Ýyl soňy 2021: Iň uly wakalaryň käbiri suratlarda

2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Waşingtonda Tramp tarapdary topar Birleşen Şatatlaryň Kapitol binasyna hüjüm etdi. Şonda Trampyň müňlerçe tarapdary onuň ýurdy yzyna gaýdyp almak üçin "soňky güýjüne çenli göreşmek" baradaky çagyryşlaryna gulak asyp, Kapitola hüjüm etdi, munuň netijesinde bäş adam, şol sanda polisiýa işgäri wepat boldy. (REUTERS/Leah Millis)

10-njy ýanwarda Ela Gubbiotti 10 gün bäri hassahnada ýatan partnýory Giankarlo Wannimartinini gujaklaýar. Rimiň golaýynda ýerleşýän Ariksiýadaky "Ospedale dei Castelli" hassahanasynyň COVID-19 bölüminde näsaglaryň we olaryň garyndaşlarynyň biri-birini gujaklamagyna mümkinçilik döredýän ýörite howpsuz otag döredildi. (AP/Alessandra Tarantino)

12-nji fewralda Dürli Afrika raýatlaryndan bolan migrantlar we bosgunlar Ortaýer deňziniň Liwiýa kenaryndan 122 km uzaklykda, aşa köp adamly agaç gaýykda ýardamyň gelmegine garaşýar. Ispaniýanyň gözleg we halas ediş gämisindäki halas ediş işgärleri gaýygyň ýanyna golaýlaýar. (AP/Bruno Thewenin)

Migrasiýa krizisi, Gondurasdan Türkiýä, Belarusa we Ortaýer deňzine çenli bütin dünýäde dowam etdi.

14-nji fewralda Moskwada adamlar öýjükli telefon çyralary bilen ýürek şekillerini ýagtylandyryp, türmede oturan oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyny we aýaly Ýuliýa Nawalnaýany goldaw berýärler. Nawalny “nowiçok” görnüşli bir nerw agenti bilen agyr zäherlenip, Germaniýada bejergi alandan soňra Russiýa dolananda tussag astyna alyndy. Nawalny zäherlemäniň rus prezidenti Wladimir Putin tarapyndan buýruk berlendigini aýdýar. (AP/Pawel Golowkin)

 

9-njy martda Siriýanyň Damask şäheriniň gündogar çetinde ýerleşýän Doumada ýumrulan binalaryň golaýynda goýlan ulagyň öňünden bir aýal geçip barýar. (REUTERS / Omar Sanadiki)

14-nji martda Birmanyň Ýangon şäheriniň Hlaing Taryar şäherçesinde howpsuzlyk güýçleri tarapyndan harby agdarlyşa garşy demonstrasiýa geçirilende, bir demonstrant ýykylan ýoldaşynyň köýnegini saklaýar. (AFP)

“Ever Given” konteýner gämisi 27-nji martda Sues kanalynda surata düşürildi.  “©2021 Maxar Technologies” tarapyndan sputnikden düşürilen surat.

29-njy aprelde Hindistanyň Nýu-Deli şäheriniň etegindäki krematoriýada bir adam COVID-19 pidalarynyň köpçülikleýin jaýlanyş ýerindäki howurdan gaçmak üçin ylgaýar. (AP/Amit Şarma)

Adamlar Belgiýanyň koronawirus çäklendirmelerini bozup, 1-nji maýda Brýussel şäherindäki "Bois de la Cambre/Ter Kamerenbos" seýilgähde "La Boum 2" atly oturylyşyga ýygnananlarynda, howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşyklar wagtynda bir adama garşy suw topy pürküdilýär. (REUTERS/Iwes Herman)

4-nji maýda gyrgyzystanly bir aýal we onuň çagasy gyrgyz-täjik serhediniň golaýynda ýerleşýän Maksat obasyndaky öýüniň harabalyklaryndan geçip barýar. Gyrgyzystan we Täjigistan 40 töweregi adamyň ölmegine we 175 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan güýçli söweşden soň, öz serhetlerindäki goşunlaryny çykarmak barada ylalaşdylar. Iki ýurt hem suw üpjünçilik desgasynyň töweregindäki sebitiň özlerine degişlidigini öňe sürdi, bu dawa onlarça ýyl bäri, Sowet Soýuzy döwründen bäri dowam edýär. (AP/Wladimir Woronin)

