgüt däl” diýip, baýramalyly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde beren maglumatynda ýerli elektrik edarasynyň işgäriniň aýdan sözlerini sitirledi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada “Maryenergo” önümçilik birleşigine jaň edip, teswir almaga synanyşdy. Ýöne 22-nji dekabrda birleşigiň Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine hiç kim jogap bermedi.
Web sahypada birleşigiň Marynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, welaýatyň çäklerinde ýerleşýän energetika desgalaryna gözegçilik etmek işlerini ýerine ýetirýändigi bellenilýär.
Muňa garamazdan, ýangyç we energiýa serişdelerine baý sebitiň ilaty elektrik üpjünçiliginiň ýaramazlaşmagy we kesilmegi bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýar. Bu ýagdaýlar gyşyň aýazly we tomsuň jokrama yssy günlerinde has-da ýygjamlaşýar.
Howanyň sowamagy bilen, Ahalyň Tejen etrabynda hem ýyladyş turbalarynyň deşilip, hatardan çykmagy we ilatyň ýyladyş ulgamlarynyň işlemezligi bilen bagly ýagdaýlar ýygjamlaşdy.
"Şol bir ýerde aýlanyp ýörsüňiz"
Etrap häkimligindäki çeşmämiz bu ýagdaýlaryň ýerli ýyladyşhana işgärlerini aýazly howada gijelerine hem işläp, bejeriş işlerini geçirmäge mejbur edýändigini aýdýar.
Degişli maglumat Türkmenistanda howa sowaýar, ýyladyş möwsümine garaşýan ýaşaýjylar üşeýär“Häzir sowuk howada şäherçäniň jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, orta mekdepleriniň we edara-kärhanalarynyň turbalary yzygiderli çüýräp deşilýär. Bir ýerini ýamap bejerseler, onuň yz ýany başga ýeri deşilýär” diýip, çeşmämiz belledi.
Ol bu çäreleriň ýeterlik bolmaýandygyny, onlarça ýyl bäri düýpli täzelenmeýän turbalaryň bejerilen ýerleriniň iki günden ýene deşilip, suw goýberýändigini we munuň bilen bagly etrap häkimiýetleriniň ýyladyşhana işgärlerini aýyplaýandygyny aýdýar.
“Ýakynda häkimlik işgärleri ýyladyşhana işgärlerini günäläp, ‘gowy bejermeýärsiňiz, şol bir ýerde aýlanyp ýörsüňiz’ diýip, olary iş başarmazlykda aýypladylar. Işgärler ‘bize ýyllarboýy täze turba bermän, her ýyl diňe deşilip, suw akýan ýerlerini bejeriň diýýärsiňiz, Aşgabatdan täze turba soramagyň deregine, bizi aýyplaýarsyňyz’ diýip, jogap berdiler. Şol güni 10-a golaý işçi öz arzalary bilen işden çykmaga synanyşdylar, ýöne edara ýolbaşçysy olaryň göwnüni tapyp, olary işde alyp galdy” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda esasan sowet ýyllarynda gurlup ulanylmaga berlen infrastruktura desgalary, şol sanda elektrik geçiriji simler, transformatorlar we ýyladyş turbalary köplenç adatdan daşary howa hadysalaryna, aşa sowuga ýa-da yssy howa şertlerine döz gelip bilmeýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary yzygiderli habar berýär.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri howanyň sowamagynyň arasynda ilatyň ýylynmak meselesindäki, şol sanda elektrik üpjünçiligindäki we ýyladyş ulgamlaryndaky problemalar barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.