Mojtaba Hameneýiniň öz kakasynyň jynazasyna gatnaşmazlygy yslam respublikasynda nämäniň üstüni açýar

Eýranyň täze Ýokary Lideri Mojtaba Hameneýiniň Tähranyň köçesinde ýerleşdirilen suraty.

Eýran ABŞ we Ysraýyl bilen urşuň başynda öldürilen Ýokary Lider Aýatolla Ali Hameneýiniň ýasyny tutmak üçin bir hepdelik uly dabaralary geçirdi.

Döwlet tarapyndan guralan köpçülikleýin çärelere Yslam respublikasynda ýüz müňlerçe adam gatnaşdy. Emma bir adamyň, ýagny Mojtaba Hameneýiniň gatnaşmazlygy ünsi çekdi.

Eýrany uzak wagtlap dolandyran lideriniň ogly we mirasdüşeri, 9-njy iýulda tamamlanan ýas dabaralarynda we mitinglerde göze ilmedi. Mojtaba Hameneýiniň kakasynyň ölümine sebäp bolan Ysraýylyň howa hüjüminde ýaralanandygy we mart aýynda mirasdüşeri bolandan bäri köpçülikde görünmändigi habar berilýär.

Ekspertleriň aýtmagyna görä, Mojtaba Hameneýiniň ýasda görünmezligi onuň ýolbaşçylygyň kanunylygyna zarba urdy we 90 million töweregi ilatly Ýakyn Gündogar ýurduny kimiň dolandyrýandygy baradaky soraglary güýçlendirdi. Häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, ol howpsuzlyk meseleleri sebäpli kakasynyň ýas dabarasyna gatnaşmandyr.

“Onuň ýoklugy syýasy taýdan möhüm, sebäbi ol mirasdüşerligiň esasy meselesini görkezýär. Mojtaba wezipäni miras alyp biler, ýöne kakasynyň ygtyýaryny miras alyp bilmez” diýip, Waşingtonda ýerleşýän Ýakyn Gündogar institutynyň Eýran maksatnamasynyň direktory Aleks Watanka aýtdy.

Degişli maglumat

Hameneýiniň jesedi jynaza çäreleri üçin Tährandaky topluma getirildi

Mojtaba Hameneýiniň ýokary lider hökmünde saýlanmagy jedelli boldy. Onuň saýlanmagy uruş döwründäki dowamlylygy aňlatsa-da, mirasdüşerligiň 1979-njy ýyldaky Yslam Rewolýusiýasynyň antimonarhist köklerine garşy gelýändigini aýdan hökümet goldawçylarynyň gaharyny getirdi.

“Onuň ýaşyrynlykda saklanmagy bu aýyplamalaryň öňüni alyp biler, ýöne şeýle hem kanunylygyň geçişini tamamlanmadyk ýagdaýda galdyrýar” diýip, “Eýranda Aýatollalaryň söweşi” atly kitabyň awtory Watanka sözüniň üstüne goşdy. “Režim mirasdüşerligi döredip biler, ýöne bir gijede şahsy ygtyýarlygy döredip bilmez”.

Köp eýranlylar üçin Mojtaba Hameneýi syrly şahsyýet bolup galýar. 56 ýaşly adam ýazmaça beýanat berse-de, onuň hiç hili suraty, wideosy ýa-da ses ýazgysy çykarylmady.
Ženewa aspirantura institutynyň Eýran boýunça bilermeni Farzan Sabet, yslam respublikasynda kanunylyk - beýleki awtoritar režimlerde bolşy ýaly - sistemanyň binýady nukdaý nazaryndan ähmiýetli diýdi.

