Türkmenistanda raýatlara berilýän biometriki pasportlaryň möhletiniň 10 ýyldan 5 ýyla getirilenine şu ýyl 10 ýyl dolýar. 2016-njy ýylda, 2017-nji ýyldaky Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlygyň çäginde güýçlenip başlan ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda, ýerli synçy häkimiýetleriň ýurtdan çykýan raýatlaryň sanyny azaltmak isländigini öňe sürýär.
Şu aralykda, aradan 10 ýyl geçip, türkmenistanlylaryň daşary ýurtlardan iş, gazanç gözläp, zähmet migrasiýasyna gitmegi ählumumy häsiýete eýe boldy we, emeli ýagdaýda döredilen pasport kynçylyklary türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlarda barha kän kyn ýagdaýa düşmegine, yzygiderli deportasiýa edilmegine sebäp boldy.
Şol bir wagtda, ykdysatçylar bu döwürde ýurtdaky durmuşyň dowamly gymmatlandygyny, bahalaryň ençeme esse ýokarlanyp, milli bank ulgamynyň doly diýen ýaly dünýä pul ulgamyndan üzňelige düşendigini öňe sürýärler.
Hasaplamalara görä, adatça köp çagaly bolan türkmen maşgalalarynda çaga dogulmasynyň derejesiniň yzygiderli peselýändigi barada alada bildirilýär.
Degişli maglumat
Germaniýadaky türkmenistanlylar türkmen ilçihanasyndan pasport almaga mümkinçilik döretmegi soraýarlar“Resmi sanlara görä, çagalaryň dogulmagy diňe 2016-2019-njy ýyllar aralygynda 20%, ondan soňky döwürde, ýerli synçylaryň hasaplamalaryna görä, her 3-4 ýylda ýene 25-30% azaldy” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ykdysatçy aýtdy.
Ýurduň ykdysady geljegi barada kän sorag döreýär
Bu ýagdaý, onuň sözlerine görä, ýerli ilatyň ýaş düzüminde ýaşlaryň paýyny düýpli depginler bilen azaldyp, ýurduň ykdysady geljegini barha kän sorag astyna alýar.
Mundan başga, biometriki pasportlaryň möhletiniň 5 ýyla çenli gysgaldylmagy türkmen raýatlary üçin ozal görülmedik kynçylyklary, wiza, deport, gara sanaw, gaçakçylyk, bosgunlyk ýaly agyr meseleleri döretdi.
Ýöne bu meseleler, pasport möhletleriniň daşary ýurtlarda uzaldylmazlygy, ýurt içindäki uzyn nobatlar we korrupsiýa bilen bile, zähmet migrasiýasyna çykýan ýa-da hemişelik göçüp gidýän raýatlaryň sanyny azaldyp bilmedi, tersine, geljegini diňe daşary ýurtlarda görýän raýatlary köpeltdi diýip, ýerli synçy aýtdy.
"Näçe kynlaşdyrylsa-da, adamlar çydap bolmajak demikdiriji syýasy howadan şonça kän çykmaga synanyşýarlar" diýip, paýtagtly syýasy synçy emeli kynçylyklaryň tersine işländigini öňe sürdi.
Aýry-aýrylykda gürleşilen birnäçe synçynyň tassyklamagyna görä, türkmen häkimiýetleriniň raýatlara edýän basyşlary daşyndan seredilende netije berýär, ýöne adamlaryň ýurtdan çykyp, durmuşlaryny gowulandyrmak isleglerini ‘öldürip bilmeýär’.
Azatlygyň habarçysy golaýda Aşgabada Türkiýeden deportasiýa edilen 100-e golaý zähmet migranty barada habar berdi.
Türkmenistan daşary ýurtlardaky raýatlarynyň sanyny aýtmaýar
Bu hili habarlary ne tassyklaýan, ne-de ret edýän Türkmenistan, daşary ýurtlarda kanuny esasda we bikanun ýagdaýda, möhleti geçen pasportly we wizasyz galýan raýatlarynyň anyk sanyny aýtmaýar, ýurtdaky işsizligi açyk boýun almaýar, daşary ýurtlara gitmekçi bolýanlaryň sanynyň barha köpelmegi bilen bagly aladalary agzamaýar.
Şol bir wagtda, synçylar häkimiýetleriň ýurt içinde hem, her hili basyş çärelerine garamazdan, türkmen halkynyň erkin söze, hakykata, adalata, azatlyga bolan teşneligini doly ýok edip bilmeýändigini öňe sürýärler.
Degişli maglumat
Polşadaky türkmenleriň arasynda Germaniýada bosgunlyk, gaçybatalga almaga synanyşýanlar “köpelýär”“Ýurt daşynda soňky alty ýylyň, ýurt içinde bolsa soňky 2-3 ýylyň dowamynda açyk pikir alyşmalar, häkimiýetlerden köpçülikleýin görnüşde edilýän adalat we hak-hukuk talaplary, bar bolan kynçylyklary barada wideo taýýarlap, internete ýerleşdirmek, sud we häkimiýet çözgütlerini tankyt edýän çykyşlar raýatlaryň adaty durmuşynyň bir bölegine öwrüldi” diýip, syýasy synçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, sosial we ykdysady meseleler boýunça häkimiýetlere açyk ýüzlenmek, arz-şikaýat etmek, pikir beýan etmek, öňküsi ýaly ählumumy gorka gaplanman, türkmen jemgyýetinde hem adaty, tebigy bir zada öwrülip başlady.
Bu pikir bilen aýratynlykda gürleşilen ykdysatçy hem ylalaşýar:
"Türkmenistan ýaly, göräýmäge baky durjak diýlip sypatlandyrylýan diýdimzor režim hem ahyrsoňy ykdysady kynçylyklaryň sosial we soňy bilen syýasy dartgynlylyga gelmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ykdysatçy belledi.
Onuň pikiriçe, häkimiýetler ýurt içindäki we daşyndaky guramaçylykly repressiýa çärelerini näçe güýçlendirse-de, ilat arasynda ýokarlanýan nägilelik ýok bolup gitmeýär.
Şu aralykda ýurduň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa birden professorlyk derejesiniň berilmegi, onuň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanmagy ilat arasynda dürli derejedäki pikir alyşmalary döretdi.
Režimiň durmuş reallyklaryndan üzňeligi adamlary gynandyrýar
“Bu hili habarlar adamlary begendirmeýär, gynandyrýar, režimiň durmuş reallyklaryndan gitdigiçe üzňeleşip, soňy bilen has gowşajagyny yşarat edýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran alym aýtdy.
Başga bir tarapdan, ýerli ýaşaýjylaryň bellemegine görä, dünýädäki geosyýasy ýagdaýlar hem türkmen häkimiýetlerine täsir edip başlady.
Degişli maglumat
Ýaşaýjylar Halk maslahatynda edilýän teklipleriň halka zyýandygyny aýdýarlar"Eýranda başlanan uruşdan soň, ýurt içindäki mejbury çäreleriň sany belli bir derejede azaldy, ol çärelerden alnyp görkezilýän telewizion reportažlarda hem mundan 4-5 ýyl öň bolan ‘ählumumy şadyýanlyk, bagtyýarlyk’ ýok” diýip, ýerli bir ýaşaýjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, indi režim il içindäki abraýynyň ‘tasdan ýok bolup barýanyna göz ýetirip başlana meňzeýär’.
Türkmen resmileri garaşsyz žurnalistleriň düşündiriş sorap ýazýan hatlaryna jogap bermänsoň, Azatlyk pasport kynçylyklary we onuň zähmet migrasiýasyna ýetirýän mümkin bolan täsirleri barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.