Balkan sebitiniň etraplarynda ýeralma ekişi başlandy, irki sogan, sarymsak we ýeralma tohumlaryny satyn almak üçin býujet edaralarynyň işgärlerinden pul toplanýar diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy 25-nji fewralda habar berdi. Çeşmeler MHM-niň ýer korrupsiýasyny 'täze belentliklere' çykarýandygyny öňe sürýärler.
Onuň sözlerine görä, Bereket etrabynyň býujet edaralarynyň her bir işgäri 1 kg sarymsak tohumyn, 500 gram sogan tohumyny we 10 kg kartoşka, ýeralma tohumyny satyn alyp bermeli ýa-da şol agramdaky tohumlaryň puluny bermeli.
Dürli ugurlardaky ynamdar çeşmeleriň tassyklamagyna görä, mekdepleriň, saglyk we aragatnaşyk pudagynyň işgärleriniň her biri, umumylykda alnanda, kärende ýerlerinde ekiljek ekinleriň tohumlaryny satyn almak üçin 200 manat töweregi möçberinde pul bermeli.
Bu maglumat hökümet başlygynyň 23-nji fewralda oba hojalygyna jogap berýän orunbasary we welaýat häkimleri bilen geçiren iş maslahatynyň yz ýanyndan geldi.
Häkimleriň hasabatlarynda jikme-jiklik ýok, 'hemme zat gowy'
Balkan welaýatynyň häkimi Aşyrmyradowyň prezidente beren hasabatynda anyklaşdyrman aýtmagyna görä, häzir sebitde “ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär”.
Degişli maglumat Balkanly býujet işgärlerinden ýeralma tohumy üçin pul ýygnalýarBereket we Gyzylarbat etraplarynda ýüzlerçe gektar ýere ýeralma, sogan we beýleki gök, bakja ekinleri ekilmeli, daýhan birleşiklerinde ýer bölekleri bölünip berildi diýip, Azatlygyň çeşmesi welaýat häkiminiň iş maslahatynda aýdan umumy sözlerini bölekleýin tassyk etdi.
Ýöne, aýry-aýrylykda gürleşilen birnäçe çeşmäniň tassyklamagyna görä, bölünip berlen ýerleriň ähli çykdajysy diýen ýaly býujet edaralarynda işleýän raýatlaryň boýnuna ýüklenýär, işini ýitirmekden gorkýan adamlar bu ‘iş usulyna’ garşy, ýöne dymmagy saýlap, onuň dowam etdirilmegine ‘kömek edýärler’.
Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşýän hünärmenler býujet edaralarynyň işgärleriniň hasabyna ekin ekilýän, ideg edilýän we hasyly ýygnalýan ýerleri kärendesine alan potratçylaryň hakykatda, öňräkden bäri ýerli hukuk goraýjy edaralaryň we beýleki täsirli adamlaryň ýaranlary bolup durýandygyny öňe sürýärler.
MHM ofiserine degişli diýip bilinýän 100 gektar...
“1 gektar ýere 1,9 tonna kartoşka tohumy gerek bolýar. Bereket etrabynyň çäginde bir MHM ofiserine degişli diýip bilinýän 100 gektar ýer üçin 20 tonna kartoşka tohumyny býujetçileriň hasabyna satyn aldylar. Tohumyň 1 kg 25 manatdan 35 manat aralygynda bahalanýar. Ähli girdeji ýer eýesine girýär, çykdajy edýän býujet işgärleri, hamana gul ýaly, ýolbaşçylaryň basyşlaryna ‘bolýa’ diýmekden başga zat diýip bilmeýärler” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran býujet işgäri aýtdy.
Gyzylarbat etrabynda häzir 200 gektar ýer ýeralma ekişine taýýarlanýar, ýöne bu ýerler hem sebitiň täsirli adamlaryna ‘degişli’, sebäbi ekiljek ýeralma tohumlary üçin býujet işgärlerinden pul ýygnalýar diýip, aýry-aýrylykda gürleşilen iki çeşme aýtdy.
Azatlygyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, ýerlama tohumy gymmat, ýöne iş başarýan daýhanlara az mukdarda, 2-3 gektardan ýer berilse, hiç kim başga biriniň ýerinde ekiljek tohum üçin pul bermäge mejbur edilmezdi.
Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda daýhanlara az mukdarda, 3-5 gektara çenli ýer bermek kararyna gelnip, bu düzgün Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren oba hojalyk reformalaryna çenli saklandy.
Ýurdy azyk howpsuzlygy bilen üpjün etmek wadasyny beren uly Berdimuhamedow, kärendeçileri netijesiz işlemekde tankytlap, ýerleri has köp mukdarda we uzak möhlet bilen ‘hususy telekeçiler’ diýilýänlere bermegi teklip etdi.
Korrupsiýany çuňlaşdyran reformalar
Bu özgerişlik täsirli adamlaryň, öňki resmileriň we wezipesinden bikanun peýdalanýan emeldarlaryň ‘ýer korrupsiýasyny’, mejbury zähmeti we bikanun salgyt ýygnamak 'medeniýetini' öňküsinden hem giňeltmegine we çuňlaşdyrmagyna ýol açdy diýip, synçylar aýdýar.
Degişli maglumat 'Hormatly Prezident' propagandasy bugdaýy däl, 'dilegçilik edýän çagalary köpeldýär'Syzyp çykýan maglumatlar ýeralma üçin 100, 200 gektara çenli bölünip berlen ýerlere bikanun eýe çykan raýatlaryň diňe býujetçilerden tohum puluny alyp oňmaýandyklaryny, eýsem, aýlygy aýdan aýa ýetmeýän adamlary dökün satyn almak, otagçylara hak tölemek üçin hem pul bermäge mejbur edýändiklerini yşarat edýär.
Daýhanlaryň tassyklamagyna görä, Balkanyň toprak şertlerinde ýeralma ekip, her gektardan 6 tonnadan 15 tonna çenli hasyl alyp bolýar we eger-de bu mümkinçilik kanun esasynda peýdalanylsa, adamlaryň uly böleginiň ezilmegine, az sanly emeldarlaryň baýamagyna getirmän, azyk bolçulygynyň döredilmegine, umumy abadançylyga, halk jebisligine hyzmat ederdi.
Azatlygyň habarçylary bu ýagdaý barada resmi düşündiriş alyp bilmeýärler. Türkmen häkimiýetleri garaşsyz neşirlerde, sosial ulgamlarda bildirilýän nägileliklere, giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa açyk reaksiýa bildirmeýär, iberilen soraglara, ýüz tutmalara jogap bermeýär.
Şol bir wagtda, prezidentiň geçirýän maslahatlarynda ýyldan ýyla şol bir hasabatlar berilýär we käte şol gowy hasabatlary beren ýolbaşçylar täzelenýär, ýöne aýdylýan sözler öňküligine galýar. Söhbetdeşlerimiz hökümet başlygynyň emele gelen ýagdaýy ýa düýpden bilmeýändigini, ýa-da oba hojalygy bilen asla gyzyklanmaýandygyny öňe sürýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.