“Eýranlylaryň köpüsi üçin Mojtabanyň kanunylygy kakasyndan has az we has gowşak görünýär, ýöne ol režimiň esasy tarapdarlarynyň arasynda öz ygtyýaryny ornaşdyryp biler, esasanam onuň ýaralary bitip, sagalandan soň ýa-da howpsuzlyk ýagdaýy mümkinçilik berenden soň has köp görnüp başlasa” diýip, Sabet aýtdy. “Şeýlelik bilen, bu ahyrsoňy ýeňip geçip boljak päsgelçilikdir”.

Güýç dinamikasynyň üýtgemegi

Eýranda onlarça ýyllap häkimiýet Ali Hameneýiniň elinde jemlenendi, ähli möhüm döwlet meselelerinde soňky söz oňa degişli boldy. Ol 1989-njy ýyldan şu ýylyň 28-nji fewralynda öldürilýänçä ýurdy demir penjesinde saklap dolandyrdy.

Emma onuň öldürilmeginden we Mojtaba Hameneýiniň mirasdüşerliginden bäri Tähranda karar kabul etmekde üýtgeşiklikler emele geldi.

"Eýranda ýokary lideriň orny umumy ýolbaşçylyk bilen tutulmady, ýöne Ali Hameneýi onlarça ýyllap lider bilen birlikde ýurdy dolandyryp bilýän edaralary döretdi" diýip, Watanka aýtdy.

Ýokary Lideriň edarasy, Yslam Rewolýusiýa Goragçylary Korpusy (IRGC) we ýurduň esasy syýasat kesgitleýji edarasy bolan Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşi "indi karar kabul etmegiň gündelik ýüküni paýlaşýarlar, ýokary ýolbaşçy bolsa her bir esasy meseläni şahsy taýdan çözmegiň ýerine has köp araçylyk edýär" diýip, Watanka sözüniň üstüne goşdy.

ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň maglumatlaryna görä, Mojtaba Hameneýiniň jemgyýetçilik durmuşynda görünmeýändigine garamazdan, ol uruş strategiýasynda we ABŞ bilen parahatçylyk gepleşiklerini dolandyrmakda henizem uly rol oýnaýar.

Degişli maglumat

Yslam respublikasy 3.0: Eýranda häkimiýet kimde?


Eýranyň ýaragly güýçleriniň elita şahasy bolan IRGC syýasatda hemişe möhüm rol oýnady. Emma bilermenleriň aýtmagyna görä, ol häzir Yslam respublikasynda agalyk edýän syýasy güýç hasaplanýar.

IRGC-niň öňki serkerdesi Mohammad Baker Zolkadryň ýolbaşçylygyndaky Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşi täsirli bolmagynda galýar.

Ekspertleriň aýtmagyna görä, prezident Masud Pezeşkian, daşary işler ministri Abbas Arakçi we parlamentiň başlygy hem-de ABŞ bilen gepleşik geçirýän baş wekil Mohammad Bager Kalibaf ýaly ýokary derejeli şahslar hem uly rol oýnaýarlar.

"IRGC Ali Hameneýi diri wagty döwletdäki iň güýçli oýunçydy we häzirki wagtda hem iň güýçli aktýor bolmagynda galýar, onuň ýoklugynda hem-de ulgamyň içinde we ulgam tarapyndan has az çäklendirilýär" - diýip, Sabet aýtdy.

"Şeýle-de bolsa, sistemanyň esasy täsirli taraplarynyň arasynda ylalaşyk gazanmak üçin tagallalar edilýän ýaly görünýär, bu ulgamyň içinde IRGC uly rol oýnaýar" - diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Netijede, bilermenleriň aýtmagyna görä, gitdigiçe kararlar bir adamyň şahsy ygtyýarlygy bilen däl-de, institusional ylalaşyk arkaly kabul edilýär.

"Bu kararlaryň kabul edilmek prosesini has haýal we seresaply edýär, ýöne şol bir wagtyň özünde bu has durnukly bolýar, sebäbi jogapkärçilik diňe ýokary ýolbaşçynyň üstüne düşmän, ulgamyň içinde paýlanýar” diýip, Watanka aýtdy.