Merkezi Aziýa üçin Jekson-Wenik düzedişini ýatyrmak ençeme ýyl bäri ara alnyp maslahatlaşylsa-da, näme üçin ol henizem güýjünde?

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň we onuň administrasiýasynyň agzalarynyň garşysynda, Waşingtonda geçirilen «C5+1» sammitinde. 2025-nji ýylyň noýabry.

ABŞ-nyň Kongresinde adamlaryň daşary ýurda göçüp gitmegine päsgel berýän we adam hukuklaryny bozýan ýurtlar bilen söwdany çäklendirýän Jekson–Wenik düzedişiniň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin ýatyrylmagy baradaky mesele gozgalýar. Bu mesele köp milliard dollarlyk täjirçilik ylalaşyklarynyň gazanylýan we ABŞ-nyň sebit bilen aýratyn möhüm minerallary gazyp almakda hyzmatdaşlyk edýän döwründe ara alnyp maslahatlaşylýar. Düzedişi ýatyrmagyň tarapdarlary muny gatnaşyklary berkitmegiň alamaty diýip atlandyrýarlar. Hukuk goraýjylar bolsa onuň ýatyrylmagynyň adam hukuklarynyň bozulmagyny höweslendirmek hökmünde görünmeli däldigini duýdurýarlar.

Ýakyn günlerde Samarkantda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň «C5+1» görnüşindäki duşuşygy geçiriler. Amerikanyň işewür toparlarynyň 200-den gowrak wekilini öz içine aljak delegasiýa döwlet sekretary Marko Rubio ýolbaşçylyk eder. Duşuşygyň gün tertibinde söwda, maýa goýumlar, sebitleýin ykdysady gatnaşyklar we energetika howpsuzlygy bar. Samarkantda Jekson–Wenik düzedişi baradaky meseläniň gozgalyp-gozgalmajakdygy belli däl. Ýöne Rubio onuň ýatyrylmagyny köpden bäri goldaýar: ol döwlet sekretary wezipesine bellenmezinden öň hem muny «geçmişiň manysyz galyndysy» diýip atlandyrypdy. 2026-njy ýylyň ýanwarynda bolsa Senatdaky diňlenişikde ony ýatyrmagyň zerurdygy bilen ylalaşýandygyny tassyklady.

1974-nji ýylda kabul edilen Jekson–Wenik düzedişi adamlaryň daşary ýurda göçüp gitmegine päsgel berýän we adam hukuklaryny bozýan ýurtlar bilen söwdany çäklendirmäge gönükdirilendir. Ol şeýle ýurtlara diňe bir söwda gatnaşyklarynda däl, eýsem döwlet karzlary we karz kepillikleri berlende-de iň amatly şertler düzgüniniň berilmegini gadagan edýär. Düzediş bazar ykdysadyýeti bolmadyk ýurtlardan ABŞ-a getirilýän harytlara kemsidiji gümrük paçlarynyň ulanylmagyny hem göz öňünde tutýar.

Kongresde ony ýatyrmagyň ähtimal möhleti hem eýýäm agzaldy: iýulda senator Stiw Deýns bu işi 2026-njy ýylyň ahyryna çenli tamamlamaga umyt bildirendigini aýtdy. ABŞ-nyň söwda wekili Jeýmison Grir bolsa sebit ýurtlary öz bazarlaryny amerikan harytlary üçin açsa, onuň ýatyrylmagyny goldap biljekdigini mälim etdi.

Azatlyk Aziýa düzedişi ýatyrmak baradaky meselä näme üçin onýyllyklaryň dowamynda gaýta-gaýta dolanylýandygyny, onuň ýatyrylmagynyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin nämäni üýtgetjekdigini we hukuk goraýjylaryň nämeleri talap edýändigini öwrenýär.

Degişli maglumat

'ABŞ-nyň sebitden gitmek niýeti ýok'. Rubio näme üçin Merkezi Aziýa barýar?

