Merkezi Aziýanyň hökümetleri dünýäde dowam edýän emeli aň bäsleşigine goşulmaga howlugýarlar. Olaryň maksatlary hem kiçi däl.
Nvidia ABŞ-nyň infrastruktura kompaniýasy Firebird we Gazaktelekom bilen Gazagystandaky Data Center Valley taslamasynda hyzmatdaşlyk edýär. Bu taslama Merkezi Aziýada emeli aň infrastrukturasyny ösdürmek boýunça iň uly başlangyç hökmünde hödürlenýär.
Özbegistan hem «Sanly Özbegistan – 2030» strategiýasynyň çäginde şuňa meňzeş maksatlary öňde goýýar. Ýurt maglumat merkezlerine degişli talaplara laýyk gelýän maýa goýumlary üçin 2040-njy ýyla çenli salgyt we gümrük ýeňilliklerini hödürleýär. Täjigistan bolsa oktýabrda ABŞ-nyň çip öndürijisi Nvidia kompaniýasynyň Global AI Nations maksatnamasynyň goldawy bilen sebit derejesindäki emeli aň innowasiýa merkezini döretmek meýilnamasyny yglan etdi.
Emma Merkezi Aziýanyň bu maksatlaryny tankytlaýanlar maliýeleşdirmegiň ygtybarlylygynyň şübhelidigine, eýýäm elektrik ýetmezçiligini başdan geçirýän ýurtlarda kömür bilen öndürilýän energiýa bil baglanýandygyna we korrupsiýanyň köpden bäri mesele bolup gelýän sebitinde aç-açanlygyň ýoklugyna ünsi çekýärler.
"Data Center Valley"
Ilkinji tapgyrynyň bahasynyň 10 milliard dollar boljakdygy yglan edilen "Data Center Valley" taslamasynyň tarapdarlary onuň Gazagystany emeli aň üçin hasaplaýyş kuwwatyny eksport edýän iri ýurda öwürjekdigini aýdýarlar. Şol wagt Nvidia kompaniýasynyň baş direktory bolan Jensen Huang oktýabrda Astana sapar edende, taslamanyň ilkinji giňeldiş tapgyrynda serwerler we enjamlar üçin elektrik kuwwatynyň ahyrky netijede 1 gigawata ýetip biljekdigini aýtdy. Uzak möhletde bolsa bu görkezijini 5 gigawata çenli artdyrmak maksat edinilýär.
Gazagystanyň premýer-ministriniň orunbasary, emeli aň we sanly ösüş ministri Žaslan Madiýew bilen telewideniýede görkezilen söhbetdeşlikde Huang ýurduň dünýäniň emeli aň pudagynda esasy orunlaryň birini eýelemek üçin amatly şertleriniň bardygyny aýtdy.
«Dünýäniň beýleki ýurtlary bu işe nähili girişmelidigini we emeli aň ykdysadyýetini nähili gurmalydygyny çözýärkä, siz Gazagystanda muny eýýäm amala aşyrýarsyňyz» diýip, Huang aýtdy. «Gazagystanyň düýpli artykmaçlygy bar, sebäbi siziň tebigy baýlyklaryňyz hem, energiýa serişdeleriňiz hem örän köp. Geljekde diňe energiýa eksport etmegiň ýerine, ony aň-paýhasa öwrüp, aň-paýhasy eksport edip bilersiňiz».
Nýu-Ýorkda ýaşaýan giňişlik maglumatlary boýunça analitik Marat Beksultanow "Data Center Valley" taslamasynyň maliýeleşdirilişine şübhe bildirdi. Ol Merkezi Aziýada suw dolandyryşy we takyk ekerançylyk üçin hemra maglumatlaryny seljermek hem-de uzakdan uzakdan öwrenmek boýunça ýöriteleşen GeoBox kompaniýasynyň baş direktorydyr.
«Iň uly mesele taslamanyň esasy böleginiň Gazagystanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilmegidir» diýip, Beksultanow aýtdy. «Oňa hususy maýa örän az goýulýar, belki, asla goýulýan hem däldir. Üstesine-de, entek hiç kim ondan peýdalanmaga borçlanmanka, taslama maliýeleşdirilýär. Meseläniň beýleki tarapy hem şu. Şonuň üçin bu taslamanyň ahyrky müşderisiniň kim boljakdygy barada bilýän zadymyz örän az».
