Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki Janga deňiz serhet flotunyň harby ofiserleriniň ençemesi özleriniň iş şertleriniň gözgynydygyny, aýlyklarynyň hatda jaý kireýlerini tölemäge-de ýetmeýändigini aýdýar. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ofiserler munuň köp harbyny “bidüzgünçiliklere, korrupsiýa iterýändigini” bellediler.
“Biziň flotumyzdaky ofiserleriň aýlygy 4000 manatdan geçmeýär. Men 3600 manat aýlyk alýaryn. Ýöne bu meniň aýlyk kireýine alýan jaý tölemegime hem ýetmeýär. Sebäbi Türkmenbaşy şäherinde iň arzan jaýyň aýlyk kireý nyrhy 4000 manat. Eger aýalym hem işläp, hojalygymyza ýene 1500 getirmeýän bolsa, alýan aýlygym bilen jaý kireýimi hem töläp bilmezdik” diýip, ofiserleriň biri aýtdy.
Habarçymyz Türkmenbaşydaky jaý kireý nyrhlary barada maglumat berip, häzirki wagtda bir ýa-da iki otagly kwartiranyň iň arzan aýlyk kireýiniň 4 müň manada barabardygyny, ýöne bu jaýlaryň içiniň juda könedigini, şertleriň pesdigini belledi.
Degişli maglumat Harby deňizçiler ýaşaýyş-durmuş şertlerinden şikaýat edýär, 'işden gidýär'“Elitka atlandyrylýan kwartiralaryň aýlyk kireý nyrhy 12 müň manat. Elitka kottež jaýlar 15 müň – 18 müň manat bahalanýar” diýip, ol belledi.
Ofiser häzirki wagtda esasan ene-atasynyň we gaýynenesi bilen gaýynatasynyň iberýän azyk önümleriniň hasabyna gün görýändiklerini aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirdi:
"Men bu bolşuma namys edýärin"
“Olar her aýda obadaky ýetişdiren tüwüsinden, towuk ýumurtgasyndan, gök-bakja önümlerinden, käte-de et hem ugradyp, çagalarymyň iýjegini, hatda geýjek eşiklerine çenli ugradyp durýarlar. Men bu bolşuma namys edýärin. Ene-atam garran çagynda men olary eklemegiň deregine olar meni we çagalarymy ekleýärler”.
Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan harbylar flotdaky ofiserleriň aglabasynyň ene-atalarynyň hasabyna ýaşap, maşgalasyny ekleýändigini aýdýarlar.
Şol bir wagtda, olar ofiserleriň arasynda ene-atasy aýatdan öten ýa-da ene-atasynyň hem eklenji agyr ýagdaýda bolan harbylaryň hem bardygyny belleýärler. Olaryň sözlerine görä, bu ofiserler esasan “balykçylardan we esgerlerden dürli usullar arkaly bikanun pul alyp, şonuň hasabyna maşgalasyny dolandyrýarlar”.
“Olar käte düzgün bozan esgerleri gorkuzyp, olary aýlyk pulundan ýa-da ene-atasynyň ugradan pulundan alýarlar. Şeýle-de, olar balykçylar bilen hyzmatdaşlyk edýärler. Olaryň bikanun balyk tutmagyna rugsat berýärler. Ýagny aýlyklaryň pes bolmagy, şeýle-de ofiserleriň jaý bilen üpjün edilmezligi olary bidüzgünçiliklere we korrupsiýa iterýär” diýip, ýene bir ofiser aýtdy.
Söhbetdeşlerimiziň sözlerine görä, bu ýagdaýlardan ýokary derejeli harby ýolbaşçylar habarly bolsa-da, olar meseläni çözmäge howlukmaýarlar.
Degişli maglumat Harbylaryň, kanun goraýjy işgärleriň arasynda režimiň geljegine 'ynamsyzlyk artýar'"Döwlet watan goraýjylaryna hemaýat etmeli"
“Döwlet watan, serhet goraýjylaryna hemaýat etmeli. Ýöne biziň ýagdaýymyzy bilseler-de, ne jaý bilen üpjün edýärler, ne-de ýeter ýaly zähmet haky töleýärler. Häzir Balkandaky ofiserleriň diňe 10 göterimi jaý bilen üpjün edilen we galan 90 göterimi kireýine jaý alyp ýaşamaly bolýar” diýip, ofiser belledi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda agzalýan flotdan resmi teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda döwlet ýolbaşçylary howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda yzygiderli tagalla edilýändigini ýylyň dowamynda ençeme gezek tekrarlaýarlar.
Muňa garamazdan, soňky birnäçe ýylyň dowamynda harby ofiserler özleriniň hem-de maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda döwlet tarapyndan ýeterlik goldawyň berilmeýändigini, aýlyklarynyň juda pesdigini we özleriniň ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmeýändigini yzygiderli aýdyp gelýärler.
Degişli maglumat Harby, hukuk goraýjy edaralarda 'ýiti işgär ýetmezçiligi' döreýär - çeşmeler"Amatsyz gulluk şertleri, iş taşlamak meýilleri"
Bu ýagdaýlar, soňky iki ýyla golaý wagtyň dowamynda harby ofiserleriň we serkerdeleriň öz islegleri boýunça köpçülikleýin häsiýetde işden çykmagyna getirdi. Bu barada ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylarymyz ençeme gezek maglumat berdiler.
Geçen ýylyň iýul aýynda ýurduň harby edaralaryndaky ynamdar çeşmelerimiziň birnäçesi harby, hukuk goraýjy edaralarda ýiti işgär ýetmezçiliginiň dörändigini habar berdi.
Şondan bir aý öň bolsa, iýul aýynda ýurduň Ýaragly güýçlerinde şertnama esasynda işleýän ofiserleriň arasynda işden meýletin çykmak üçin arza ýazýanlaryň sanynyň köpelýändigi barada harbylaryň ençemesi maglumat berdi. Olar muňa aýlyklaryň pes bolmagynyň we ýaramaz iş şertleriniň sebäp bolýandygyny aýtdylar. Munuň bilen birlikde, harbylar özleriniň işden çykmagynyň öňünde päsgelçilik döredilýändigini, arzalarynyň kabul edilmeýändigini hem gürrüň berdiler.
2024-nji ýylyň dekabrynda bolsa, Balkandaky ygtybarly harby çeşmelerimiz diňe iki aý çemesi wagtyň dowamynda 80 töweregi deňizçi harby serkerdäniň öz islegleri boýunça işden çykandygyny habar berdiler.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler tarapyndan ýyllarboýy habar berilýän amatsyz gulluk şertleri, harbylaryň arasynda iş taşlamak meýilleri barada aç-açan gürrüň gozgap, maglumat bermeýärler.
Degişli maglumat Balkanda öňki ofiserleriň biometriki pasportlary ellerinden alnyp, olara Russiýanyň Ukraina garşy urşuna gatnaşmazlyk tabşyrylýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.