Waşingtonda bu meselä nähili dolanyldy

Düzedişiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin ýatyrylmagy ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri ara alnyp maslahatlaşylýar. ABŞ-nyň Kongresiniň Barlag gullugynyň maglumatyna görä, sebit döwletleri bilen söwda gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak baradaky kanun taslamalary 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri hödürlenip gelýär, ýöne olar komitetleriň garamagyndan aňry geçmändir.

2021-nji ýylyň martynda kongresmenler Trent Kelli we Don Beýkon düzedişiň Özbegistana ulanylmagyny bes etmegi teklip etdiler. Olar strategik we ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelýändigini, şeýle-de Şawkat Mirziýoýew häkimiýet başyna gelenden soň ýurtda başlanan özgertmeleri esas görkezdiler. Bu başlangyç Özbegistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek meýilleri bilen hem baglanyşdyrylýardy.

2023-nji ýylyň sentýabrynda Jo Baýdeniň gatnaşmagynda prezidentler derejesinde geçirilen ilkinji «C5+1» sammitiniň jarnamasynda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemişelik kadaly söwda gatnaşyklaryna geçmek ugry beýan edildi. Şol resminamada taraplar aýratyn möhüm minerallar boýunça gepleşikleri başlamaga ylalaşdylar we demokratik dolandyryşa hem-de adam hukuklaryny goramaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

2025-nji ýylyň ýanwarynda Marko Rubio döwlet sekretary wezipesine entek tassyklanmazdan öň düzedişiň ýatyrylmagyny goldaýandygyny aýtdy. Şonda ol düzedişi gutarnykly ýatyrmak üçin kanunçylyk kararynyň gerek boljakdygyny belledi.

Şol ýylyň 5-nji noýabrynda respublikanlar Jim Riş we Stiw Deýns demokratlar Jin Şahin we Kris Mýorfi bilen bilelikde çäklendirmeleri ýatyrmak baradaky başlangyjy hödürlediler. Riş bu başlangyjy Merkezi Aziýada Russiýa we Hytaý bilen bäsdeşlik bilen baglanyşdyrdy. Mýorfi bolsa düzedişiň Waşington üçin möhüm bolan sebit döwletleri bilen hyzmatdaşlyga päsgel berýändigini aýtdy.

Ertesi gün Donald Tramp Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň prezidentlerini Ak tamda kabul etdi — şonda «C5+1» sammiti geçirildi. Duşuşykda sebit bilen ABŞ-nyň gatnaşyklarynda «täze eýýamyň» başlanýandygy yglan edildi. Deýnsyň sözlerine görä, düzedişi ýatyrmak olaryň gepleşiklerde gozgan esasy meseleleriniň biri bolupdyr.

Sebit ýurtlarynyň liderleri bilen geçirilen iş agşamlyk naharynda merkezi aziýaly žurnalistleriň biri ABŞ-nyň prezidentinden sebitiň Jekson–Wenik düzedişiniň ýatyrylmagyna haçan garaşyp biljekdigini sorady. Bu soraga nahara gatnaşýan Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Jeýms Riş jogap berdi. Ol düzedişi ýatyrmagyň wagtynyň «eýýäm köpden bäri gelendigini» we özüniň aýdyşy ýaly, muny «örän ýakyn geljekde» amala aşyryp boljakdygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we onuň administrasiýasynyň agzalary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri bilen «C5+1» sammitiniň çäginde Ak tamda geçirilen agşamlyk naharynda. Waşington, 2025-nji ýylyň 6-njy noýabry.

Sammitiň netijeleri boýunça ABŞ-nyň Söwda ministrligi sebit ýurtlary bilen 25 milliard dollardan gowrak täjirçilik ylalaşyklarynyň gazanylandygyny habar berdi. Merkezi Aziýa ýurtlarynda aýratyn möhüm minerallary gazyp almak esasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.