PALESTINE -- Smoke and flames rise following an Israeli air strike on Gaza City, 18 May 2021. Tensions have escalated in the region, following days of violent confrontations between Israeli security forces and Palestinians in Jerusalem, leading to the heaviest offensive in years. EPA-EFE/MOHAMMED SABER

18-nji maýda Ysraýylyň Gaza şäherine eden howa hüjüminden soň, wakanyň bolan ýerinden tüsse we ýangyn ýokarlanýar. Maýy aýynda Iýerusalimde Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen palestinalylaryň arasynda birnäçe gün dowam eden güýçli çaknyşyklardan soň, sebitde dartgynlyk möwjäpdi. (EPA-EFE/MOHAMMED SABER)

19-njy maýda bir adam, Gaza zolagyndan Ysraýyla tarap gelýän raketalar barada duýduryş berýän sireniň eşidilmegi bilen, awtoulagynyň golaýynda pena tapýar. Ysraýylyň AŞkelon şäheriniň golaýynda Ysraýylyň "Iron Dome" raketa garşy ulgamy Gaza zolagyndan atylan raketalary saklaýar. (REUTERS/Baz Ratner)

15-nji iýunda Şurnh obasynyda ýerleşýän binanyň, partiýalaryň dalaşgärleriniň plakatlarynyň öňünde ermeni çagalary suratça seredýärler. Bu oba Ermesnitanyň paýtagty Ýerewandan takmynan 200 kilometr günorta-gündogarda ýerleşýär. Bu oba Azerbaýjan bilen täze kesgitlenen serhet araçägine laýyklykda, ikä bşlündi. (AP/Areg Balayan)

18-nji iýunda eýranly ene we onuň "Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň" formasyny geýen çagalary prezident saýlawlarynda ses bermek üçin saýlaw uçastogynda nobatynyň ýetmegien garaşýar. Konserwatiw kandidatlaryň agdyklyk edýän bäsleşigindäki ýeke-täk aram reformaçy we berk liniýaly garşydaş dalaşgärler 19-njy iýunda irden, sesleriň sanalmagynyň dowam edýän wagtynda, aşa konserwatiw kandidat Saýed Ebrahim Reisiniň bir gün öň geçirilen prezident saýlawynda ýeňendigini kabul etdi. (AFP/ MORTEZA NIKOUBAZL)

11-nji iýulda polisiýa işgäri, Kubanyň Hawana şäherinde prezidenti Migel Diaz-Kaneliň garşysyna geçirilen demonstrasiýanyň çäginde, polisiýa awtoulaglarynyň agdarylandygyny synlaýar. Şonda müňlerçe kubaly kommunistik hökümete garşy seýrek ýörişe gatnaşypdy. (AFP/YAMIL LAG)

15-nji iýulda Germaniýanyň Ahrweiler etrabynyň Şuld obasy güýçli suw joşmasyndan soň zyýan çekdi. Bu ýyl klimat krizisiniň täsiri öňkülerinden has aýdyň we derwaýys boldy, esasanam Ýewropa we Demirgazyk Amerika soňky ýyllardaky iň ekstremal howa şertlerini başdan geçirdi.

8-nji awgustda 2020 Olimpiýa oýunlarynyň gutardyş dabarasynda Ýaponiýanyň Tokio şäherindäki Olimpiýa stadionynda dürli reňkdäki we öwüşgindäki yşyklar ýakylýar. (REUTERS/Pawel Kopczynski)

16-njy awgustda Kabulyň aeroportunda owgan çagasy hossarlary bilen ýurdy terk etmäge taýýarlanýarka, harby egin-eşikleriň golaýyndan geçip barýar. Maý aýyndan bäri, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleri Owganystandaky esgerlerini resmi ýagdaýda çykaryp başlamagynyň yzysüre, gysga wagtyň içinde ýurduň möhüm şäherleriniň tas ählisini eýelän "Talyban" 15-nji awgustda paýtagt Kabula girdi, şol sanda prezidentiň köşgüni eýeledi. Bu ýagdaýlaryň fonunda, owgan prezidenti Aşraf Gani hem ýurdy terk etdi. (AFP/Wakil Kohsar)
 

 

