Parahat-7 etrapçasynda suw turbalary ýarylyp, müňlerçe ýaşaýjy suwsuz galdy

Köpgatly ýaşaýyş jaýyny suw bilen üpjün edýän turba bejerilýär. Aşgabat (arhiw suraty).

Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynyň ýaşaýjylarynyň ençemesi uzak wagtlap suwsuz galdy. Bu gezek paýtagtda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň suw üpjünçiliginiň kesilmegine suw turbalarynyň ýarylmagy sebäp boldy. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, bu ýagdaýlar 3-nji we 7-nji sentýabr aralygynda bolupdyr.

7-nji sentýabrda irden Paýtagtyň Parahat-7 etrapçasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesinde suw bolmady, käbir jaýlarda suw örän bulanyk boldy. Ýaşaýjylar öý dolandyryş edaralaryna ýüz tutmaga howlukdy, emma dessine jogap alyp bilmedi.

"Yzly-yzyna edilen jaňlara hiç kim jogap bermedi" diýip, Azatlyk bilen gepleşen ýerli ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi. Bu aralykda köçelere suw ýygnandy.

Soňra suw turbasynyň ýarylandygy belli boldy, emma abatlaýyş işleri öýlän başlandy.

"Köçeler suw bilen doldy. Turba irden ýaryldy, ýöne abatlaýjylar günortan çenli gelmediler" diýip, ýene bir ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gepleşen Parahat-7 etrapçasynyň ýene bir ýaşaýjysy öz jaýynyň golaýynda suwuň köçede ýygnanyp başlanmagyna üç gün bolandygyny aýtdylar.

"Üç günden bäri agyz suwy turbasynyň ýoluň aşagyndan geçýän böleginde ýarylmagy netijesinde, ýola suw akyp, ýollary çökerip, asfalt örtügini gopardy" diýip gürrüň berdi.

Suwuň akan ýerinde köçeden awtoulaglar geçip bilmändir.

Bu ýagdaýda ýaşaýyş jaýyň ýokarky gatlarynda suw bolman, aşaky gatlarda ýaşaýan hojalyklaryň öýlerinde akýan suw bulamak we läbik bolupdyr.

7-nji sentýabrda Parahat-7 etrapçasynda ýarylan turbalar bejerilenden soň hapa suw gelip başlady.

"Çägeli akýan suwy içmek asla mümkin däl, hatda kir ýuwup hem bolmaýar. Ak eşikler, saralyp, geýip bolmaz ýagdaýa gelýär" diýip, ýaşaýjy gürrüň berdi.

Habarçylaryň maglumatlaryna görä, 7-nji sentýabrda bolan bu ýagdaýdan başga şol bir Parahat-7 etrapçasynda 3-nji sentýabrda hem suw turbasy ýarylypdyr.

"Penşenbe güni 3-nji sentýabrda turbanyň poslap başda haýal, soňy bilen güýçlenip akan agyz suwy topragy köwläp, asfalt örtügini opuryp ýeriň ýüzüne çüwdürim bolup akdy" diýip, aşgabatly ýaşaýjy 3-nji sentýabrda bolan ýagdaýy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýarylan turbadan akan suw gitdigiçe köpelip, başda ulaglar we pyýadalar köçelerde üýşen suwdan aýlanyp geçen bolsalar, soňra geçmäge düýpden mümkinçilik bolmandyr.

"Dört günläp gije-gündiz ýokary basyşda akýan suw, sil dek akyp, ýoluň ulag we pyýada ýollaryny berbat etdi" diýip, ýaşaýjy: "Suw alan ýoldan ulagly we piýda geçip bolman, şol ýeriň ýaşaýjylary sowa ýollardan gatnadylar" diýip, sözüne goşdy.

Degişli maglumat

Paýtagtyň ýaşaýyş jaýlarynda suw ýetmezçilik edýär

Parahat-7 etrapçasy paýtagtyň Köpetdag etrabyna degişli. Azatlyk Radiosy etrap häkimliginden we Aşgabat şäher häkimliginden bu ýagdaý barada resmi maglumat almaga synanyşdy. Emma eden jaňlarymyza jogap berilmedi.

Etrap ýaşaýjylary hem häkimliklerden ne habar, ne-de kömek alyp bolandygyny aýdýarlar.

"Bu ýagdaýy düzetjek bolýan döwlet emeldarlary ýok. Parahat-7 etrapçasynyň ýaşaýjylary Aşgabat şäher häkimligine, Köpetdag etrabynyň häkiminiň kabulhanasyna, Aşgabat şäheriniň agyz suw üpjünçiligi kärhanasyna jaň etdiler we baryp, ýüz tutdular. Olaryň arz etmeklerine garamazdan, dört günläp netije bolamady" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.

"Şäher häkimligi, Köpetdag etrabyna ýüz tutmagy maslahat berýär. Köpetdag etrabynyň häkimi, Aşgabat agyz suw üpjünçilik kärhanasyny ýüz tutmaklygy maslahat berýär" diýip, ol adamlaryň bir edaradan-başgasyna gatnamaly bolandygyny aýtdy.

Parahat-7 etrapçasynyň ýene bir ýaşaýjysy ahyrsoňy häkimiýetlerden belli bir jogap alyp bolandygyny gürrüň berdi: "Agyz suw üpjünçiligi kärhanasynyň jogapkär ýolbaşçylary, agyz suw turbasynyň tehniki talaplara laýyk ýere gömülmänligi sebäpli, ýerasty çig topragyň turbany posladyp, çüýredendigini aýtdylar".

Onuň sözlerine görä, şeýle-de, arz-şikaýat bilen baran ýaşaýjylara turbanyň bejerilmegine degişli käbir düşündiriş berlipdir.

"Olar turbanyň belli bir ulanyş möhleti geçmezden öň täzeläp bolmaýandygyna salgylanyp, poslan turbany demir gaýnadýan enjam bilen eredip bejerip bolmaýandygyny hem aýtdylar. Olar turbanyň poslan we deşilen ýeriniň gyzgyndan ýaňa has-da uly göwrümli deşilýändigini aýtdylar we şonuň üçin turbanyň deşilen ýeri agaç bölekleri bilen dykylyp, wagtlaýyn çäre görüljegini aýtdylar" diýip, ýaşaýjy gürüň berdi.

Aşgabadyň we beýleki şäherleriň ýaşaýjylary suw ýetmezçiliginden ýyllar boýy kösenýär. Jaýlaryň suw üpjünçiligi ýygy-ýygydan sandan çykýar. Ýaşaýjylar käte birnäçe günläp suwsuz galýar.

Degişli maglumat

Maryda turbanyň ýarylmagy netijesinde ilat 14 sagat suwsuz galdy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.