Maýyplaryň alýan kömek pullary esasy zerurlyklaryna ýetmeýär - çeşmeler

Bezeg suraty

Azatlygyň çeşmeleri döwletden maýyplyk kömegini alýan adamlaryň gün-güzeran ýagdaýlarynyň geçen ýyldakysyndan has kynlaşandygyny, kömek pullarynyň bu ýyl 10% hem ýokarlanmazlygynyň ozalam zordan gün aýlaýan adamlara goşmaça urgy bolandygyny habar berýärler.

Azatlygyň bu maglumaty anyklamak üçin ýagdaýdan habarly raýatlaryň birnäçesi bilen anonimlik şertinde söhbetdeş boldy. Aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylar maýyplyk kömegini alýan adamlaryň alýan pullarynyň ‘tas hiç zatlaryna ýetmeýändigini’ öňe sürdüler.

Aýdylmagyna görä, I derejeli maýyplygy bolan adamlaryň her aýda alýan kömek puly ortaça 1000 manat bolup, azyk harytlarynyň, dermanlaryň we hyzmatlaryň dowamly gymmatlaýan döwründe bu serişde ‘gaty az bolýar’.

Maýyp arabasynyň iň arzany 3-4 müň manat

“Eger adam ýata, aýak ýoluna hem gidip bilmeýän bolsa, onda onuň pampersine 500 manat gidýär. Uly adamlaryň pampersi 250 manatdan satylýar. Arzanyny alanyňda, onuň içinde 30 sanysy bar” diýip, çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, dik oturyp, ýöräp bilmeýän adamlaryň maýyp arabasynyň iň arzany 3-4 müň manat aralygynda bahalanýar; her 6 aýdan almaly maýyplyk şahadatnamasy üçin hem esli çykdajy etmeli, hassahanadaky lukmanlar mugt seretmeýärler, olaryň el aklyklary 200-300 manat aralygynda, şepagat uýalarynyň el aklyklary 100 manat.

Degişli maglumat Lebaply maýyplar: Lukmanlar mugt berilmeli dermanlar üçin reseptleri ýazmakdan boýun gaçyrýar


Türkmenistanda derman we derman bahalary aýratyn gürrüň bolup, degişli resmileriň derman biznesinden uly pul ýasaýandygy öňe sürülýär. Ýöne Türkmenistandaky maglumat ýapyklygy bu aýdylýanlary ýerinde we açyk barlamaga mümkinçilik bermeýär, resmiler sosial mediada ‘derman biznesi’ barada edilýän gürrüňlere açyk reaksiýa bildirmeýär.

Söhbetdeşlerimiziň tassyklamagyna görä, maýyp adamlaryň zerur dermanlary, ortaça diýilýän nyrhdan alanlarynda, aýda azyndan 2 müň manada düşýär.

II, III derejeli maýyplaryň kömek pullary 1000 manada hem ýetmeýär, ýöne olar her alty aýdan şahadatnamalaryny täzelemeli we munuň üçin azyndan 3 manat çykdajy etmeli diýip, söhbetdeşlerimiz döwlet tarapyndan döredilýän ýeňillikleriň köplenç kagyz ýüzünde galýandygyny, saglyk öýlerindäki lukmanlaryň ‘pul bermedikleriň ýüzüňe hem seretmeýändiklerini’ aýtdylar.

Azatlygyň habarçysy bu aýdylýanlary resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.

Alýan kömek pullarynyň kanunda göz öňünde tutulmadyk çykdajylara gitmegi maýyplaryň gündelik azyklaryna harçlajak pullaryna ‘talaň salýar’ diýip, çeşme aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, maýyp adamyň ejesi, kakasy ýa başga bir ýakyn hossar bolsa, olar oňa seredýärler. Ýöne bu bagt ähli adama ýetirmeýär. Netijede, hossarlary ýogalan näsaglar maýyplar öýlerine tabşyrylýar.

Azatlygyň habarçylary maýyp arabalaryny ulanýan näsaglar üçin ýollarda, dükanlarda, köpçülik ýerlerinde döredilmeli şertleriň döredilmeýändigini yzygiderli habar berýärler.

Dilegçilik edýän maýyp köpeldi

Şeýle-de, çeşmeler ýurtda çuňlaşýan ykdysady kynçylyklaryň fonunda, dilegçilik edýän ýaşaýjylaryň arasynda maýyp adamlaryň hem az duşmaýandygyny belleýärler.

“Ýöräp bilmeýän, maýyp arabasynda oturan adamlaryň käbirini hossarlary bazarlara, ýollara dilegçilik etmäge çykarýarlar. Olar uzak gün geçene ellerini serip, kömek sorap oturmaly bolýarlar. Bu hili dilegçilere, göwnüme bolmasa, soňky wagtlar gaty kän gabat gelýän” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Ýanlarynda plastik gapda suw, bir döwüm çörek goýlan maýyplaryň uzakly gün dilegçilik edýändigini ýene bir çeşme tassyk etdi. Aýdylmagyna görä, bu hili dilegçileriň köpüsiniň ene-atasy ýok, ýa-da olar köplenç gartaşan adamlar bolýar diýip, bir çeşme aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenabat bazarlarynda ýarawsyz, gartaşan dilegçiler köpelýär - çeşmeler


Azatlygyň habarçysy maýyp arabasynda dilegçilik edýän ýaşuly bilen söhbetdeş boldy.

“Pensiýa alýaryn, ýöne ol derrew gutarýar. öýde her gün diýen ýaly goh bolýar. Maňa özümden kiçi inim seredýär. Onuň maşgalasy, çagalary bar. Men oňa ýük bolýan. Men pensiýamy şolara berýän, meni garrylar öýüne zyňmasalar bolýar diýýän. Nahar, çörek berseler-de, ol hem gep-gürrüňli bolýar” diýip, ol öýde goh turmasyn diýip, hemişe dymmaly bolýandygyny gürrüň berdi.

Habarçymyz ýol hadysasyna uçrap, ýata maýyp bolan erkegiň aýaly bilen hem anonimlik şertinde söhbetdeş boldy.

Ol döwletden alýan kömek pullaryndan başga girdejileriniň ýokdugyny gürrüň berdi.

“Maşgalada 6 adam bar, 1000 manat nämä ýetýär? Adamlar boldugyndan sadaka berýärler. öýde iýmäge çörek bolmaýan wagtlary hem bolýar. Biri sadaka getirse, çagalar bilen begenýäs. Çagalarymyň täze eşik geýmedigine birnäçe ýyl boldy. Her kim çagasyndan çykan eşiklerini getirip berýär, şolar bilen oňňut etdirýärin” diýip, dört çaganyň ejesi aýtdy.

Ol ýoldaşyny taşlap, işe hem gidip bilmeýändigini, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin iş tapmagyň tas mümkin däldigini hem sözüne goşdy we, ýurtda häzir sagat bolanyňda hem eklenmegiň gaty kyn bolandygyny belledi.

Türkmen metbugaty her ýylyň 3-nji dekabrynda Halkara maýyplar güni mynasybetli guralýan çäreler barada gysgaça habar çap edip, kömege mätäç adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada maglumat bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.