Narmanly ýaşaýjylar bäş ýyl bäri toksuz oňuşmaly bolýar

Türkmenistanyň obasy (arhiw suraty).

Türkmenistanyň şäherlerinde we obalarynda elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde wagtal-wagtal bökdençlikler döräp adamlary köseýärkä, käbir ilatly ýerleriň ýaşaýjylary elektrik energiýasyz ençeme ýyllap ýaşaýarlar. Şeýle obalaryň biri Mary welaýatynda ýerleşýär.

Baýramaly etrabynyň Narman geňeşliginde elektrik togy ýaşaýyş jaýlaryna bäş ýyl bäri tasdan barmaýar.

"Biziň geňeşligimizde elektrik togunyň aslynda ady bar, emma ekonom tok lampany hem ýakmak üçin ýetmeýär, aslynda hojalykda ähli zat elektrik toguna bagly bolýar" diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.

Hopsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen ýerli çeşmeleriň aýtmagyna görä, bu geňeşligiň ilaty köpmilletli. Jemi 320 hojalyk bar. Olaryň arasynda türkmenler, buluçlar, kürtler, parslar, azeriler, owganlar we täjikler ýaşaýar. Olaryň ählisi elektrik togy bolmazdan kösenýär.

Çagalar günüň ýagtysynda okamaly bolýar

Emma döwlet edaralary, şol sanda mekdepler hem elektrik energiýasy bilen kadaly üpjün edilmeýär.

"Geňeşligimiziň golaýynda 3-nji orta mekdep bar, gyşyna çagalar penjireden düşýän günüň ýagtysynda sapak geçmeli bolýarlar" diýip ýene bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Degişli maglumat

Tagtabazarda ýollaryň ýaramazlygy ýaşaýjylary Tiz kömek hyzmatyndan mahrum edýär

Adamlar öz durmuş zerurlyklaryny gündiziň ýagtysynda bitirmäge howlugýarlar, gün ýaşandan soň tutuş oba tümlüge bürenýär. Mobil telefonlarynyň çyrasy ýeke-täk yşyk bolýar.

Oba ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, elektrik simlerdäki toguň güýjüni diňe mobil telefonlaryny işletmek üçin ulanyp bolýar, emma çyra, suw nasosy, telewizor, tok peçleri, sowadyjylar we beýleki elektrik enjamlary üçin ýetmeýär. Hatda elektrik energiýasynyň güýjüni artdyrýan generatorlaryň hem peýdasy az bolar, diňe çyra ýakmak üçin ýetýär.

"Tok köpeldýän guraly satyn alanlar hem bar, emma onuň peýdasy ýok, diňe çyra ýakyp gijäni yşyklandyrmaga ýetýär" diýip, narmanly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Garaňkyda pajygaly wakalar hem bolýar

Oba ilaty bäş ýyl bäri şeýle şertlere ýaşaýandygyny aýdýarlar. Bu ýerde elektrik energiýasyndan başga, gaz hem ýok, agyz suwy hem ýok.

"Biziň geňeşligimizde hiç zat ýok. Häzir adamlar öýlerine girmän daşarda ýa-da açyk meýdanda ýatyp turýarlar, sebäbi öýüň içi gaty gyzýar" diýip ýene bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, garaňkyda pajygaly wakalar hem bolýar: "Geçen hepde bir çagany ýylan çakdy. Ol çaga ata-enesi bilen daşarda ýerde ýatyrka ýylan çakypdyr, 'çaga bir zat dişledi' diýse yşyklandyryjy tok çyralar bolmansoň ony näme çakanyny bilmän, garynja ýa-da ary çakandyr diýip pikir etdiler. Emma onuň hal ýagdaýy agyrlaşdy, ony hassahana äkitmek üçin geňeşlikde awtoulag hem wagtynda tapylmady, çaga ýogaldy".

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, häkimiýetlere edýän arz-şykaýatlaryna hiç hili jogap berilmeýär, meseleleri çözülmeýär.

'Ýaşaýşymyzy ýolbaşçylar görsedi'

"Döwlet ýolbaşçylary gelip birje gün biziň ýaşaýşymyzy görsediler, obamyzda köçe ýok, ýollary gum basýar. Ýollar çagyl, daş, kerpiç, asfalt görmedik" diýip ýaşaýjy aýdýar.

Narman geňeşligi Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyna degişli. Azatlyk Radiosy welaýat we etrap häkimliginden teswir almaga synanyşdy. Emma welaýatyň websaýtynda görkezilen telefon nomerlere edilen jaňlara jogap berilmedi.

Degişli maglumat

"Gapylary çäge basýar, öýden çykyp bilmeýäs". Adamlar aklaňlaryň arasynda nädip ýaşaýarlar?

Geňeşligiň ýaşaýjylary esasan daýhançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýarlar. Olaryň sözlerine görä, sebitde başga iş ýok. Şu sebäpden orta ýaşly ýaşaýjylar, esasan hem erkek adamlar daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gidýär.

"Iş ýok. Biziň geňeşligimiziň aglaba erkek adamlary Türkiýe döwletine iş gözleginde gitdi. Geňeşligiň ýaşaýjylary häkimlige ýa-da paýtagta arza etmäge gitmekçi bolsa, bizi kanun goraýjylar gorkuzyp, 'şu günüňizi köp görýärsiňizmi' diýýär. Geňeşligimizden ençeme adam türmä basyldy, hak-hukuk diýip baş galdyrany türmä basdylar" diýip, narmanly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan narmanly we baýramalyly ýaşaýjylar howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşdi.

Türkmenistandaky sosial-ykdysady kynçylyklar, şol sanda işsizlik, ilatyň elektrik energiýasy ýaly esasy zerurlyklar bilen üpjünçiligindäki kemçilikler we arz-şikaýatlaryny häkimiýetlere ýetirmekdäki kynçylyklar türkmen resmileri tarapyndan açyk agzalmaýar, döwlet mediasynda hem gozgalman gelýär.

Degişli maglumat

Akýaýlanyň adamlary emeli köl taslamasynyň obalaryny ýykyp, çagalaryny okuwsyz goýandygyny aýdýarlar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.