Huang Gazagystanda ýurduň öz energiýa serişdelerini hasaplaýyş kuwwatyna öwrüp, ony Ýewropa bazarlaryna eksport edip biljekdigini aýtdy. "Data Center Valley" taslamasy kömür bilen işleýän Ekibastuz GRES-1 elektrik stansiýasynyň golaýynda ýerleşýär.
Emma Beksultanowyň pikiriçe, bu mesele döredip biler. «Ýewropa kompaniýalary daşky gurşawy hapalaýan energiýa bilen öndürilen hyzmatlary satyn almaga iň az isleg bildirýän müşderilerdir. Olaryň köpüsi satyn alýan hyzmatlarynyň, şol sanda bulut hasaplaýyş hyzmatlarynyň uglerod zyňyndylary barada hasabat bermeli. Ekibastuz kömri bilen işleýän maglumat merkezi şol zyňyndylary artdyrýar. Ýewropa hyzmat satmak üçin taslama arassa energiýa gerek, emma onda beýle energiýa ýok» diýip, GeoBox kompaniýasynyň baş direktory aýtdy.
Gazagystanyň uly maglumat merkezlerini işletmek üçin ýeterlik elektrik öndürýändigi hem näbelli. «Gazagystan häzirki wagtda özüne-de ýeterlik elektrik öndürmeýär. 2025-nji ýylda ýurt 123,1 milliard kilowat-sagat elektrik öndürdi, emma 124,6 milliard kilowat-sagat sarp etdi. Ýetmeýän bölegi Russiýadan import arkaly dolduryldy» diýip, Beksultanow aýtdy.
Gazagystanyň hökümeti "Data Center Valley" taslamasyna 20 ýyllap üýtgemejek arzan elektrik bahasyny wada berdi. Şol bir wagtyň özünde, ýerli kärhanalar elektrik üçin ep-esli köp töleýärler. Taslamany tankytlaýanlar şeýle uly täze sarp edijiniň goşulmagynyň ýurduň elektrik ulgamyna basyşy artdyryp, tutuş ýurt boýunça elektrik kesilmeleriniň howpuny döredip biljekdigini aýdýarlar.
"Transparency International" guramasynyň 2025-nji ýyl üçin Korrupsiýa baradaky düşünjeleriň indeksinde 182 ýurduň arasynda 96-njy orny eýelän ýurtda aç-açanlyk meselesi hem bar.
«Çykdajyny kimiň çekjekdigini kesgitleýän resminamalar köpçülige görkezilmeýär: elektrik üpjünçiligi baradaky şertnama, Firebird bilen kärende şertnamasy we elektrik bahasyna berilýän arzanladyşyň haýsy çeşmeden maliýeleşdiriljekdigi. Bularyň hiç biri çap edilmedi» diýip, Beksultanow aýtdy.
«Diňe mahabat üçin edilýän iş»
Emeli aň pudagyny giňeldýän diňe Gazagystan däl. Saud Arabystanynda ýerleşýän DataVolt kompaniýasy Özbegistanyň paýtagty Daşkentde suwuklyk arkaly sowadylýan, kuwwaty 12 megawatlyk desga gurýar. Kompaniýa indiki tapgyrlarda takmynan 3 milliard dollar maýa goýmagy we kuwwaty 500 megawata çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Emeli aň maglumat merkezlerine güýçli sowadyş zerur, sebäbi emeli aňy işletmek üçin ulanylýan çipler örän köp ýylylyk çykarýar. DataVolt özüne çekmegi umyt edýän tehnologiýa ägirtleriniň arasynda Google, Microsoft, Meta we Amazon kompaniýalaryny görkezdi.
Gyrgyzystan Hytaýyň Inspur, Huawei we ZTE ýaly kompaniýalaryny çekmäge çalyşýar. StarOcean Investment ýakynda ýurduň merkezi bölegindäki Naryn erkin ykdysady zolagynyň 200 gektarlyk meýdanynda köp energiýa sarp edýän senagat seýilgähini döretmek barada ylalaşyga gol çekdi. Ol maglumat merkezlerine we emeli aň üçin hasaplaýyş kuwwatyna niýetlenýär.
Degişli maglumat
Türkmenistan maglumat merkezleri boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen gepleşik geçirýärHatda internet infrastrukturasy könelişen we dolandyryş ulgamy aşa awtoritar bolan Türkmenistan hem emeli aňyň ösüşinden peýdalanmak isleýär. Energetika ministriniň orunbasary Serdar Saparow ýakynda ýurduň maglumat merkezleri barada halkara kompaniýalary bilen deslapky gepleşikleri geçirýändigini aýtdy. Singapurda ýerleşýän Bitdeer Technologies Group kompaniýasy hem Türkmenistanyň energiýa serişdelerini hasaplaýyş kuwwatyna, şol sanda emeli aň üçin maglumatlary işlemäge gönükdirmek baradaky teklibini hödürledi.