Amerikan tarapynyň gatnaşýan şeýle taslamalarynyň biri Gazagystandaky «Sewernyý Katpar» wolfram ýatagy boldy. Taslama 1,1 milliard dollar maýa goýuldy. Gazyp almak işlerini 2030-njy ýylda başlamak meýilleşdirilýär.

Degişli maglumat

Waşington sammitinde Tramp bilen Merkezi Aziýa ýurtlary möhüm minerallar boýunça ylalaşyga geldi

ABŞ bilen sebit ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygy berkeýän mahaly hukuk goraýjylar entek noýabrdaky sammitden öň Waşingtony diňe geleşikler bilen çäklenmän, adam hukuklaryna-da üns bermäge çagyrdylar. Human Rights Watch sebitde repressiýalaryň güýçlenýändigini habar berdi. Guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Hýu Uilýamson bolsa ýaşaýjylaryň öz hökümetleriniň baglaşýan halkara ylalaşyklarynyň peýdasyny görmegi üçin adam hukuklarynyň we kanunyň hökmürowanlygynyň berjaý edilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Şol bir wagtda, 2025-nji ýylyň dekabrynda çap edilen Milli howpsuzlyk strategiýasynda Donald Trampyň administrasiýasy beýleki ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmek isleýändigini, munuň üçin olara däp-dessurlaryndan we taryhyndan düýpli tapawutlanýan «demokratik ýa-da beýleki jemgyýetçilik özgertmelerini zor bilen kabul etdirmejekdigini» mälim etdi. Resminama syýasy ulgamy Amerikanyňkydan tapawutlanýan döwletler bilen hyzmatdaşlyga ýol berýär. Ykdysady ileri tutulýan ugurlaryň arasynda ABŞ-nyň aýratyn möhüm minerallara elýeterliligini giňeltmek we daşarky üpjün edijilere garaşlylygyny azaltmak agzalýar. Aziýa baradaky bölümde Hytaý bilen ykdysady bäsdeşlige we ABŞ-nyň dünýäniň öňdebaryjy ykdysadyýeti hökmünde ornuny berkitmegine üns berilýär.

2026-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda senator Deýns Rubionyň gatnaşmagyndaky diňlenişikde düzediş baradaky meseläni ýene gozgatdy. Ol sebit ýurtlarynyň ABŞ bilen ýakynlaşýandygyny belläp, kanun taslamasyny prezidentiň gol çekmegine ýetirip boljakdygyna umyt bildirdi. Rubio çäklendirmeleri ýatyrmagyň zerurdygy bilen ylalaşýandygyny tassyklady.

22-nji iýulda Deýns şol sowal bilen ABŞ-nyň söwda wekili Jeýmison Grire ýüzlendi. Senatoryň edarasynyň çap eden stenogrammasyna görä, Grir Merkezi Aziýa ýurtlary şol bir wagtda öz bazarlaryny amerikan harytlary üçin açmaga razy bolsa, düzedişiň ýatyrylmagyny goldap biljekdigini aýtdy. Deýns bu işi 2026-njy ýylyň ahyryna çenli tamamlamaga umyt bildirdi.

Bu nähili düzediş we ony ýatyrmak näme üçin kyn

Söwda baradaky kanuna Jekson–Wenik düzedişini 1970-nji ýyllarda kanun çykaryjylar Genri Jekson we Çarlz Wenik teklip etdiler. Ol, ilkinji nobatda, şol döwürde ýokary bilimli adamlaryň ýurtdan çykmagyny çäklendirýän SSSR-e basyş etmegiň guralydy. Bu, esasan, Ysraýyla göçüp gitmek isleýän ýewreýlere degişlidi. Sowet häkimiýetleriniň ýewreýleriň emigrasiýasyna päsgel bermegi Günbatarda nägilelik tolkunyny döretdi. Düzediş öz raýatlarynyň daşary ýurda çykmak hukuklaryny bozýan ýa-da düýpli çäklendirýän ýurtlar bilen söwdany we olara karz berilmegini çäklendirdi.

