Region görnüşleri #11

Debaltsewa, weýran edilen ukrain harby tehnikasy.  (Reuters/Marko Djurica)

NASA suraty häzire çenli ýasalan iň uly raketa göterijiniň 11-nji martdaky şowly ulanylyşyny görkezýär.  (AFP via NASA)

Haşid Şaabi diýip tanalýan şaýy söweşijileri demirgazyk Yrakda, Tiktitde YD-a garşy ok atýarlar. (Roýters/Stringer)

Orsýetçi pitneçi öz eşigindäki Putun portretini güjeňleýär. Çornukhyne obasynyň ýanyndaky barlag nokady, Debaltseweniň golaýy, Donetsk. (Roýters/Marko Djurica)

Kosmonawtlar Ýelena Serowa (Ç), Aleksandr Samokutaýew we NASA astronawty Barry Wilmore (S) Gazagystanda ýere gonanlaryndan soň, öz Soýuz TMA-14M kosmos gämileriniň gapdalynda otyrlar.  12-nji mart. Olar tas alty aýlap Halkara Kosmos stansiýasynda boldular. (AFP/Bill Ingalls)

Bosnia polisiýasy proteste garşy durmak tälimini alýar. Nemila, 11-nji mart. (Roýters/Dado Ruvic)

Demonstrantlar Stambulda bir ýyl ozal polisiýanyň ulanan göz ýaşardyjy gazyndan ölen ýetginjegiň  hormatyna guralan ýygnanyşyk mahalynda polisiýa bilen çaknyşýar. 11-nji mart. (epa/Ulas Yunus Tosun)

Rus ýangyn söndürijileri Kazandaky Söwda merkezinde ot öçürýär. 11-nji mart. (TASS/Yegor Aleyev)

Yragyň hökümetçi söweşijileri Tikrit şäherini almak üçin harby operasiýa gatnaşýar. 11-nji mart. (AFP/Ahmad Al-Rubaye)

Owganystanyň Milli zenan welosipedçiler toparynyň agzlary garly dagda türgenleşik geçýär.  Kargha, Kabulyň etegi, 9-njy mart. (Roýters/Mohammad Ismail)

Italian deňizçi esgeri Gara deňiz port şäheri Warnada Alieso garawul gämisiniň topundan plastik örtgini aýyrýar. NATO gämileri Bolgariýanyň Warna portuna 8-nji martda, Gara deňizdäki harby maşka bilelikde gatnaşmaga geldiler. (Roýters/Sasa Kavic)

Ukrain polis kadetleri we raýatlary Lwowda milli gimni ýerine ýetirýär. Ukrainada milli gimniň ilkinji gezek kabul edilmeginiň 150 ýyllygyna bagyşlanan çärä 3000 çemesi adam gatnaşdy. (AFP/Yuriy Dyachyshyn)

Yrak, Haşid Şaabi milisiýasynyň agzasy YD jeňçilerine garşy Al-Alam şäherinde gazanylan ýeňşi mübärekleýär. (Roýters/Thaier Al-Sudani)

Pakistanly işçi Rawalpindi bazaryndan alan pagtasyny arabasyna alyp gelýär. 10-njy mart. (AFP/Farooq Naeem)

Adamlar söweşde weýran edilen binalaryň ýanyndan geçip barýar. Wuhlehirsk, Debaltseweniň günortasy, gündogar Ukraina. (AFP/John MacDougall)

Nebit getirýärkä relsden agyp otlanan otly,  Ontario, Kanada. (Roýters/MPP Glenn Thibeault/Handout via Reuters)

Guran düşekdaşylary toplaýan adam, Lahor, Pakistan. (Roýters/Mohsin Raza)

Zyýan ýeten ybadathana seredip duran aýal, Donetsk, Oktyabrski etraby. (Roýters/Marko Djurica)

Geçen ýylyň Ot baýramçylgynda feýerwerk partlamalarynyň yzyndan menek-menek bolan diwaryň gapdalyndan geçip barýan aýal. Tähran, 9-njy mart. (AFP/Behrouz Mehri)

Kubra Khademi, 27 ýaşyndaky owgan heýkelçisi jynsy süýkenmelere garşy protest bildirip döreden demir lybasynyň ýanynda otyr.  (AFP/Shah Marai)

Oliwenza baýramçylygynyň ikinji we soňky öküz söweşi, saýlama ispan torerosy Fransisko Riwera Ordonez öküziň aşagyna düşdi. Oliwenza, Badajoz, Ispaniýa, 8-nji mart. (epa)

Komiki nika eşigini geýen iki aýal Tbilisidäki köçe bazarynda surata düşýär.  (AFP/Vano Shlamov)

Yragyň şaýy söweşijileri YD jeňçileri bilen söweşde raketa atýarlar, Alam şäheriniň çeti. (Roýters/Thaier al-Sudani)