Ýurduň energetika taslamalaryndan habarly bolan öňki türkmen hökümet işgäri Aşgabadyň maglumat merkezleri baradaky beýanatlaryny «diňe mahabat üçin edilýän iş» diýip häsiýetlendirdi. Howpsuzlyk sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran bu adam Azatlyk Radiosyna munuň bir sebäbiniň sebitdäki bäsdeşlikdigini aýtdy.
«Goňşy ýurtlarda eýýäm bir zat bar bolsa, biz hem yzda galmaly däl. Hatda bu diňe söz bolup galsa-da» diýip, öňki işgär aýtdy.
Ol Türkmenistanyň şeýle desgalary işletmek üçin zerur infrastrukturasynyň bardygyna hem şübhe bildirdi. «Ýylyň köp böleginde howanyň yssy bolmagy sowadyşa zerurlyk sebäpli ulanyş çykdajylaryny ep-esli artdyrar» diýip, ol aýtdy. Şeýle hem ol suwy tygşytlaýan tehnologiýalaryň bardygyny, ýöne olaryň maglumat merkezlerini işletmegi has gymmada düşürýändigini belledi.
Öňki işgär ýakynda sebite täsir eden elektrik kesilmesini mysal getirip, Türkmenistanyň elektrik torlarynyň könelişýändigini we olara «ägirt uly maýa goýumlarynyň» zerurdygyny duýdurdy.
Suw meselesi baradaky jedeller
ABŞ-da we Ýewropada maglumat merkezleri elektrik tölegleriniň ýokarlanmagy, elektrik torlaryna düşýän agram we suwuň köp sarp edilmegi sebäpli jemgyýetçiligiň barha güýçlenýän garşylygyna hem-de has berk çäklendirmelere sezewar bolýar.
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) ýakynda çap eden syýasat seljermesi Merkezi Aziýanyň hem şol bir ýagdaýa düşmek howpunyň bardygyny duýdurýar: maglumat merkezleri eýýäm suw ýetmezçiligini başdan geçirýän bu sebitde köp mukdarda elektrik we suw sarp edýär.
Maglumat merkezleriniň islegi öý hojalyklarynyň, daýhan hojalyklarynyň we energiýa öndürijileriniň ulanýan suw üpjünçiligine goşmaça basyş döredip biler. Merkezi Aziýada maglumat merkezleriniň işleýjilerinden suw sarp edişi barada hasabat talap edýän hemmetaraplaýyn düzgünler hem ýok.
UNECE hökümetlere maglumat merkezlerini işletjek kompaniýalardan suw sarp edişini açyk görkezmegi talap etmegi, gurluşyk ýerlerini tassyklamakda ýerli suw ýetmezçiligini göz öňünde tutmagy hem-de gün we ýel ýaly suwy az talap edýän gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine ileri tutulmagyny maslahat berýär.
Komissiýa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna ýazan jogabynda «agza döwletleriň syýasy kararlaryna teswir bermekden» ýüz öwürdi. Emma Merkezi Aziýanyň birnäçe ýurdunyň suw hyzmatdaşlygy, jemgyýetçiligiň gatnaşmagy, daşky gurşawa täsiri bahalandyrmak we senagat heläkçilikleriniň öňüni almak baradaky konwensiýalaryna gatnaşýandygyny belledi. Komissiýanyň aýtmagyna görä, bu şertnamalaryň käbir düzgünleri «şol taslamalaryň käbirleri amala aşan halatynda olara degişli bolup biler».
Beksultanow üçin esasy sorag henizem şol: Merkezi Aziýanyň hökümetleri milliardlarça dollar sarp etmezden öň, uzak möhletli bu çykdajylary göz öňünde tutýarlarmy?
«Merkezi Aziýanyň sanly Ýüpek ýoluna öwrülmek üçin amatly mümkinçilikleri bar. Emma maksatlar bilen hakyky ýagdaýyň arasynda deňagramlylygy seresaply saklamaly» diýip, ol aýtdy. «Häzir hususy taraplardan hiç hili borçnama bolmazdan, döwlet puly sarp edilýär. Bu, aslynda, öňki “guruber, müşderiler özleri geler” diýen çemeleşme. Ýöne gelmeseler näme? Şonda näme bolar?»