SSSR-de 1987-nji ýylda emigrasiýa erkinliginiň girizilmegi bilen düzediş ähmiýetini ýitirdi, ýöne belli bir nyşan hökmünde saklanyp galýar. Meselem, Russiýa babatynda bu düzediş ýatyryldy, ýöne şonuň bilen bir wagtda ABŞ-da Magnitskiý kanuny kabul edildi. Ol adam hukuklarynyň bozulmagyna, korrupsiýa we hukugyň hökmürowanlyk ýörelgeleriniň bozulmagyna jogapkär adamlara şahsy sanksiýalaryň girizilmegini göz öňünde tutýar.

Merkezi Aziýa ýurtlary barada aýdylanda bolsa, ABŞ-nyň Kongresiniň Barlag gullugynyň düşündirişine görä, Gazagystan, Özbegistan we Täjigistan eýýäm kadaly söwda düzgüninden peýdalanýarlar: ABŞ olaryň emigrasiýa erkinligi baradaky talaplara laýyk gelýändigini ykrar edýär, ýöne bu derejä her ýyl täzeden garalýar. Türkmenistan üçin başga bir usul — çäklendirmeleri wagtlaýyn ulanmazlyga mümkinçilik berýän prezidentiň ýörite rugsady hereket edýär. Gyrgyzystan bolsa 2000-nji ýylda düzedişiň täsirinden gutarnykly çykaryldy.

Gullugyň bahalandyrmagyna görä, düzedişiň ýatyrylmagynyň Gazagystan, Özbegistan we Täjigistan bilen söwda gatnaşyklaryna bada-bat ýetirjek täsiri çäkli bolup biler: olaryň harytlaryna eýýäm ABŞ-nyň adaty import paçlary salynýar. Hemişelik söwda derejesiniň berilmegi her ýyl täzeden garamak zerurlygyny aradan aýrardy, ýöne munuň özi şol paçlaryň peseljekdigini aňlatmazdy.

Adam hukuklary boýunça Gazagystan býurosyny esaslandyran hukuk goraýjy Ýewgeniý Žowtis Azatlyk Aziýa bilen söhbetdeşlikde şeýle kararlara täzeden garamagyň çylşyrymly işdigini düşündirýär:

«Kongresiň kabul edýän şular ýaly düzedişleriniň ýa-da käbir kanunçylyk kararlarynyň örän kyn üýtgeýändigini göz öňünde tutmaly. Jekson–Wenik düzedişiniň kabul edilenine birnäçe onýyllyk boldy. Şu wagtyň dowamynda bu düzedişiň döwletleriň arasyndaky kadaly söwda gatnaşyklaryna ol ýa-da beýleki derejede, elbetde, päsgel berýändigi düşnüklidi. Meselem, Gazagystan babatynda onuň çäklendirmeleriniň ulanylmagy 1992-nji ýyldan bäri togtadylan hem bolsa, şeýle. Şol bir wagtda ony ýatyrmak aňsat däl, sebäbi onuň töwereginde hemişe dürli syýasy garaýyşlar köp bolýar, üstesine-de, Kongresde ony ýatyrmagyň düzgüni hem çylşyrymly».

Degişli maglumat

Merkezi Aziýanyň ABŞ bilen ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegi nazarlaýan wagty, Bişkekde B5+1 forumy geçirilýär

«Ýatyrylmagy höweslendirme bolmaly däl»

ABŞ-nyň Gazagystandaky we Täjigistandaky öňki ilçisi Riçard Hogland Georgetown Journal of International Affairs neşiri üçin iýulda ýazan makalasynda düzedişi ýatyrmagyň simwoliki ähmiýetini nygtaýar. Onuň bahalandyrmagyna görä, düzedişiň saklanmagy Waşingtonyň strategik taýdan möhüm diýip atlandyrylýan hyzmatdaşyna bolan garaýşynyň ikibaşlydygyny görkezýär. Hogland hemişelik söwda derejesiniň maýa goýujylara ABŞ-nyň uzak möhletli niýetleri barada alamat boljakdygyny hasaplaýar.

