Remezan aýynda azyk önümleri gymmatlady, käbiriniň nyrhy tas iki esse göterildi

Aşgabadyň bazary. (Arhiw suraty)

Türkmenistanyň paýtagtynda we beýleki şäherlerinde bazarlarda nyrhlar birden esli ýokarlandy. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri Remezan aýyna gabat gelen bu ýagdaý barada habar berýärler.

Remezan aýynda agyz açar etmek üçin azyk satyn almaga bazara baran adamlar lapykeç bolýarlar. Şu günler azyk harytlaryna talabyň artan döwründe olaryň nyrhy ýokarlanyp, alyjylaryň satyn almak ukybyny peseldýär.

"Oraza aýynyň gelmegi bilen Balkanyň bazarlarynda azyk önümleriniň bahalary emeli usulda telekeçiler tarapyndan 10-30% aralygynda gymmatladyldy. Şu günlerde agyz açar, sadaka we agyz bekleýän adamlar üçin et, gök we bakja önümlerini, miwe satyn almaga azda bolsa talabyň ýokarlanan wagtyna gabat gelen bu ýagdaýa alyjylar telekeçileriň mümkinçilikden öz bähbitlerine peýdalanmagy hökmünde garaýarlar" diýip, balkanly çeşme 24-nji fewralda gürrüň berdi.

Degişli maglumat Balkanda et, balyk we miwe önümleriniň bahalary 1,5 esse çemesi gymmatlady

Welaýatyň bazarlaryna aýlanyp gören habarçylaryň sözlerine görä, öň 130 manatlyk süňkli göle etiniň bir kilogramy häzir ortaça 145 manatdan, çylka et - 170 manatdan satylýar. Tüwiniň bir kilogramy 20 manatdan 33 manada gymmatlapdyr, has ýokary hilli 30 manatlyk tüwi 46 manat bolupdyr. Sogan 8 manatdan 15 manada çenli gymmatlapdyr, 5 manatlyk käşir 11 manada satylýar.

Ýerli alyjylaryň iň köp satyn alýan azyk önümleri et, tüwi we gök önümler bolup, olaryň gymmatlamagy maşgalalaryň býujetine duýarlykly agram saldy.

Türkmenbaşyly ýaşaýjy şu günler öz maşgalasynda dört adamyň agyz bekleýändigini we şu aýda adatdakysyndan köp azyk satyn alýandygyny Azatlyga gürrüň berdi. Emma onuň sözlerine görä, şu günki bahalar bilen bagly maddy çykdajylar maşgalany aladalandyrýar.

"Köp maşgalada oraza aýynda agyz açar üçin azyk önümlerini satyn almaga mümkinçilik bolman, olar oraza tutup bilmeýärler" diýip, ýene bir ýaşaýjy gürrüň berýär.

Şu günler bazarlardaky bahalara görä, öň 25 manatdan satylan ýumurtganyň bir gutusy iki esseden gowrak gymmatlap, 58 manat bolupdyr. Ýurduň içinde öndürilen unuň 1 kilogramy 7 manatdan 10 manada çenli gymmatlapdyr. Bişen çöregiň bahasy 10 manatdan başlanyp, 70 manada ýetýär. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň maglumatyna görä, paýtagtyň bazarlaryndaky bahalar hem şuňa meňzeş.

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň başyndan bäri iň pes aýlyk 1410 manat we pensiýalaryň iň pes möçberini hasaplamagyň binýatlyk ululygy 550 manat diýlip, resmi derejede kesgitlendi. Emma aýlygy has ujypsyz we pensiýasy 300 manatdan geçmeýän raýatlar hem bar.

Üstesine, harytlaryň we hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlamagynyň arasynda şu ýyl ozalkylaryndan tapawutlylykda aýlyklar, pensiýalar we döwlet kömek pullary ýokarlandyrylmady. Ýurtda işsizleriň sany barada resmi statistika çap edilmeýär.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan bazar satyjylary ýylyň dowamynda telekeçileriň häkimiýetleriň nyrhlary peseltmek talaby sebäpli maddy zyýana galýandygyny we onuň öwezini dolmak üçin baýramçylyklarda hyrydar köpelende bahalary ýokarlandyryp, çykdajylaryny ýapmak isleýändigini gürrüň berdiler.

"Telekeçiler oraza günleri, gurban baýramy we nowruz günleri häkimiýetleriň çäklendirmeleri sebäpli özlerine ýeten zyýanlary ýapmak üçin şu günler harytlary has gymmat satmaga synanyşýarlar" diýip, bazar işgäri aýtdy.

Degişli maglumat Ykdysady kynçylyklar ilaty agzaçar sadaklaryny bermekden saklaýar

Azyk önümleriniň baýramçylyklara gabat gymmatlamagy her ýyl gaýtalanýar. Geçen ýyl Oraza aýynda ilatyň durmuş derejesiniň peselmegi sebäpli agyz açar, sadaka berýänleriň sanynyň ozalky ýyllardan has az bolandygy habar berlipdi.

Şeýle-de, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň beren maglumatlaryna görä, baýramçylyklara gabat bahalaryň ýokarlanmagy bazarlarda alyjylaryň azalmagyna getirýär. Maddy mümkinçiligi gowşak bolan ilat köpçüligi döwlet dükanlarynda satylýan arzanrak harytlara garaşly bolýar. Emma adatça uly nobatlaryň döremeginde az mukdarda, dürli çäklendirmeler bilen satylýan azyk önümleriniň arzanlandyrylan görnüşleri barha azalýar, bahasy ýokarlanýar we hili köplenç pes bolýar.

Türkmenistanda Remezan aýy şu ýyl 18-nji fewralda başlandy we 19-njy marta çenli dowam eder.

Degişli maglumat Remezan aýynyň başlanmagy bilen, harytlaryň bahasy 50%-e çenli gymmatlady

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.