27-nji sentýabrda Bakuw şäheriniň merkezinde Azerbaýjanyň esgerleri Ikinji Garabag söweşiniň ýyldönümine bagyşlanan ýörişe gatnaşyp, söweşde öldürilen harby gullukçylaryň we raýatlaryň portretlerini göterýärler. (EPA-EFE/ROM ISMAYILOW)

2-nji oktýabrda ABŞ-nyň NATO-daky esgeri Kosowa bilen Serbiýanyň serhediniň golaýynda, Jarinjede patrullyk edýär. ÝB-niň wekili Miroslaw Lajçak "Serbiýa bilen Kosowa 30-njy sentýabrda öz serhedindäki dartgynlylygy bes etmek barada ylalaşyk gazandy" diýdi. Kosowa serb döwlet belgisi bolan ulaglaryň öz çägine girmegini gadagan edeninden soň, iki goňşynyň arasynda 10 günden gowrak wagt konflikt dowam edipdi. (AFP/Armend NIMANI)

15-nji oktýabryda Rumyniýanyň Buharest şäherindäki Milli pnewmologiýa instituty 'Marius Nastanyň' Covid 19 bölümindäki otaglaryň birindäki sowadyjynyň üstünde goýlan sagat. 15-nji oktýabrda Rumyniýa koronawirus bilen baglanyşykly ölümleriň 365 sanysyny hasaba aldy. Bu pandemiýanyň başyndan bäri hasaba alnan iň ýokary görkezijidir. (EPA-EFE/ROBERT GHEMENT)

17-nji oktýabrda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde "Budapeşt Merkezi Ýewropa moda hepdeligindäki" moda şoundan öň, bir modeliň keşbi.(EPA-EFE/MTI, Zoltan Balogh)

Polşanyň Goranmak ministrligi tarapyndan 10-njy noýabrda ýaýradylan suratda Polşa bilen Belarusyň arasyndaky serhediň Belarus tarapynda ýüzlerçe migrant çadyrlarda ýatyp-turýar. (REUTERS/MON)

16-njy noýabrda Kiýewdäki çagalar hassahanasynyň otagynda bir aýal koronawirus keselinden (Covid-19) ejir çekýän çagasynyň ýüzünde kislorod maskasyny saklaýar. (AFP/Sergeý SUPINSKY)

7-nji dekabrda Pakistanyň Karaçi şäherinde "Al-Khidmat" gaznasynyň işgäri siňekleri öldürmek we dengiz gyzzyrmasynyň döremeginiň öňüni almak üçin ýörite derman sepýär. Pakistanyň resmileri dengiz gyzzyrma keseli bilen keselleýänleriň artmagynyň dowam edýändigini we olaryň sanynyň müňlerçedigini habar berýärler. (EPA-EFE/ŞAHZAIB AKBER)

7-nji dekbarda ukrain esgeri Ukrainanyň Donetsk sebitiniň Kateriniwka şäheriniň golaýynda, Russiýa tarapdar gozgalaňçylar bilen söweş meýdanynyň golaýynda dynç alýar. Şol güni ukrain häkimiýetleri Russiýany gündogar Ukrainadaky aragatnaşyk liniýasyna tanklary we mergenleri ibermekde aýyplady. Bu aýyplama Russiýanyň Ukrainanyň serhediniň golaýynda goşun ýerleşdirmek arkaly, amala aşmagy ähtimal bir çozuşyň mümkin bolan başlangyjy hökmündäki aladalaryň dörän mahalyna gabat geldi. Germaniýanyň ministrleri Ukrainanyň garşysyna harby agressiýa ýüze çykan halatynda Russiýanyň has berk sanksiýalara sezewar ediljekdigi barada ÝB-niň duýduryşlaryny tekrarladylar. (AP/Andriý Dubçak)

13-nji dekabrda Owganystanyň Jalalabad şäherinde burka geýen owgan aýallary spreý boýag bilen garalanan zenanlaryň suratlary asylan gözellik salonynyň öňünde oturýarlar. Owganystanda "Talybanyň" häkimiýet başyna gelmegi bilen, burkasyz aýal-gyzlaryň gözellik salonlarynyň daşynda, köçelerde we ş.m. ýerlerde asylan suratlary goparylyp, ýa-da olara gara boýag sepilip başlandy. (AFP/WAKIL KOHSAR)