1980-nji ýyllarda Russiýa: Şampan we durgunlyk ýyllary

1980-nji ýylda gije daşary çykmazdan ozal, özüne serenjam berýän zenan

1988-nji ýylda SSSR-iň “Buran” älem gämisi ýollaýyş nokadyna tarap hereket etdi. Gämi şol ýylda ilkinji uçuşyny amala aşyrdy we ekipažsyz Ýeriň orbitasyna ýerleşmegi başardy. Soňra Sowet Soýuzynyň ýykylmagy sebäpli ol hemişelik ýere gonduryldy. 2002-nji ýylda turan tupanda Buranyň saklaýyş angary ýumrulmagy sebäpli 8 işçi öldi we gämini ýok etdi.

1980-nji ýylda Russiýanyň nebite baý Hazar deňziniň kenarynda ýangyn söndürijiler çykan ýangynyň kölegesinde galdylar.

Altaý daglarynda çopan gyz goýunlaryny bakýar. 1980-nji ýyl

Disko SSSR-e giç geldi. 1983-nji ýylda Nowokuznetsk şäherçesindäki tans topary

Leonid Brežnew Krymda dynç alyşda. 1982 ýylda düşürlen bu suratda kommunist lider, SSSR-de wezipesini zordan ýerine ýetirýän şahsyýetdi. Bu ýyldan soňra ol ýogaldy.

Sowet lideri Ýuri Andropowyň jynazasy Nowokuznetskiň şäher edarasynda habar berilýär. 1982-nji ýylyň soňundan 1985-nji ýylyň başyna çenli SSSR-iň üç garry lideri yzygiderli ýogaldy. 

Metalyň poslanmagy (Corrosion Of Metal) atly rus “thrash-metal” topary, 1988-nji ýyldaky albomyndan soňra “Şeýtanyň buýrugy” (Order of Satan) atly albomy ýazga geçirdi. Toparyň esaslandyryjysy Sergeý “Möý” Troitsky (ortada) Çernogoriýada ot tutaşdyrmakda aýyplanyp tussag edildi. Ýöne 2017-nji ýylyň mart aýynda ol türmeden gaçandygyny we Russiýa yzyna dolanandygyny öňe sürdi. Ol Russiýada topary ýene bir gezek aýaga galdyrmagy meýil edýär.

1984-nji ýylda Nowokuznetskde sil alan ýollar.

1981-nji ýylda Ferzikowo obasynda bilek göreşi ýaryşy.

Mylaýym bahar meýdanyndan geçip barýan jübüt. 1980-nji ýyl

Özünden hereket edýän artilleriýa goşuny 1984-njy ýyldaky paradda Gyzyl Meýdandan geçip barýar.

Moskwanyň merkezinde şary we çilimi bilen dynç alýan garry esger. 1980-nji ýyl

Arakesmedäki maşinist. 1980-nji ýyl

Çagalar rus, motosikl çeh, ýöne baýdak soýuznikleriňki. 1989-njy ýylda Moskwanyň köçelerinde sürüjiler.

Henizem “Lada” kysymly maşynlaryň öndürilýän şäheri bolan Tolýatti şäherinde “AvtoVAZ” fabriginde günortanky arakesme.

Tolýattide täze ýasalan “Lada” kysymly maşynyň üstünde Leniniň suraty paradda. Russiýa we Italiýanyň partnýorlygynda 1960-njy ýyllarda gurlan “Lada” zawodyndan soňra, senagat şäherçesiniň adyna Italian Kommunist Partiýasynyň lideriniň ady berildi.

Uçuş meýdançasynda uçar şeklindäki köpçülik. 1980-nji ýyl

Nowokuznetskdäki gazet dükanynda nobat. 1982-nji ýyl

1985-nji ýylda Çukotkadaky sowuk günde “arak nobaty”

1980-nji ýylda näbelli ýerde ybadathana gidýän ýol. Resmi SSSR syýasaty dinden uzakda durýardy we köp kiliseler onlarça ýyllyk sowet häkimiýeti wagtynda çüýremäge terk edildi.

"Doglan gün baýramy" 1988-nji ýylda başlaýar.

Oýunjak aýyjygy bilen duran garry aýal. 1980-nji ýyldaky bu surat “Kyn döwürler” diýlip atlandyrlypdyr.

1983-nji ýylda Nowokuznetskde mekdep okuwçylary mekdebiň birinji gününde ite gülden täç giýdirýärler.