Berlindäki Karnegi merkeziniň ylmy işgäri Temur Umarow noýabrdaky sammiti seljerende, ýakynlaşmagyň syýasy ähmiýetine hem ünsi çekipdi. Onuň bahalandyrmagyna görä, Waşingtonyň ünsi sebit ýolbaşçylarynyň halkara derejesindäki ornuny ýokarlandyrýar. Şol bir wagtda, maýa goýumlaryň artmagyna işewürlik şertleri hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetinde Russiýanyň we Hytaýyň eýeleýän orny päsgel berýär.

Umarowyň pikiriçe, sebit ýolbaşçylary Trampyň bildirýän gyzyklanmasyndan bolmanda simwoliki taýdan mümkin boldugyça köp peýda gazanmaga çalyşýarlar.
Žowtis düzedişiň könelendigini ykrar edýär, ýöne muny adam hukuklary baradaky talaplardan ýüz öwürmäge esas hasaplamaýar.

«Belli bir manyda ol, elbetde, köneldi, sebäbi onuň esasy meselesi emigrasiýady. Sebitiň ýurtlarynyň köpüsinde bolsa adamlar daşary ýurda erkin gidip-gelýärler. Ýöne meniň pikirimçe, esasy garaýyş könelmedi. Ol hem demokratiýanyň we adam hukuklarynyň ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar bilen gönüden-göni baglanyşdyrylmagydyr. Sebit ýurtlarynda demokratiýa ýok, adam hukuklary bolsa hemme ýerde bozulýar».

Hukuk goraýjy düzedişi başga gurallar, şol sanda sanksiýalar bilen çalşyp boljakdygyny aýdýar, ýöne munuň anyk görnüşleriniň entek kesgitlenmändigini belleýär.

«Häzirlikçe men diňe ony ýatyrmalydygy barada eşidýärin. Ýöne her niçigem bolsa, siz Amerikanyň Birleşen Ştatlary hökmünde demokratiýanyň, hukugyň hökmürowanlygynyň we adam hukuklarynyň ideallaryna ygrarly bolmagyňyzy dowam etdirýän bolsaňyz, Jekson–Wenik düzedişiniň ýatyrylmagy häzirki syýasaty, ilkinji nobatda, adam hukuklary we demokratik ösüş babatyndaky syýasaty höweslendirmek ýaly görünmeli däl — diýip, Žowtis aýdýar. — Munuň öwezini haýsydyr bir ýol bilen dolýan bolsaňyz, onda hawa, belki, ony ýatyrmak gerekdir. Ony hiç bir alternatiwasyz diňe ýatyraýmak bolsa, näme-de bolsa, juda ýönekeý bolýar».

2026-njy ýylyň iýulynda Kongresiň adam hukuklary boýunça komissiýasynyň diňlenişiginde hukuk goraýjylar ABŞ-nyň yglan eden ykdysady ylalaşyklary ileri tutmak ugruny tankytladylar. Crude Accountability guramasynyň ýolbaşçysy Keýt Uotters şonda geleşikleriň adam hukuklaryny kölegede galdyrýandygyny aýtdy. Barlagçy Stiw Swerdlou bolsa Waşingtonyň basyşynyň gowşamagyny «jezasyzlygyň täze medeniýetiniň» emele gelmegi bilen baglanyşdyrdy.

Žowtis Amerikanyň ileri tutýan ugurlarynyň üýtgemegini ykdysady bähbitler we Merkezi Aziýanyň Russiýa bilen Hytaýyň arasynda ýerleşmegi bilen düşündirýär.

«Türkmenistan nusgawy diktatura, sebitiň beýleki ýurtlary hem belli bir derejede awtoritar. Bu ýerde adam hukuklary we demokratiýa barada çynlakaý gürrüň etmek gaty kyn. Şeýle şertlerde sebitleýin geosyýasy garaýyşlar we ABŞ-nyň ykdysadyýet hem-de howpsuzlyk taýdan milli bähbitleri agdyklyk edýär» diýip, bilermen belleýär.

