Amerikanyň analitik merkezi Merkezi we Günorta Aziýada ykdysady hyzmatdaşlygy täzeden gurmaga gönükdirilen täze sebit başlangyjyny hödürlemäge taýýarlanýar. Bu teklip Waşingtonyň strategik taýdan möhüm sebitdäki täsirini gaýtadan berkitmäge synanyşýan döwründe ýüze çykdy.
New Lines Strategiýa we Syýasat Instituty öz Silk Seven Plus (S7+) konsepsiýasyny 20-nji aprelde Kapitol depesinde resmi taýdan tanyşdyrar. Bu konsepsiýa ýedi ýurduň — Gazagystan, Özbegistan, Türkmenistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Owganystan we Pakistan — has jebis ykdysady bileleşige birleşdirilmegi üçin uzak möhletli meýilnama hökmünde hödürlenýär.
ABŞ-nyň Hytaý we Russiýa bilen güýçlenýän bäsdeşligine jogap hökmünde taýýarlanan bu başlangyç deňze çykalgasy bolmadyk Merkezi Aziýa sebitini dünýä bazarlary bilen baglamagy, şol bir wagtda bolsa uzak ýyllar hyzmatdaşlyga päsgel beren içerki meseleleri çözmegi maksat edinýär.
"Çatrykda"
Bu başlangyç ABŞ-nyň Merkezi Aziýa bolan ünsüni täzeden güýçlendiren döwründe ilerledildi. Sebit möhüm minerallara baý bolup, dünýä üpjünçilik zynjyrlarynda barha möhüm orun eýeleýär.
Gurnaýjylaryň maglumatlaryna görä, S7+ ýurtlarynyň jemlenen jemi içerki önümi 2024-nji ýylda bir trillion dollara golaýlapdyr we ýakyn ýyllarda bu çäkden geçmegine garaşylýar. Sebitde litiý, seýrek ýer elementleri we mis ýaly energetika hem-de goranyş senagaty üçin örän möhüm bolan takmynan iki trillion dollarlyk mineral baýlyklar bar.
“Bu dünýäniň iň strategik ähmiýetli sebitleriniň biridir” diýip, New Lines institutynyň strategiýasyna jogapkär bolan Azim Ibrahim aýdýar. “Ýöne ol henizem bölünip giden ýagdaýda, bu ýagdaý bolsa onuň mümkinçiliklerini çäklendirýär."
Integrasiýanyň başga modeli
Öňki sebit başlangyçdan tapawutlylykda, S7+ ýörite bir ýurduň ýolbaşçylyk etmezligi üçin taslanypdyr.
Meýilnama Ýewropa Bileleşiginiň integrasiýasynyň ilkinji tapgyrlaryndan ylham alýar. Ol ilki bilen energetika, peýdaly gazma baýlyklaryny çykarmak we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlarda amaly hyzmatdaşlyga üns berýär. Has çuň ykdysady baglanyşyklar bolsa indiki maksat hökmünde görülýär.
“Biz gepleşen ýurtlarymyzyň integrasiýa gyzyklanýandygyny gördük” diýip, Azim Ibrahim Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy. “Ýöne olar sebitleýin ýa-da global derejede bir agalyk ediji döwletiň gün tertibini kesgitlemegini islemeýärler.”
Çarçuwaly ylalaşyk bilelikdäki energetika taslamalaryndan we tranzit geçelgelerinden başlap, Merkezi Aziýada suw ýetmezçiligi baradaky aladalaryň artmagyna jogap hökmünde teklip edilýän sebit suw komissiýasyna çenli birnäçe ugurda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar.
Owganystanyň we Pakistanyň goşulmagy
Teklibiň iň jedelli taraplarynyň biri Owganystan bilen birlikde Pakistanyň hem esasy gatnaşyjy hökmünde goşulmagydyr.
Azim Ibrahim Owganystany üzňeleşdirmegiň netije bermändigini, ykdysady integrasiýanyň bolsa has durnukly ýol bolup biljekdigini belleýär.
“Owganystany diňe taşlap bolmaz” diýip, ol aýdýar. “Maksat ony has giň sebit gurluşyna goşmak, bu ýerde ykdysady höweslendirmeler uzak möhletde durnuklylygy üpjün eder.”
Şol bir wagtda Pakistan Merkezi Aziýa döwletlerine portlary arkaly deňiz ýollaryna we dünýä bazarlaryna çykalga berýän esasy tranzit merkez hökmünde görkezilýär.
Hytaýa we Russiýa garaşlylyga garşy durmak
S7+ başlangyjy aç-açan Hytaýa ýa-da Russiýa garşy hökmünde görkezilmese-de, sebit döwletlerine täze alternatiwalar hödürlemegi maksat edinýär.
Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlarynyň köpüsi üçin iň uly söwda hyzmatdaşy bolup galýar, Pekin bolsa aýratyn-da Owganystandaky serişdelerden peýdalanmak ugrunda iş alyp barýar.
“Ýurtlar saýlaw mümkinçiligine eýe bolmak isleýärler” diýip, Azim Ibrahim aýdýar. “Olar diňe bir hyzmatdaşyna bagly bolmak islemeýärler.”
Goldawçylar syýasaty utgaşdyryp we serişdeleri birleşdirip, S7+ bileleşiginiň gepleşiklerde has güýçli ýagdaýdan çykyş edip biljekdigini hem-de iri döwletleriň ykdysady basyşyna garşy gowşaklygyny azaldyp biljekdigini aýdýarlar.
ABŞ-nyň roly nähili?
Bu başlangyç Waşingtonyň sebitleýin gatnaşyga bolan çemeleşmesiniň üýtgändigini hem görkezýär.
Tagallalara ýolbaşçylyk etmegiň ýerine, ABŞ — Ýewropa Bileleşigi bilen birlikde — tehniki tejribe bermäge, maýa goýum çäklerini kesgitlemäge we diplomatik goldaw bermäge kömek edýän araçy hökmünde görülýär.
Institutyň maglumatlaryna görä, konsepsiýa eýýäm amerikan syýasatçylarynyň gyzyklanmasyny döredipdir we kongres agzalary hem-de öňki diplomatlar Waşingtondaky tanyşdyryşa gatnaşar diýlip garaşylýar.
Häzirlikçe taslama başlangyç tapgyrda durýar.
New Lines instituty öz ornuny belli netijeleri lobbi edýän gurama däl-de, pikirler we syýasat wariantlaryny döredýän merkez hökmünde häsiýetlendirýär. Konsepsiýany kabul etmek ýa-da ret etmek hukugynyň hökümetlere degişlidigini belleýär.
Uzak möhletli garaýyş we näbellilik
Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygy taryhy taýdan kyn bolup gelipdir. Oňa syýasy bäsdeşlik, ykdysady deňsizlik we daşarky täsirleriň çaknyşygy päsgel beripdir.
S7+ goldawçylary häzirki geosyýasy pursatyň — üýtgeýän bileleşikler, infrastruktura ösüşi we Günbataryň täzeden gyzyklanmagy bilen häsiýetlenýän döwrüň — seýrek mümkinçilik penjiresini döredýändigini aýdýarlar.
“Bu bir gije içinde bolup geçmeýär” diýip, Azim Ibrahim ynandyrýar. “Ýöne ýurtlar amaly meselelerde hyzmatdaşlyga başlasa, uzak möhletli peýdalar düýpli bolup biler.”
Waşingtondaky syýasy töwereklerden daşarda bu başlangyjyň üstünligi köp derejede sebitiň öz tarapyndan beriljek goldawa bagly bolar.