Häzirki çekişmeler oňa Gazagystanyň 2010-njy ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmeginiň öňüsyrasyndaky jedelleri ýatladýar. Žowtisiň sözlerine görä, başlyklyk döwründe ýurtda adam hukuklarynyň berjaý edilişiniň gowulaşjakdygy çak edilipdi.

«Gynansak-da, hiç hili şert goýulmady. Gazagystan 2010-njy ýylda başlyklygyny arkaýyn tamamlady, adam hukuklarynyň ýagdaýy bolsa gowulaşmady. Soň 2011-nji ýyl, Žanaozen boldy, ondan soňam beýlekiler» diýip, hukuk goraýjy düşündirýär.

Freedom House guramasynyň soňky hasabatynda hem sebitde syýasy hukuklaryň we raýat azatlyklarynyň ýagdaýynyň gowulaşandygy bellenilmeýär. 2025-nji ýylyň wakalaryna baha berýän Freedom in the World 2026 barlagynda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň hemmesi öňki hasabatlardaky ýaly «erkin däl» ýurtlaryň hataryna goşuldy.

Bu ýagdaý diňe sebit bilen çäklenmeýär. Freedom House guramasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda dünýäde erkinligiň derejesi yzygiderli 20-nji ýyl pese gaçdy: 54 ýurtda ýagdaýyň ýaramazlaşandygy, 35 ýurtda bolsa gowulaşandygy hasaba alyndy.
«Adamlar bu ideallaryň, gymmatlyklaryň özünden däl-de, häzirki döwletleriň şol gymmatlyklary nähili üpjün edýändiginden lapykeç boldular» diýip, Ýewgeniý Žowtis aýdýar.

Hukuk goraýjynyň pikiriçe, awtoritar häkimiýetler bu lapykeçlikden peýdalanyp, demokratik dolandyryş pikiriniň özüne şübhe döretmäge synanyşýarlar. Ýöne Žowtis demokratiýanyň ynandyryjy alternatiwasynyň ýokdugyna ynanýar.

«Men “demokratiýanyň krizisi” diýen adalgany seresaply ulanardym. Men demokratiýanyň dolandyryş usuly hökmünde hem-de hukugyň hökmürowanlygyny we bazar ykdysadyýetiniň adalatly ösüşini üpjün etmegiň usuly hökmünde alternatiwasynyň ýokdugy baradaky garaýşa eýerýärin. Sebäbi ol beýleki islendik modelden gowudyr. Ýagny adam hukuklary, deňlik, erkinlik we adalat barybir agdyklyk edýär. Nähili bolsa-da, adamzat hut şolara ynanýar» diýip, ol hasaplaýar.

Žowtis adam hukuklarynyň we hukugyň hökmürowanlygynyň halkara syýasatynda ýene möhüm orun eýelejekdigine ynanýar. Häzir bu ýörelgelerden yza çekilmegi ol wagtlaýyn ýagdaý hasaplaýar.

«Bu babatda men aram optimist. Men olaryň hemişelik ýitip gidendigini pikir edemok. Bu wagtlaýyn yza gaýdyş. Ýöne häzirlikçe bu yza gaýdyşdyr» diýip, hukuk goraýjy aýdýar.
Şol bir wagtda, onuň sözlerine görä, demokratik institutlaryň özleri hem üýtgeşmelere mätäç.

«Häzir bolsa biz institutlaryň we düzgünleriň krizisi bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Olar hem gowşak ýerleriniň bardygyny, özlerini hem üýtgetmegiň gerekdigini görkezdi. Ýöne üýtgetmeler düýp binýada daýanyp edilmeli. Şol binýat bolsa adam hukuklary, adam janynyň gymmaty, erkinlik, adalat, adam mertebesine hormat goýmak we kemsitmezlikdir. Başga zat ýok».